Nezr (arap. نذر‎‎ — nezir) – bir kişiniň ybadat görnüşindäki bir zady (dini taýdan jogapkär bolmasa-da) özüne wajyp kylmagy diýmekdir. Başgaça aýtsak, kişiniň farz ýa-da wajyp ybadaty amal etjekdigine Allah Tagala söz berip, boýnuna borç almagydyr.

Nezir etmek – ynsanyň arzuw eden zadyna ýetmek ýa-da duýdansyz gelen beladan goranmak üçin Allahyň ýardamyna tama bilen edýän dini amalydyr. Muňa ähli dinlerde we medeniýetlerde duş gelinýär.

Dürli dinleriň we milletleriň däp-dessurynda şol bir düşünje bilen agaçlara, mukaddes saýylan ýerlere esgi daňmak, ybadat ýerlerinde şem ýakmak, käbir ýagdaýda käbir haýwany gurban etmek, oraza ýa-da berhiz maksady bilen iýlip-içilýän zadyň käbirinden we jynsy gatnaşykdan daş durmak, arzuw eden zadyna ýetýänçä käbir keýpi-sapany terk etmek ýaly nezirlere duş gelinýär. Bu nezirlerde dini, psihiki sebäpler hem bolup biler, ýöne olaryň aslynda Allaha şükür etmek we Onuň ýardamyny islemek ýatandyr. Yslamyýetden öňki arap halklarynda hem ýokardakylara meňzeş görnüşdäki nezirler bolupdyr. Yslam dini ynsandaky dindarlyk duýgusy we ruhy kanagatlandyrmak niýeti bilen baglanyşygy bolan bu dessurlary düýbünden gadagan etmändir. Ýöne käbir çäklendirmeleri we tertip-düzgünleri girizip, özüne mahsus bir şekil beripdir.

Kuranda berlen sözde durulmagy, äht we şertnama boýun egmegi (Maide,1; Isra 34), Allaha berlen sözüň ýerine ýetirilmegi, (Nahl, 91) emr edilýär. Edilen neziriň ýerine ýetirilmegi buýrulýar, (Haj, 29). Kişiniň nezirini amal etmegi ýagşy häsiýet saýylýar, (Ynsan, 7). Hadyslarda Pygamberimiz Allaha tagat görnüşindäki neziriň ýerine ýetirilmegini emr edip, Allaha isýan ýa-da magsyýet görnüşindäki neziri ýerine ýetirmezligi ündäpdir, (Buhary, Müslim, Ebu Dawud).

Käbir hadysda bolsa, Pygamberimiziň nezir etmegi känbir halamandygy görünýär. Meselem, bir hadysynda: «Nezir peýda bermez, diňe gysganjyň malyny kemelder», (Buhary, Müslim). Şonuň üçin Ymam Şafygy we Ahmet b. Hanbel nezir etmegiň mekruhdygyny aýdypdyr. Hanefi alymlary bolsa, Allaha ybadat we tagat görnüşindäki nezriň mubahdygyny belläpdir. Bir ybadatyň amal edilmegine wesile bolandygy üçin muny müstehap saýanlar hem bardyr. Mälikiler ýöne nezir etmegi mendup, şertli neziri bolsa mubah saýýarlar.

Tema bilen baglanyşykly hadyslar we yslam alymlarynyň garaýyşlaryna seredilende, hiç hili dünýewi bähbit tama etmezden, diňe Allahyň razylygyny gazanmak we Oňa şükür niýeti bilen, nezir etmegiň hiç hili zeleli ýokdur. Takdyryň üýtgemegine wesile bolmak islegi bilen Allahyň razylygyndan daşlaşyp, belli şertler esasynda nezir etmek makul däldir.

