Serdar Berdimuhamedow
Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow Türkmen syýasatçysy we Turkmenistanyň Prezidenti.
Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow | |||||||||||||||||||||||
Serdar Berdimuhamedow (2018) | |||||||||||||||||||||||
| |||||||||||||||||||||||
Şahsy maglumatlar | |||||||||||||||||||||||
---|---|---|---|---|---|---|---|---|---|---|---|---|---|---|---|---|---|---|---|---|---|---|---|
Doglan wagty | Sentýabr 22, 1981 Aşgabat, TSSR, SSSR | ||||||||||||||||||||||
Milleti | Türkmen | ||||||||||||||||||||||
Çaga(lary) | 4 | ||||||||||||||||||||||
Kakasy | Gurbanguly Berdimuhamedow | ||||||||||||||||||||||
Alma mater | S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen Oba Hojalyk Uniwersiteti Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň Diplomatik akademiýasy | ||||||||||||||||||||||
Käri | Syýasatçy | ||||||||||||||||||||||
Harby hyzmatlary | |||||||||||||||||||||||
Dostlyk | Turkmenistan | ||||||||||||||||||||||
Hyzmat/ugur | Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleri | ||||||||||||||||||||||
Hyzmat eden ýyllary | 2001-2003 | ||||||||||||||||||||||
Dereje | Leýtenant polkownik |
Gurbanguly Berdimuhamedowyň ogly. 1981-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda Aşgabat şäherinde doguldy.
2022-nji ýylyň 19-njy martyndan bäri Türkmenistanyň Prezidenti.
Bilimi we hünäri
Ýokary bilimli 2001-nji ýylda Türkmen oba hojalyk uniwersitetini tamamlady. Hünäri boyunça inžener-tehnolog. 2008-2011-nji ýyllarda Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň Diplomatik akademiýasynda okady we ony halkara gatnaşyklar boýunça hünärmen hünäri boýunça tamamlady. 2011-2013-nji ýyllarda Ženewadaky Howpsuzlyk syýasaty merkezinde okap, ony halkara we Ýewropa howpsuzlygy boýunça hünärmen hünäri boýunça tamamlady. Tehniki ylymlarynyň kandidaty (awgust 2014 ýyl).
Zähmet ýoly
2001-nji ýylyň iýul-noýabr aýlarynda Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň Daşary ykdysady aragatnaşyklar müdirliginiň baş hünärmeni bolup işledi.
2001-2003-nji ýyllarda harby gullukda boldy.
2003-2008-nji ýyllarda Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň miwe-gök ekin senagaty boýunça esasy bölüminiň baş hünärmeni, alkogolsyz piwo we çakyrçylyk senagaty boýunça esasy bölüminiň baş hünärmeni bolup işledi.
2008-2011-nji ýyllarda Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň Diplomatik akademiýasynda okady we ony halkara gatnaşyklar boýunça hünärmen hünäri boýunça tamamlady. Şol ýyllarda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Moskwa şäheri) ilçihanasynyň geňeşçisi wezipesinde işledi.
2011-2013-nji ýyllarda Ženewadaky Howpsuzlyk syýasaty merkezinde okap, ony halkara we ýewropa howpsuzlygy boýunça hünärmen hünäri boýunça tamamlady. Şol yyllarda Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky (Şweýsariýa Konfederasiýasy, Ženewa şäheri) Türkmenistanyň Hemişelik wekilhanasynyň geňeşçisi wezipesinde işledi.
2013-nji ýylyň awgust-dekabr aýlarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Ýewropa ýurtlary bölüminiň başlygy wezipesinde işledi.
2013-2016-njy ýyllarda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktorynyň orunbasary;
2016-2017-nji ýyllarda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara habarlar departamentiniň başlygy wezipesinde işledi.
2017-nji ýylyň mart aýynyň 20-de Türkmenistanyň Mejlisiniň Kada-kanunçylyk baradaky komitetinin başlygy wezipesinde işleýär.
Türkmenistanyň Mejlisiniň V çagyrylyşynyň deputaty.
2018-nji ýylyň 30-njy martynda Türkmenistanyň Daşary Işler ministriniň orunbasary wezipesine bellendi.
2019-njy ýylyň 2-nji ýanwaryndan başlap Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesini ýerine ýetirýär.
2022-nji ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary geçirildi. Ýurt boýunça hasaba alnan 3.460.080 saýlawçydan 3.362.052-si ses berip, 97,17% gatnaşyk boldy. Demokratik şertlerde geçirilen saýlawlarda dalaşgärleriň jemi 9-sy bäsleşdi.
Döwlet sylaglary we atlary
- «Magtymguly Pyragy» medaly
- «Mälikguly Berdimuhamedow» medaly
- «Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi» döwlet sylagy
Edebiýat
- "Türkmenistan" gazeti, №60 (28996) 2018-nji ýylyň mart aýynyň 9-y, S.3.