Ýer ýüzünde maýyplyga we ölümçilige getirýän ýürek-damar, onkologiki keseller bilen bir hatarda, süýji keseli (lat. diabetes mellītus) hem uly kynçylyklara getirýändir.

Gerbi

Süýji keseli adamzada gadymy zamanlardan bäri bellidir. Bu kesel barada birinji maglumatlar b.e. öň 1550-nji ýyla degişli bolan golýazmalarda duş gelýär.

Keseliň alamatlarynyň biri bolan – näsagyň peşewiniň süýjüligi barada gündogar alymy, lukman Awisenna hem belläp geçipdir. Süýji keseliň häsiýetlendirilmesi gadymy hindi, arap, hytaý ylmy ýazuwlarynda duş gelýär.

Keseliň döreýşi, sebäpleri, görnüşleri, geçişi I. Mering, O.Minkowskiý, P. Langergans, L. Sobalew, G. Buntingyň, Ç. Best ýaly uly alymlaryň geçiren köpýyllyk işleri netijesinde öwrenildi. Köp ýurtlaryň alymlarynyň geçiren kliniki barlaglary, aşgazanasty mäziň B-öýjükleriniň işläp çykarýan gormonynyň – insulynyň ýetmezçiligi sebäpli süýji keseliň döreýänligini anyklady.

Keseli bejermek üçin insulynyň ulanylmagy (1921-1922-ý.ý.) medisina ylmynyň iň uly açyşlarynyň hataryna girdi.

Insulin ulanylmazdan öň, näsaglaryň ömrüniň ortaça dowamlylygy 5 ýyldan köp däldi. Häzirki wagtda, öz wagtynda we kadaly geçirilýän bejerginiň kömegi esasynda näsaglaryň ömrüniň dowamlylygy sag adamlaryňkydan tapawutlanýan däldir.

Süýji keseli getirýän gaýraüzülmeleri boýunça agyr keselleriň hataryna girýändir.Sag adamlar bilen deňeşdirilende, süýji keselli adamlarda ýürek-damar ulgamyna zeperiň ýetmegi – 2-3 esse, körlük – 10 esse, aýaklaryň çüýremegi (gangrena) – 20 esse köp duş gelýändir.

Süýji keselli näsaglarda ýokançly keseller, böwrek keselleri bilen kesellemek, göwrelilik, çaga dogrumy köp kynçylyklary döredýändir.

Süýji keseli – endokrin ulgamynyň keseli bolup, onda diňe uglewod çalşygy däl-de, bedende ýag we madda çalşygynyň beýleki görnüşleri hem bozulýar. Keseliň döremegi giperglikemiýa (ganda gandyň mukdarynyň ýokarlanmagy) ýagdaýy bilen düşündirilýär. Bu ýagdaýyň döremegine insulinyň ýetmezçiligi getirýändir.Onuň ýetmezçiligi esasynda, glukozanyň myşsalara we bedeniň ýag gatlagyna geçmegi kynlaşýar,ýaglardan we belokdan onuň emele gelmegi köpelýär. Şu ýagdaýlar esasynda, ganda glukozanyň mukdary ýokarlanýar. Sag adamlarda, aç ýagdaýlarynda, ol kadada 4,00-6,6 mmol/l derejede bolsa, süýji keselinde ol 7 mmol/l – 20-30 mmol/l, ondan hem köp bolup bilýär. Ganda glukozanyň mukdary 9,5-10 mmol/l geçende, ol peşew bilen hem çykarylyp bilýär.

Böwrekleriň işiniň bozulmagy bilen, çykarylýan peşewiň umumy mukdary köpelýär. Adam peşew edip, köp suw ýitirýänligi sebäpli, suwsap, dodaklary, agzy, bokurdagy gurap başlaýar. Bedendäki glukozanyň peşew bilen ýitirilmegi adamyň horlanmagyna getirýär. Insulinyň ýetmezçiligi ýag we belok çalşygyna hem täsir edýär.Ýaglaryň emele gelmegi azalyp, olaryň dargamagy güýçlenýär,bagryň öýjükleriniň ýag almagy bolup geçýär. Beloklaryň emele gelmegi peselýär. Bu bolsa bedeniň dokumalarynyň emele gelmegine we dikeldilmegine ýaramaz täsir edýär.