Nezir Allahyň ýazan takdyryny üýtgetmez, musulmanyň muny bilip, geljekde boljak bir zadyň peýdaly bolmagyny arzuw edip, Allah Tagala ýalbarmagy, munuň hakykata öwrülmegine wesile bolmak üçin sadaka we ybadat görnüşinde nezir etmegi ygtykat taýyndan hatarly görlüpdir. Fykyh alymlarynyň şertsiz neziri has makul görmegi, onda ybadat niýetiniň has anyklygy sebäplidir. Dünýewi bähbidi maksat edinen şertli nezir bolsa, Allah bilen söwdalaşmak ýaly ýakymsyz häsiýete eýedigi üçin, ybadat niýeti bolsa-da, seresap bolmak ündelipdir, hat-da halanmadyk ýeri hem bolupdyr. Muňa garamazdan, Allaha ysýan we magsyýetden başga islendik görnüşde nezir edilse, onuň ýerine ýetirilmegi dini taýdan wajyp saýylypdyr.

Nezir etmegiň dürs bolmagynyň şertleri

düzet

Edilen neziriň dürs bolmagy üçin, nezir eden kişi we nezir edilen zat bilen baglanyşykly käbir şertler bardyr. Neziriň dürs bolmagy üçin nezir eden kişiniň musulman, akyly ýerinde, kämillik ýaşyna ýeten bolmalydyr. Çünki nezir etmek üçin hökman bir ybadat ýerine ýetirilmeli. Munuň üçin bolsa, mükelleflik zerur. Hanefi alymlary gahar edip ýa-da degşip aýdylan nezir hem berjaý edilmeli diýip belläpdir.

Neziriň dürs bolmagy üçin nezir edilen zatdan şu şertler talap edilýär:

  1. Nezir edilen zadyň farz ýa-da wajyp ybadat bolmagy hökmandyr. Meselem: namaz okamagy, oraza tutmagy, sadaka bermegi, gurban kesmegi öz içine alýan nezir makuldyr. Hassanyň halyny soramak, horaz öldürmek, süýji-köke paýlamak ýaly, il arasyndaky däp-dessurlar nezir bolmaýar.
  2. Nezir edilen zat: farz ýa-da wajyp bir ybadata wesile bolmaly däldir. Meselem: taharet kylmagy, azan we kamat aýtmagy nezir etmek dürs däldir. Çünki bu amallar kişini Allaha ýakynlaşdyrsa-da, olar özbaşyna ybadat däldir.
  3. Nezir edilen zat kişiniň şol wagt ýa-da geljekde ýerine ýetirmegi farz ýa-da wajyp ybadaty bolmaly däldir. Meselem, witir namazyny okamak, remezan orazasyny tutmak nezir edilmeýär.
  4. Nezir edilen zadyň berjaý edilmegi, dini we maddy taýdan mümkin we meşrug bolmalydyr. Meselem, gijesine oraza tutmagy, aýallaryň aýbaşylyka oraza tutmagy nezir etmegi. Ebu Hureýräniň gürrüň beren bir hadysynda şeýle aýdylýar: «Bir aýal Beýtullaha pyýada gitmegi nezir etdi. Bu ýagdaý barada Allahyň Resulyndan soralanda şeýle diýdi: «Allahyň onuň ýöremegine mätäçligi ýokdur. Oňa aýdyň, ulaga münsün», (Tirmizi).
  5. Nezir edilen mal başganyň maly bolmaly däldir.
  6. Nezir edilen amalda Allaha ysýan, bid'at, günä we magsyýet bolmaly däldir. Meselem, «Şu işim başa barsa, ogurlyk etjek, şerap içjek» diýmek bolmaýar. Pygamberimiz bu barada şeýle buýurýar: «Allaha ysýana eltýän ýagdaýda nezir ýokdur», (Müslim, Ebu Dawud). Başga bir hadysynda bolsa:«Kimde-kim Allaha ytagat etmegi nezir eden bolsa, ytagat etsin. Kimde-kim Allaha asy bolmagy nezir etse, Oňa asy bolmakdan saklansyn» diýýär.

