Şablon:Küştçi maglumat gutusy

Sven Magnus Øen Carlsen (Magnus Carlsen ady bilen tanalýar. Türkmençe: Magnus Karlsen.) (d. 30-njy noýabr 1990), Norwegiýaly grossmeýster, Küşt boýunça häzirki dünýä çempiony.

FIDE reýting sanawlarynda dünýäde 1-nji orundadyr. Ýeten iň ýokary reýtingi 2882-dir we bu reýting iň ýokary reýting rekordydyr. Karlsen "Küştüň Mozarty"(The Mozart of Chess) diýen tahallusa hem eýedir.[1]

Karlsen grossmeýstrlik titulyny 2004-nji ýylda gazandy we bu sepgide ýeten iň ýaş 3-nji grossmeýster boldy. 2010-njy ýylyň 1-nji Ýanwarynda 19 ýyl 32 gün ýaş bilen iň ýaş dünýä 1-nji belgilisi (FIDE sanawyna görä) boldy. 2013-nji ýylyň Ýanwarynda Karlsen FIDE sanawynda 2861 ELO ýetmek bilen taryhdaky iň ýokary derejäni elde etdi, 2013-nji ýylyň Noýabrynda şol wagtky dünýä çempiony Wişwanatan Anady ýeňmek bilen dünýä çempiony boldy. 2014-nji ýylda çempionlygyny Anand-a garşy üstünlikli gorady.

Çagalykda özüniň agressiw oýuny bilen tanalan Karlsen ýaşy ulaldykça uniwersal oýunça öwrüldi. Beýleki naýbaşy küştleriň tersine Karlsen açylyşlara ähmiýet bermezligi we bu saýada garşydaşlaryny geň galdyrandygy bellenip geçilýär[2][3].

Magnusuň akyl oýunlaryna bolan höwesi ýaňy 2 ýaşyndaka ýüze çykýar. Onuň söýüp oýnaýan oýunlarynyň käbirleri surat bölejiklerini dogry birleşdirip, bir bitewi suraty emele getirmek (puzzle) ýa-da 4 ýaşyndaka 10-14 ýaşlylar üçin niýetlenen 《LEGO》 oýnawaçlaryndan dürli şekilleri ýasamak bolupdyr. Himiýa inženeri bolan kakasy oňa 5 ýaşynda küşt oýnamagy öwredipdir. Emma, Magnusyň aýtmagyna görä, onuň asyl küşte bolan höwesi özüniň uly gyz doganyny küştde ýeňmäge bolan synanyşyklarynda has-da artypdyr. Şeýle-de ol 5 ýaşynda ähli Dünýä paýtagtlaryny ýatdan bilmek, olaryň baýdaklaryny tanamak bilen hem özüniň deňsiz-taysyz ýatkeşliginiň bardygyny görkezipdir.

Magnus Karlsen ilkinji gezek 8 ýaşynda Norwegiýanyň küşt çempionatyna gatnaşýar. Ol Norwegiýanyň ýokary sport mekdebinde ýurduň iň ussat küşt oýunçysy grossmeýter Saýmen Agdeşteýnden tälim alyp başlaýar. Her gün 3-4 sagat türgenleşmekdwn daşary, ol futbol oýnamagy, kitap okamagy we lyžada typmagy hem özüne pişe edinýär.

2004-nji ýyldan başlap halkara küşt çempionatlarynda üstünlükli çykyş edip, bütin Dünýä özüni tanadan Magnus Karlseni AmerikanyňWaşington Post》 gazeti 《Küştüň Mosarty》 diýip atlandyrýar. Şol ýylyň 17-nji aprelinde ol Dünýäniň öňki çempiony Anatoly Karpowy ýeňlişe sezewar edýär. Ol 2009-njy ýylda Garri Kasparow bilen hyzmatdaşlyk edip, ony özüniň tälimçisi hökmünde metbugat serişdelerine habar berýär. Şol ýyl 《Time》žurnaly tarapyndan geçirilen söhbetdeşlikde Kasparow bilen türgenleşiklerinde hiç hili küşt tagtasyny ýa-da kompýuteri ulanmaýandyklaryny aýdyp, göçümleri diňe ýatdan kesgitleýändiklerini mälim edýär. Iki ussat küştçiniň bu hyzmatdaşlygy 2011-nji ýyla çenli dowam edýär. Germaniýanyň 《Der Spiegel》žurnaly tarapyndan soralan sowallara ol: 《Kasparowa sagbolsun aýdýaryn. Men onuň kömegi bilen göçümleriň güýjüne we olaryň çylşyrymlylygyna has aýdyň göz ýetirdim we bu meniň üçin iň möhüm ders》-diyip jogap berýär.

2013-nji ýyl häzirki küşt çempiony Magnus Karlsen üçin aýgytly ýyl boldy. Ol şol ýylyň 9-22 noýabry aralygynda Hindistanda geçirilen Dünýä küşt çempionatynda ýer eýesi Wişwanatan Anandy ýeňip, dünýäniň täze küşt çempiony boldy. Ol oýnuň dowamynda Anand tarapyndan esilen hüjümleri ýeňillik bilen yza gaýtaryp, 5-nji, 6-njy we 9-njy oýunlarda ýeňiş gazanyp, Anandyň göýberen kiçijik kemçiliklerini öz bähbidime peýdalanmagy başardy we dünýäniň 16-njy küşt çempiony derejesine eýe boldy. Şol ýyl amerikanyň 《Time》žurnaly onuň adyny 《Dünýäniň iň täsirli 100 adamynyň》sanawynda görkezdi.

