Mihail Botwinnik
Mihail Botwinnik (Rusça: Михаи́л Моисе́евич Ботви́нник) (Doglan senesi: 17.08.1911ý - aradan çykan senesi: 5.05.1995ý) Dünýäniň altynjy küşt çempiony.
1911-nji ýylyň 17-nji awgustynda Sankt-Peterburg'da doglan Botwinnik 12 yaşynda küşde başlady. Ol küşde şeýle bir tiz ökdeledi welin, heniz 16 yaşyndaka grossmeýster adyna eýe boldy. 20 ýaşynda hem SSSR iň çempiony boldy. Elektrik boýunça bilýänleri hem küştden az däldir. 21 yaşyndaka elektrik ussasy boldy we 5 ýyl soň "Tehniki Ylymlarynyň Kandidaty diýen ada dalaşgär boldy".
Irginsiz türgenleşikleriň netijesinde Botwinnik indi küşt ägirtleriniň hatarynda görkezilýärdi. SSSR-iň küşt çempionatyna her ýyl gatnaşyp 7 gezek birinji orny eýelemegi başardy we bu barada rekord goýdy. Botwinnik ol ýyllarda halkara ýaryşlara gatnaşyp dünýäniň çempionlarynyň hem gatnaşýan ýaryşlaryna gatnaşyp baýrakly orunlara mynasyp boldy. 1936-njy ýylda meşhur Nottingham-da geçirilen ýaryşda Maks Eýwe, Alýohin, Lasker we birnäçe küştçiden öňe saýlanyp Kapablanka bilen 1-nji orna eýe boldy. Gitdigiçe ökdeledi we 1941-1947-nji ýyllar aralygynda 8 ýaryşyň 8-sini hem 1-njilik bilen tamamlady. Bu rekordy ozal hiç kim goýup bilmän eken.
Ol wagtlar küşt çempiony Alýohindady. Uzak wagtlyk kösençlikden soň ahyry Alýohin bilen Botwinnik arasynda oýun oýnalmagyna karar berildi. Botwinnik bu oýuna gowy taýýardy. Emma, oýun oýnalmanka 1946-njy ýylda Alýohin aradan çykdy.
Ahyry, 1948-nji ýylda FIDE dünýä çempionaty geçirdi, Botwinnik bu ýaryşda 2-nji ýer bilen 3 utuk aratapawut bilen birinji bolmagy başardy we dünýäniň küşt boýunça altynjy çempiony boldy. Ol bu ýaryşda dünýäniň iň ussat küştçilerine garşy oýnap Smyslowy 3-2, Keresi 4-1 Reşewskini 3,5-1,5 we Dr. Eýwäni 3,5-1,5 ýeňdi.
Botwinnik dünýäniň küşt çempiony diýen adyny 15 ýyl saklamagy başarandyr.
1951-nji ýylda Botwinnik tas ýeňilýärdi. Dalaşgärler ýaryşynyň ýeňijisi 27 ýaşyndaky Deýwid Bronşteýn Botwinnik bilen dünýä çempionaty oýnuny oýnamaga hukuk gazanypdy. Bronşteýn Botwinnik bilen oýnunda örän ökde oýnap 24 oýnyň dowamynda deň oýnamagy başarypdy. Emma, FIDE-niň şol wagtky kanunlaryna görä, Botwinnik çempionlygyny ýitirmedi. Botwinnik 3 ýyl soň 1954-nji ýylda Smyslow bilen dünyä çempionlygy oýny oýnady we bu oýun hem 12-12 deňlik bilen tamamlandy. Şeýlelik bilen, Botwinnik öz adyny goramagy başardy.
1957-nji ýylda geçiriljek çempionata örän gowy taýýarlanan Wasiliý Smyslow durnukly, sowukganly oýny bilen dünýäniň çempiony bolmagy başardy. Emma, bir ýyl soň geçirilen rewanş oýnunda Botwinnik çempionlygyny yzyna aldy. Aslynda, hiç kim Botwinnigiň ikinji gezek ýeňjegine ynananokdy. Emma, Botwinnik oýunlarda garşydaşynyň gowşaklyklaryny tapyp, şoňa hüjüm etmek, tertipli türgenleşik, konsatrasiýa we irginsiz türgenleşik stillerini ulandy we çempion boldy.
1960-njy ýylda Botwinnik ýaş Mihail Taldan ýeňildi we çempion diýen adymy ýitirdi. Emma, ynanyp bolmajak ýagdaýda 50 ýaşyndaky Botwinnik Taly rewanş oýnunda uly aratapawut bilen ýeňip adyny ýene-de yzyna aldy.
1963-nji ýylda dünýä çempionlygy üçin oýnalan 25-nji oýun Mihail Botwinnigiň soňky dünýä çempionlygy oýny boldy. Mihail Botwinnik karýerasynda 8 gezek çempionlyk ugrunda oýnapdyr. 25 oýun oýnalandan soň demir Petrosýan lakamly Tigran Petrosýan dünýäniň küşt çempiony boldy. 15 ýyllyk çempionlygyndan soň küştüň ägirdi dünýäniň küşt çempionaty karýerasyny tamamlady.
Petrosýan bilen oýnundan soň dünýä çempionlygy ýaryşlaryna gatnaşmady. Ol şol ýyllarda küşt kompýuteri bilen meşgul boldy. Şonda-da ol bitnäçe ýaryşlarda 200 oýun oýnap, baýrakly orunlara mynasyp boldy. SSSR de geçirilýän topar boýunça ýaryşlara gatnaşmagy dowam etdi we baýrakly orunlara mynasyp boldy. Bu ýaryşlarda birnäçe güýçlileri ýeňmegi başardy. 1964-nji Smyslowy, Steini we Petrosýany, 1966-njy ýylda bolsa, Spasskyny, Smyslowy we Keresi we başgada birnäçe ägirtleri ýeňmegi başardy. Botwinnik öz döwrüniň küşt düşünjesini ösdürmäge ägirt uly goşantlar goşdy. Botwinnigiň stili häzirki döwürde hem ulanylýar we birnäçe ýaş küştçülere görelde görkezilýär.bulunmuştur.