Neziriň hökümi

düzet

Haýsy-da bolsa bir şerte we wagta baglanmaýan – mutlak nezirler. Nezir edilenden soň, ilkinji amatly pursatda amal edilse, ol iň laýygydyr. Bir şerte baglanan nezir bolsa, şol şerte laýyklykda amal edilýär. Şert bolmasa-da nezir ýerine ýetirilse, edilen ybadat nafile saýylýar. Meselem, haýsy-da bolsa bir işi biten ýagdaýynda üç gün oraza tutmagy nezir eden kişi, işi bitmese-de agzyny beklese, onuň orazasy nafile bolar.

Şertli nezirlerden biri hem janly aýtmakdyr. Bu halkymyzyň arasynda giňden ýaýrapdyr. Bu meselede seresap bolmaly. Munda bilmän Allaha şirk goşulmagy mümkindir. Meselem, «Pylany sag-aman gelse ýa-da keselden gutulsa, pylan öwlüýänyň adyna gurban kesjek» diýip, nezir eden kişi, nezirini şeýle ýerine ýetirmelidir: «Öwlüýä ýoluna» diýmän «Allah ýoluna», «Hudaý ýoluna» diýip, sogabyny «pylan» öwlüýä bagyşlamagy niýet etmelidir. «Bismillähi Allahu Ekber» diýip, damak çalmalydyr. Damak çalnanda «Ýa, pylan öwlüýä!» diýip öwlüýäniň ady tutulmaly däldir. Başda edilen niýet ýeterlikdir. Diňe öwlüýäniň ady tutulyp kesilse, şol mal haram bolýar, hem-de Allaha şirk goşulýar. Nezir eden kişi bu nezirini öwlüýä gitmän, öýünde hem berjaý edip bilýär. Belki, bu neziri öýüňde etmek has gowudyr.

Nezir gurbanynyň etinden nezir eden kişiniň özi we maşgala agzasy iýse dürs däldir. Onuň hemmesi garyp-mätäçlere paýlanmalydyr. Eger iýiljek bolsa, iýlen mukdarynyň bahasy sadaka hökmünde mätäçlere berilmelidir.

Ýerine ýetirilmegi geljek bir wagta bellenen nezir bolsa, Ymam Agzam we Ebu Ýusufa görä, şol wagta garaşman öňünden hem amal edilip bilner. Ymam Muhammet, Ymam Şafygy we hanbeliler sadaka ýaly maly ybadatda şu pikirdedir. Ýöne namaz, oraza ýaly, beden bilen amal edilýän ybadaty wagty gelmezden öň berjaý etmek dürs däldir. Meselem, belli bir günde hassalykdan sagalsa, üç gün oraza tutmagy nezir eden kişi şol gün sagalsa, üç günläp oraza tutmalydyr. Ol muny sebäpsiz berjaý etmese günädir. Pursat tapan ilkinji güni kazasyny tutmalydyr.

Döremegi islenmeýän bir şerte bagly nezir eden kişi, meselem, ýalan sözlemezlige, erbet amallary etmezlige nezir etse, ýagny «Indi gaýdyp içgi içmerin, içäýsem bir aý oraza tutaryn» diýse, ýöne sözünde durup bilmese, oraza tutup nezirini berjaý etmeli ýa-da ýemin (kasam) keffaretini tölemelidir. Käbir alymlar bu ýagdaýda ýemin keffaretini tölemegiň has makuldygyny aýdypdyrlar. Çünki bu ähtleşmek kasam saýylýar.

Sadaka bermek bilen baglanyşykly nezirde mekan, zaman we şahs taýyndan bir zat bellense-de, olara görä amal etmek hökman däldir. Meselem, «Pylan wagtda mesjide haly ýazjak», «Pylan şäheriň garyplaryna sadaka paýlajak» diýip, nezir eden bu nezirini başga bir wagtda ýa-da başga bir ýerde ýerine ýetirip bilýär.

Maddy nezir borjy bolup, dünýäden öten bir kişi, bu borjy amal etmegi wesýet eden bolsa, terekesinden berilýär. Wesýet etmedik bolsa, mirasdarlary öz isleglerine görä amal edýärler.