BSGG-nyň (Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy) bölmegine görä, süýji keseliniň iki görnüşi bardyr: Süýji keseli 1 (SK1) – insulingaraşly we 2 (SK2) – insulingaraşly däl;

SK1 görnüşde aşgazan asty mäziň B-öýjükleriniň işiniň bozulmagy bolup geçýär. Şuňa wirus we bedendäki autoimmun täsirler sebäp bolup biler. Bu görnüş çagalarda we ýaş adamlarda duş gelýär. Olarda gyzamyk, gyzylja, hapgyrtma, aşgazan asty mäziň, öt haltanyň sowuklamalary, nerw ulgamy tarapyndan bozulmalar süýji keseline getirip biler.

Bu kesel nesil yzarlaýjy häsiýete eýe bolup, öten nesillerde keseliň duş gelmegi, onuň bilen kesellemek howpyny ýokarlandyrýar. SK2 görnüşi uly we gartaşan adamlarda duş gelýändir. Bu görnüşde insulina bolan talap aşgazan asty mäziň işine bagly däl ýagdaýlar bilen düşündirilýär.

Böwreküsti mäziň gormony, gipofiziň käbir gormonlary, glýukogon, dermanlar (buşukdyryjy we gan basyşy peseldiji serişdeler, kontraseptiwler) insulinyň dargap, onuň işiniň peselmegine getirip biler.

Süýji keseliniň döremegine semizligiň, uzak dowam edýän nerw dartgynlylygynyň, göwreliligiň, geçirilen şikesleriň, bagryň keselleriniň, ýokanç keselleriň, hirurgiki operasiýalaryň sebäp bolýanlygy subut edildi. Alkogol içgiler hem aşgazan asty mäze, bagra zyýan ýetirmek bilen, soňundan süýji keseliniň döremegine getirip biler.

Wagtynda bejerilmedik süýji keseli bedeniň dürli agzalaryna öz täsirini ýetirýändir.

Köplenç deriniň we deriasty ýag gatlagynyň üýtgemegi bolup geçýär. Agyr geçýän süýji keselinde ol gury bolýar, gasyn atýar, çyban ýaly iriňli dömmeler emele gelip başlaýar. Dabanda jaýryklar, kömelekler sebäpli döreýän ýaralar, eroziýalar emele gelip biler.

Kömelekli zeper ýetmeler ýa-da olara bagly bolmadyk sebäplere görä, daşky jyns agzalarynyň nemli örtüginde gijilemek bolup biler. Injigiň öň tarapynda, dabanlarda trofiki baş keseliniň döremegi mümkindir. Insulin sanjymlary edýän näsaglarda, sanjym edilen ýeriň deriasty ýagly gatlagynyň trofiki üýtgemeleri bolup biler.

Kalsiniň ýitirilmegi, gan aýlanşynyň bozulmagy sebäpli süňkleriň we bogunlaryň, esasan hem injikleriň we dabanlaryň üýtgemegi bolup geçýär.Dişlere we dişiň etine hem zeper ýetýär. Ýokarda bellenilip geçilşi ýaly, süýji keseli näsaglarda köplenç bagryň, böwregiň işine zyýan ýetirýär, öt haltanyň keselleri agyr geçýär, nerw ulgamynda köptaraplaýyn üýtgemeler bolup geçýär.

Süýji keselinde ýürege we gan damarlaryna zyýan ýetirilmegi, köplenç maýyplygyň we ölümçiligiň sebäbi bolýar. Şunuň ýaly näsaglarda ýüregiň infarkty hem has agyr geçýär. Agyr geçýän süýji keseli, jyns mäzleriniň işine hem täsir edip, jynsy höwesi peseldip bilýändir.

