Polşa baýdagy
Polşanyň baýdagy — Polşanyň milli baýdagy iki sany deň ululykdaky gorizontal zolakdan durýar, ýokarky zolak - ak we aşakysy gyzyl. Baýdagyň taraplarynyň gatnaşygy 5:8 (in:uzynlyk). Şeýle-de Polşanyň döwlet baýdagynda ýokarky zolagyň ortarasynda gerb ýerleşdirilendir. 2004-nji ýyldan bäri Polşanyň baýdak baýramçylygy maý aýynyň 2-sine bellenilýär.
Taryhy
düzetPolýaklar ozaldan bäri orta asyrlarda ýüzüne ak bürgüdiň suraty çekilen gyzyl baýdak ulanypdyrlar. Şeýle baýdagyň astynda korol Wladislaw Ýagaýlonyň polýak goşuny 1410-njy ýylda Grünwald söweşine gatnaşypdyr. Sigizmund III Wazanyň baýdagy üç zolakdan (ýokarky we aşaky – gyzyl we ortada ak) ybarat bolupdyr. Wladislaw IV we Ýan II Kazimiriň baýdaklary dört zolakdan ybarat bolupdyr (ýokardan birinji we ikinji – gyzyl, ýokardan ikinji we dördünji – ak). Ol baýdaklarda döwlet gerbi ýerleşdirilipdir. Awgust II Güýçliniň dolandyran döwründe polýak ulanlarynyň tuwulgalaryna ak lentalar berkidilipdir. Dörtýyllyk seým (1788 – 1792) gyzyl-ak lentalar peýda bolupdyr. Milli baýdak resmi taýdan 1831-nji ýylyň 7-nji fewralynda Seým tarapyndan tassyklanyldy. Gyzyl-ak baýdaklar we lentalar XIX asyrdaky milli gozgalaňlaryň simwoly hökmünde ulanylypdyr. 1918-nji ýylda Polşanyň garaşsyzlygy dikeldileninden soňra gyzyl-ak baýdak 1919-njy ýylyň 1-nji awgustynda milli baýdak hökmünde tassyklanyldy we şondan bäri ol hiç hili üýtgedilmedi.
Bu baýdagy makala ownuk makaladyr. Ony üýtgetmek hem-de ösdürmek arkaly Wikipediýa kömek edip bilersiňiz. |