Russiýanyň milli futbol ýygyndysy

Russiýanyň milli futbol ýygyndysy (Rusça: национа́льная сбо́рная Росси́и по футбо́лу, natsionalnaya sbarnaya Rossii pa futbolu), halkara futbol bäsleşiklerinde Russiýa wekilçilik edýär we Russiýada futboly dolandyrýan Russiýa futbol bileleşigine (Rusça: Российский Футбольный Союз, Rossiýskiy Futboľnyý Soýuz) tabyn.UEFA

Russiýanyň milli futbol ýygyndysy
Konfederasiýa:UEFA
Baş tälimçi:Walery Karpin
Kapitan:Aleksandr Golowin
Maksatlaryň köpüsi:Oleg Blokin (42)
Oýunlaryň köpüsi:Serhey Ignaşewiç (127)

Taryhy

düzet

SSSR-iň milli futbol ýygyndysy

düzet

Häzirki Russiýa Federasiýasynyň çäklerinde futbol federasiýasy 1912-nji ýylyň ýanwar aýynda Sankt-Peterburg şäherinde döredildi. Şol ýyl FIFA-nyň agzasy bolan SSSR-iň ýygyndysy ilkinji resmi we halkara duşuşygyny 1924-nji ýylda Türkiýäniň topary bilen geçirýär we 3–0 hasabynda ýeňiş gazanýar. Ilki-ilkiler Russiýa imperiýasynyň topary, soňra köp ýyllaryň dowamynda SSSR-iň, gysga wagtlyk hem bolsa, GDA-nyň ýygyndysy atlary bilen çykyş edýär. SSSR-iň düzüminde iň köp çykyş eden oýunçy Oleg Blohin bolup, ol iň netijeli oýunçylaryň sanawynda-da birinji hatarda durýar. 1972–1988-nji ýyllar aralygynda çykyş eden Blohin 112 oýunda 42 gol geçirýär. Şeýle-de SSSR iň soňky resmi duşuşygyny 1991-nji ýylda Kipr bilen geçirýär we 3–0 hasabynda ýeňýär. Iň uly tapawutly ýeňşinde Hindistandan 11–0 hasabynda üstün çykýar (1955). Iň uly tapawutly ýeňlişinde Angliýanyň ýygyndysyndan 5–0 utulýar (1957).

Russiýanyň milli futbol ýygyndysy

düzet

Russiýanyň ýygyndysy ady bilen ilkinji duşuşyk 1992-nji ýylyň 16-njy awgustynda Meksika bilen geçirilýär we 2–0 hasabynda ýeňiş gazanylýar. Russiýanyň ýygyndysynda iň köp oýun geçiren futbolçy Sergeý Ignaşewiç bolup, ol 120 duşuşykda meýdança çykdy (8 gol). Iň netijeli futbolçy-da Aleksandr Keržakowdyr – 91 oýunda 30 gol.

FIFA Dünýä çempionatlary

düzet

Russiýanyň milli ýygyndysy ilkinji gezek Dünýä çempionatynana 1994-nji ýylda gatnaşýar. Russiýa futbol ýygyndysy SSSR-iň mirasdüşeridir, SSSR-iň ýygyndysy 1958-nji ýyldan başlap Dünýä çempionatlarynda çykyş edip ugraýar. Ozalky SSSR-iň ýygyndysy 1958–1990-njy ýyllar aralygynda geçirilen 9 Dünýä çempionatynyň 7-sine gatnaşýar. 31 oýunda 15 ýeňiş gazanýar. 6 saparam deňme-deň oýnap, 10 duşuşykda-da utulýar. Şol 7 çempionatyň iň soňkusyndan galanynda toparçadan çykmagy başarýar. Iň şowly çykyş eden çempionaty-da Angliýa–1966 Dünýä Kubogy bolýar. SSSR-iň topary bu ýaryşda 4-nji ýeri eýeleýär. Şol 31 duşuşykda 53 gol geçiren Sowetler, 34 top geçirdýär.

FIFA Dünýä çempionaty 1958

düzet

Dünýä kubogynyň saýlama tapgyrynda polýaklary we finleri yzda galdyrýar. DÇ 1958-de toparçada Angliýa bilen 2–2 oýnaýar. Soňra Awstriýany Anatoliý Ilýin we Walentin Iwanowyň gollary bilen ýeňýär (2–0). 3-nji duşuşygynda Braziliýadan 2–0 ýeňilse-de, çärýek finala çykýar. Çärýek finalda ýer eýesi Şwesiýa bilen duşuşyp, Hamrin we Simonssonyň gollary esasynda 2–0 hasabynda utulýar.