Onuň Dünýä çempionatyndaky garşydaşy Wişwanatan Anand: 《Magnusyň dogabitdi zehini bar. Pikirler oňa tebigy taýdan gelýär. Ol örän köpugurly we islendik ýagdaýdan baş alyp çykyp bilýär》-diýip norwegiýaly çempiona baha berýär. Anatoly Karpow bolsa: 《Magnus meniň döwrümde ösüp ulaldy, megerem, ol meniň oýunlarymy öwrenip şeýle ussat bolandyr. Ol islendik kemçiligi öz bähbidine öwrüp bilýänligi bilen tapawutlanýar》-diýen gülki gatyşykly pikirini aýdýar.

2017-nji ýylyň oktýabr aýyndan 2018-nji ýylyň ýanwaryna çenli Magnus 《Chess.com》 saýtynyň tiz oýnamak boýunça küşt çempionatynyň final tapgyrynda Gadir Guseýinow, Grişçuk, Hikaru Nakamura we So ýaly halkara derejedeli ussat küştçileri ýeňip, bassyr ikinji gezek bu bäsleşigiň çempiony boldy.

Magnus Karlsen Russiýanyň 《Küşt》žurnaly tarapyndan her ýyl gowşurylýan《Küşt Oskary》baýragynyň 5 gezek eýesi boldy. 2016-njy ýylda bolsa bu ussat küştçiniň durmuşyny beýan edýän Benžamin Riniň režissýorlugynda 《Magnus》atly film surata düşürildi.

Dünýä çempionluklary

düzet

2013 FIDE Dünýä küşt çempionaty

düzet

Karlsen 2013 Dünýä küşt çempionatynda 2013-nji ýylyň 9-22-nji dekabry aralygynda dünýä çempiony Anand bilen Hindistanyň Çennaýi şäherinde duşuşdy we 6,5–3,5 (5-nji, 6-njy we 9-njy oýunlarda Karlsen ýeňiş gazandy, beýleki oýunlar deňlikde tamamlandy) hasaby bilen ýeňiş gazandy. Şeýlelikde Karlsen täze dünýä çempiony boldy.[4][5]

Oýun netijeleri

düzet
  1. Karlsen vs Anand ½ - ½
  2. Anand vs Karlsen ½ - ½
  3. Karlsen vs Anand ½ - ½
  4. Anand vs Karlsen ½ - ½
  5. Karlsen vs Anand 1 - 0
  6. Anand vs Karlsen 0 - 1
  7. Anand vs Karlsen ½ - ½
  8. Karlsen vs Anand ½ - ½
  9. Anand vs Karlsen 0 - 1
  10. Karlsen vs Anand ½ - ½

2014 FIDE Dünýä küşt çempionaty

düzet

2014-nji ýylyň Dekabr aýynda Magnus Karlsen dalaşgärler bäsleşiginiň ýeňijisi Anand-a garşy çempionlyk täjini gorady. Duşuşyk Russiýanyň Soçi şäherinde 7-23-nji Dekabr senelerinde bolup geçdi 12 oýundan ybarat duşuşygyň 11-nji oýnunda Karlsen ýeňiş üçin gerek bolan 6.5 hasabyna ýetdi we duşuşykda 6.5-4.5 hasaby bilen ýeňiş gazandy. Şeýlelikde Karlsen Dünýä küşt çempiony täjini goramagy başardy.

Oýun netijeleri

düzet
  1. Anand vs Karlsen ½ - ½
  2. Karlsen vs Anand 1 - 0
  3. Anand vs Karlsen 1 - 0
  4. Karlsen vs Anand ½ - ½
  5. Anand vs Karlsen ½ - ½
  6. Karlsen vs Anand 1 - 0
  7. Anand vs Karlsen ½ - ½
  8. Anand vs Karlsen ½ - ½
  9. Karlsen vs Anand ½ - ½
  10. Anand vs Karlsen ½ - ½
  11. Karlsen vs Anand 1 - 0

2016 FIDE Dünýä küşt çempionaty

düzet

2016-njy ýylyň Mart aýynda Moskwada geçirilen Dalaşgärler bäsleşiginde ýeňiş gazanan Sergeý Karýakin Magnus Karlsen bilen çempionlyk üçin ýaryşdy. Çempionlyk duşuşygy ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde 2016-njy ýylyň 11-30-njy Noýabr senelerinde geçirildi. 12 oýundan ybarat duşuşykda hasap 6-6 bolmagy netijesinde deňlik bozmak üçin kesgitleýji tapgyra gidildi, bu tapgyrda 3-1 hasaby bilen ýeňiş gazanan Karlsen öz doglan güni bolan 30-njy Noýabrda çempionlyk täjini goramagy başardy.

Oýun netijeleri

düzet

Nusgawy oýun:

düzet
  1. Karlsen vs Karjakin ½ - ½
  2. Karjakin vs Karlsen ½ - ½
  3. Karlsen vs Karjakin ½ - ½
  4. Karjakin vs Karlsen ½ - ½
  5. Karlsen vs Karjakin ½ - ½
  6. Karjakin vs Karlsen ½ - ½
  7. Karjakin vs Karlsen ½ - ½
  8. Karlsen vs Karjakin 0 - 1
  9. Karjakin vs Karlsen ½ - ½
  10. Karlsen vs Karjakin 1 - 0
  11. Karjakin vs Karlsen ½ - ½
  12. Karlsen vs Karjakin ½ - ½

Çalt oýun:

düzet
  1. Karjakin vs Karlsen ½ - ½
  2. Karlsen vs Karjakin ½ - ½
  3. Karjakin vs Karlsen 0 - 1
  4. Karlsen vs Karjakin 1 - 0

Agzalmaga laýyk oýunlary

düzet

Bu bölümdäki ähli çykgytlar Wikipediýadan daşaradyr.

Salgylanmalar

düzet