Rejep Taýýyp Erdogan

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti
(Rejep Taýýyp Ärdogan sahypasyndan gönükdirildi)

Rejep Taýýyp Erdogan (türk. Recep Tayyip Erdoğan) 1954-nji ýylyň fewral aýynyň 26-na Ystanbul şäheriniň Beýogly etrabynyň Kasympaşa diýen ýerinde eneden bolýar. Şu wagt Erdogan, Türkiýe Respublikasynyň 12-nji Prezidentidir. 2003-2014 ýyllar arasynda Türkiýäniň baş bakany wezipesinde işleýär. Taýýyp Erdogan 1994-98 ýyllary arasynda Ystanbul şäheriniň häkimi wezipesinde işleýär. 2001-de ýüze çykan syýasy krizisden soňra gurulan Adalat we Galkynyş Partiýasynyň başlygy wezipesini 2014-nji ýylyň awgust aýynda Prezidentlige saýlanýança dowam edýär. Adalat we Galkynyş Partiýasy Erdogan liderliginde 2002,2007 we 2011 Respubilika saýlawlarynda 1-nji partiýa bolup çykýar we ministirler kabineti gurýandyrlar.

  • Syýasy geçmişi

Erdogan 1970-nji ýyllarda Türkiýede bar bolan "Yslamçy" partiýa bolan Milli Gutylyş Partiýasynda (türk. Millî Selamet Partisi) (1972-1981) syýasy durmyşyna başlaýar. Bu partiýa 1980-nji ýyldaky harby rewelusiýada ýapylanyndan soňra 1983-1998 ýyllar arasynda Refah Partiýasynda, bu partiýa gadagan edileninden soňra, 1998-2001 ýyllar arasynda bolsa Fazilýet Partiýasynda syýasata dowam edýär.

2021-nji ýylyň 27-nji Noyabrynda Türkmenistanda syýahat etdi

Aýaly Emine Erdogan we 4 çagasy bardyr