Haýsy-da bolsa bir şerte we wagta baglanmaýan – mutlak nezirler.

düzet

Nezir edilenden soň, ilkinji amatly pursatda amal edilse, ol iň laýygydyr. Bir şerte baglanan nezir bolsa, şol şerte laýyklykda amal edilýär. Şert bolmasa-da nezir ýerine ýetirilse, edilen ybadat nafile saýylýar. Meselem, haýsy-da bolsa bir işi biten ýagdaýynda üç gün oraza tutmagy nezir eden kişi, işi bitmese-de agzyny beklese, onuň orazasy nafile bolar.

Şertli nezirlerden biri hem janly aýtmakdyr. Bu halkymyzyň arasynda giňden ýaýrapdyr. Bu meselede seresap bolmaly. Munda bilmän Allaha şirk goşulmagy mümkindir. Meselem, «Pylany sag-aman gelse ýa-da keselden gutulsa, pylan öwlüýänyň adyna gurban kesjek» diýip, nezir eden kişi, nezirini şeýle ýerine ýetirmelidir: «Öwlüýä ýoluna» diýmän «Allah ýoluna», «Hudaý ýoluna» diýip, sogabyny «pylan» öwlüýä bagyşlamagy niýet etmelidir. «Bismillähi Allahu Ekber» diýip, damak çalmalydyr. Damak çalnanda «Ýa, pylan öwlüýä!» diýip öwlüýäniň ady tutulmaly däldir. Başda edilen niýet ýeterlikdir. Diňe öwlüýäniň ady tutulyp kesilse, şol mal haram bolýar, hem-de Allaha şirk goşulýar. Nezir eden kişi bu nezirini öwlüýä gitmän, öýünde hem berjaý edip bilýär. Belki, bu neziri öýüňde etmek has gowudyr.

Nezir gurbanynyň etinden nezir eden kişiniň özi we maşgala agzasy iýse dürs däldir. Onuň hemmesi garyp-mätäçlere paýlanmalydyr. Eger iýiljek bolsa, iýlen mukdarynyň bahasy sadaka hökmünde mätäçlere berilmelidir.

Ýerine ýetirilmegi geljek bir wagta bellenen nezir bolsa, Ymam Agzam we Ebu Ýusufa görä, şol wagta garaşman öňünden hem amal edilip bilner. Ymam Muhammet, Ymam Şafygy we hanbeliler sadaka ýaly maly ybadatda şu pikirdedir. Ýöne namaz, oraza ýaly, beden bilen amal edilýän ybadaty wagty gelmezden öň berjaý etmek dürs däldir. Meselem, belli bir günde hassalykdan sagalsa, üç gün oraza tutmagy nezir eden kişi şol gün sagalsa, üç günläp oraza tutmalydyr. Ol muny sebäpsiz berjaý etmese günädir. Pursat tapan ilkinji güni kazasyny tutmalydyr.

Döremegi islenmeýän bir şerte bagly nezir eden kişi, meselem, ýalan sözlemezlige, erbet amallary etmezlige nezir etse, ýagny «Indi gaýdyp içgi içmerin, içäýsem bir aý oraza tutaryn» diýse, ýöne sözünde durup bilmese, oraza tutup nezirini berjaý etmeli ýa-da ýemin (kasam) keffaretini tölemelidir. Käbir alymlar bu ýagdaýda ýemin keffaretini tölemegiň has makuldygyny aýdypdyrlar. Çünki bu ähtleşmek kasam saýylýar.

Sadaka bermek bilen baglanyşykly nezirde mekan, zaman we şahs taýyndan bir zat bellense-de, olara görä amal etmek hökman däldir. Meselem, «Pylan wagtda mesjide haly ýazjak», «Pylan şäheriň garyplaryna sadaka paýlajak» diýip, nezir eden bu nezirini başga bir wagtda ýa-da başga bir ýerde ýerine ýetirip bilýär.

Maddy nezir borjy bolup, dünýäden öten bir kişi, bu borjy amal etmegi wesýet eden bolsa, terekesinden berilýär. Wesýet etmedik bolsa, mirasdarlary öz isleglerine görä amal edýärler.

Şeýle-de

düzet

Salgylanmalar

düzet