Görejiň kütelmegi, böwreklere, aýaklara we başga agzalara zeper ýetirilmegi – bu keselde orta we kiçi gan damarlaryna zyýan ýetip, gan aýlanşynyň bozulmagy bilen düşündirilýär.

Barlaglaryň görkezişi ýaly, ganda gandyň mukdaryny gözegçilikde saklap, bu keselde duş gelýän üýtgemeleriň we gaýraüzülmeleriň öňüni alyp bolýar.

Süýji keseli bilen adam bütin ömrini ýaşamaly bolýar.

Süýji keselli näsag:

  • Lukman bilen hemişe aragatnaşykda bolup, bejergi çärelerini kadaly geçirende;
  • Öz ýaşaýyş we zähmet şertlerini talaba laýyk gurnanda;
  • Öz ýagdaýyna hemişe gözegçilik edende – keseli gözegçilikde saklap, gaýraüzülmeleriň öňüni alyp biler.

Näsagyň maşgalasynyň, ýakyn garyndaşlarynyň hem bu kesel, onuň geçişi, bejergisi, berjaý etmeli gündelik ýaşaýyş düzgünleri barada maglumatlary bilmegi hökmandyr.

Süýji keseliniň bejergisi köp çäreler toplumy öz içine alýandyr: berhiz saklamak, gandy peseldiji dermanlary ýa-da insuliny ulanmak, zähmet we dynç alyş düzgünlerini berjaý etmek, gapdallaýyn dörän keselleri öz wagtynda bejermek;

Gandy peseldiji dermanlar (butamid, glibenklamid, glibutid, metformin) ýa-da insulin bilen bejergini ýörüte geçirilen barlaglardan soň lukman bellemelidir.

Bejergi çäreleri süýji keseliň görnüşine, näsagyň ýaşyna, ýagdaýyna, bar bolan gaýraüzülmeleri göz öňüne tutulyp bellenilýändir.

Süýji keselli näsag üçin keseline gowy gözegçilik eder ýaly, geçirilýän bejerginiň täsirine baha berer ýaly özüne gözegçilik etmek hökmandyr.

Häzirki wagtda, öý şertlerinde günde gandyň mukdaryny bilmegiň çalt we ýönekeý usuly – glukometrleri ulanmakdyr.

Berhiz ýa-da gandy peseldiji dermanlar bilen bejergi alýan näsaglar:

  1. Gije-gündizde azyndan bir gezek: aç wagty ýa-da naharlanmadan 2 sagat geçenden soň;
  2. Özüni duýşy erbetleşende;
  3. Hepdede bir gezek doly barlag geçmek: ganda gandyň mukdaryny günüň dowamynda 4 gezek ölçemek – ertirlik, günortanlyk we agşamlyk naharyndan öň we uklamazdan öň.

Insulin bejerginialýan näsaglar:

  • nahardan öň;
  • 1,5 - 2 sagat nahardan soň;
  • uka gitmezden öň;
  • käwagt gije

barlag geçirmek maslahat berilýär.

Goşmaça barlaglar aşakdaky ýagdaýlarda zerurdyr:

  1. Sport bilen meşgullanýan ýagdaýyňyzda;
  2. Gündelik düzgüniňiz üýtgände (syýahat ýa-da iş sapary bilen başga ýerlere gitmek);
  3. Özüňizi ýaramaz duýan günüňiz – her 2 - 3 sagatdan;
  4. Göwrelilik wagty – günde 7 - 8 gezek;
  5. Naharlanmagyň hili we wagty üýtgän mahaly – naharlanmadan öň we soň ölçemeli;
  6. Ganda gandyň aşak düşmek ýa-da ýokary galmak alamatlary ýüze çykan wagty.