Muhammetguly Atabaýew
Bu makalada hiç bir maglumat hakynda salgylanma ýok. |
Muhammetguly Atabaýew - Ilkinji türkmen magaryfçysy, ýerli milletden çykan ilkinji mugallymlaryň biri.
Muhammetguly Atabaýew 1885-nji ýylda Zakaspiý oblastynyň Aşgabat uýezdiniň Durun pristawlygynda, /häzirki Baharly etrabynyň Nohur obasy/ dünýä inýär. 1905-nji ýyla çenli rus-ýerli mekdep internadynda okaýar. Soňra Daşkentde 3 ýyllyk mugallymçylyk seminariýasyny gutarýar. 1909-njy ýylda Sankt-Peterburg şäherindäki tomusky mugallymçylyk kurslarynda bilimini artdyrýar. 1908-1913-nji ýyllar aralygynda 5 ýyllap Mary şäherindäki rus-ýerli mekdebiniň mugallymy bolup işleýär. Ondan soň Aşgabat uýezdiniň uprawleniýasynda terjimeçi bolup işleýär. 1914-nji ýylyň dekabryndan 1915-nji ýylyň apreline çenli ilkinji türkmen neşiri bolan “Ruzname-yi mawera-yi bahri Hazar” atly rus we türkmen dillerinde çykýan gazetde zähmet çekýär. Şol ýylyň aprel aýyndan dekabr aýyna çenli Çeleken adasyndaky täze açylan mekdepde mugallymçylyk edýär. Ondan soň öz dogduk obasy Nohurda täze mekdep açyp, şol ýerde tä ömrüniň ahyryna çenli işleýär.
Ilkinji türkmen magaryfçylarynyň biri Muhammetguly Atabaýew 1916-njy ýylyň 2-nji martynda 31 ýaşynyň içinde aradan çykýar.
Muhammetguly Atabaýew 1914-1916-njy ýyllar aralygynda “Ruzname-yi mawera-yi bahri Hazar” atly ilkinji türkmen metbugatynda örän aktiw çykyş edipdir. Öz döwrüniň çylşyrymly meseleleri babatda dürli mowzukly makalalary çap etdiripdir.