FIFA Dünýä çempionaty 1962

düzet

SSSR 1962-nji ýylda Çilidäki ýaryşyň toparçalarynda 2 ýeňiş, 1 deňlik gazanýar. Çärýek finalda ýer eýeleri Çili bilen gabatlaşýar. Olar bu saparam ýer eýelerinden utulýar (2–1).

FIFA Dünýä çempionaty 1966

düzet

1966-njy ýylda Angliýada geçirilen 8-nji Dünýä çempionatynda SSSR 4-nji toparça düşýär. Demirgazyk Koreýany 3–0, Italiýany 1–0, Çilini-de 2–1 hasabynda ýeňen öňki Soýuzyň ýygyndysy çärýek finalda-da wengerlerden üstün çykýar (2–1). Ýarym finalda Günbatar Germaniýanyň ýygyndysyndan 2–1 asgyn gelen SSSR üçin bu çempionat iň şowly Dünýä Kubogy bolýar. 3-nji ýer ugrundaky oýunda-da SSSR Eýsebioly Portugaliýadan 2–1 utulyp, 4-nji ýeri eýeleýär.

FIFA Dünýä çempionaty 1970

düzet

1970-nji ýylda Meksikadaky Dünýä çempionatyna-da gatnaşan SSSR toparçada 1-nji ýeri eýeleýär. Çärýek finala çykyp, Urugwaýdan goşmaça wagtda 1–0 (Esparrago 117) hasabynda utulýar.

FIFA Dünýä çempionaty 1982

düzet

1982-nji ýylda Ispaniýadaky çempionata ýeňliş bilen başlaýar (Braziliýadan 2–1). Täze Zelandiýany 3–0 utup, şotlandlar bilen 2–2 deňme-deň oýnaýar we 2-nji tapgyra çykýar. 2-nji tapgyrda Belgiýany 1–0 utup, Polşa bilen 0–0 deňme-deň oýnaýar we gol tapawudy bilen 2-nji orny eýeleýär.

FIFA Dünýä çempionaty 1986

düzet

1986-njy ýylda Meksikada “C” toparçada Wengriýany 6–0, Kanadany-da 2–0 utýar. Fransiýa bilen 1–1 deňme-deň oýnaýar. 1/8 finalda taryhy duşuşykda Belgiýadan goşmaça wagtda 4–3 ýeňilýär. SSSR-iň gollarynyň üçüsinem Igor Belanow derwezä girizýär.

FIFA Dünýä çempionaty 1990

düzet

Italiýa–1990 Dünýä Kubogy ozalky Soýuzyň gatnaşan soňky Dünýä çempionaty bolýar. “B” toparçada Rumyniýadyr Argentinadan 2–0 utulan SSSR Waleriý Nepomnýaşiýiniň tälimçiligindäki Kameruny 4–0 hasabynda ýeňýär. Bu ýeňiş 2-nji tapgyr üçin ýeterlik bolmaýar.

FIFA Dünýä çempionaty 1994

düzet

1994-nji ýylda ABŞ-daky Dünýä kubogynda çykyş eden ruslar Braziliýadan 2–0, Şwesiýadanam 3–1 hasabynda utulýar. Soňky oýnunda-da Kamerunda 6–1 hasabynda üstün çykýar. Bu duşuşykda 5 gol geçiren Oleg Salenko Dünýä çempionatlarynda 1 duşuşykda 5 gol geçiren ilkinji we häzirlikçe ýeke-täk futbolçy bolmagynda galýar.

FIFA Dünýä çempionaty 2002

düzet

Günorta Koreýa bilen Ýaponiýanyň bilelikde guran ýaryşynda-da toparçadan çykmak başartmaýar. Tunisi 2–0 utup, ýaryşa başlan ruslar ýaponlardan 1–0, Belgiýadanam 3–2 hasabynda utulýar.

FIFA Dünýä çempionaty 2014

düzet

Russiýanyň ýygyndysy 2014-nji ýylda Braziliýadaky bäsleşikde Kapellonyň ýolbaşçylygynda şowsuz çykyş edýär. 1-nji we 3-nji duşuşygynda Günorta Koreýadyr Alžir bilen deňme-deň oýnap, 2-nji oýnunda-da Belgiýadan 1–0 hasabynda asgyn gelýär.

Çeşme

düzet

ÝER EÝESI - RUSSIÝA Archived 2017-11-25 at the Wayback Machine, Zaman Türkmenistan. 14/08/2018 senesinde ulaşyldy.