Saparmyrat Nyýazow
Saparmyrat Ataýewiç Nyýazow (Сапармырат Атаевич Ныязов Nyíazow) ýa-da Türkmenbaşy - Türkmenistanyň ilkinji prezidenti.
Saparmyrat Nyýazow | |
---|---|
| |
Käri | inžiner, syýasatçy |
Doglan senesi | 19-njy fewral,1940 Gypjak, Sowet soýuz |
Ölen senesi | 2006-njy yylyn 21-njy Dekabry Aşgabat, Turkmenistan |
Saparmyrat Ataýewiç Nyýazow 1940-njy ýylda Aşgabat etrabynyň Gypjak obasynda doguldy. Milleti türkmen. Bilimi ýokary, hünäri - inžener-energetik. Zähmet ýoluna 1959-njy ýylda başlady. 1967-nji ýylda Leningradyň politehniki institutyny tamamlandan soň, Büzmeýin GRES-iň ussasy, uly ussasy bolup işledi. 1970-nji ýyldan 1985-nji ýyla çenli partiýa we sowet organlarynda jogapkärli wezipelerde işledi. 1985-nji ýylda ol Türkmenistan Ministirler Sowetininň Başlyklygyna bellendi, şol ýylyň dekabrynda bolsa Türkmenistan Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň plenumynda TKP MK-nyň birinji sekretarlygyna saýlanyldy. 1990-njy ýylyň 27-nji oktýabrynda ählihalk saýlawlary netijesinde ol respublikanyň prezidentligine saýlandy. 1991-nji ýylyň maýynda Dünýä turkmenlerinin gumanitar birlesiginin prezidentligine saylanyldy. S.Nyyazow ykdysady we syyasy ylymlaryn doktory, professor, Turkmenistan Ylymlar Akademiyasynyn akademigidir. Halklaryn arasyndaky dostlugy we parahatcylygy pugtalandyrmakda bitiren hyzmatlary goz onunde tutulyp, S.A.Nyyazowa birnace abrayly halkara bayraklary berildi. Saparmyrat Nyyazow Magtymguly adyndaky Halkara bayragynyn birinji laureatydyr. Ol Turkmenistanyn in yokary tapawutlandyrys derejesi bolan Turkmenistanyn Gahrymany diyen hormatly adyn we “Altyn Ay” medalynyn 5 gezek eyesidir. 1995-nji yylyn yanwarynda gecirilen ahlihalk referendumynda turkmen halky nobatdaky saylawlary gecirmezden Prezidentin ygtyyarlyklaryny ikinji mohlete uzaltdy. 1999-njy yylyn dekabrynda bolan Halk Maslahatynyn, Milli Galkynys hereketinin we Yasulular maslahatynyn bilelikdaki Mejlisi Saparmyrat Turkmenbasyny Turkmenistanyň ömürlik Prezidenti diýlip yglan edilýär. Ol 2006-njy yylyň 21-nji dekabrynda aradan çykýar.
Biografiýasy
düzetKitaplar
düzetBu biografiýa makala ownuk makaladyr. Ony üýtgetmek hem-de ösdürmek arkaly Wikipediýa kömek edip bilersiňiz. |
Bu biyografiýa sisaýetçi makala ownuk makaladyr. Ony üýtgetmek hem-de ösdürmek arkaly Wikipediýa kömek edip bilersiňiz. |
Bu baradaky nano–ownuk makaladyr . bu sahypa nano–ownuk makalalar. Bu parol we IP adresiňiz we hasap döredijiler we hasap döret. Jikme–jiklikler üçin ownuk makalalar. Bu sahypa çok kisa makalalar, ony Slowen Wikipediýa ulanyjy sahypa we ownuk makalalar! makala ownuk makaladyr. Ony üýtgetmek hem-de ösdürmek arkaly Wikipediýa kömek edip bilersiňiz. |