Sopranoman Türkmenistanda we SNG döwletleriniň arasynda hip-hop dünýäsine eden goşantlary bilen tanalýar. Türkmen hip-hop dünýäsine goşantlary bilen tanalýan Sopranoman hip-hop dünýäsinde hormatlanýan şahsyýetleriň biri. Irki aýdymlary bolan "Из города низких домов", "Не важное" we ýakyn wagtlarda has hem meşhurlyk gazanan aýdymlary bolan "Gaýtala", "Abu-dhabi", "Suw sep", we "Honnon" aýdymlarydyr. Sopranoman aýdym sözlerini rus dilinde ýazyp Däli dädäniň kömegi bilen türkmen diline terjime edýär. Türkmen dilini suw içen ýaly bilýär. Sopranoman Däli däde (Syke däli) we S-beater atly hip-hop dünýäsiniň tanymal aýdymçylary bilen hem işleşýär we birnäçe halk arasynda tanalýan aýdymlary bar.

Sopranoman
Doglan wagty we ýeriAwgust 20, 1986(1986-08-20)
Mary welaýaty
Galam adySopranoman
KäriHip-hop aýdymçy, raper, lyricist, producer
DiliTurkmen dili, Rus dili
MilletiKabardin
RaýatlygyTürkmenistan
Periýod2002 - şu gün
ŽanrlaryHip-hop, Rap, Dancehall, Moombahton

Sopranoman barada düzet

Anton Zozulya 1986-njy ýylyň 20-nji Awgustynda Mary welaýatynyň Mary şäherinde dünýä inýär. Anton Zozulya sahna ady bolan Sopranoman hökmünde halk arasynda tanalýar. Onuň hip-hop-a bolan höwesi 2002-nji ýylda rap ýazmak bilen başlady we 2008-nji ýylda solo raper hökmünde çykyş etmäge başlady. Sopranoman Türkmenistanda tanalýan şahsyýetleriň biridir. Sopranoman Aşgabatda ýaşaýar. Sopranoman aýdymlaryny rus dilinde ýazyp, dosty Däli Däde bilen aýdymlaryny türkmen diline geçirýär. Sopranoman Rap, Hip-hop, Dancehall we Moombahton görnüşlerindäki aýdymlary ýazýar. Sopranoman Mary şäherinde dogulyp, şu wagt Aşgabatda ýaşaýar.

Sopranoman we kariýerasy düzet

2008-nji ýylda solo kariýerasyna başlan Sopranomanyň ilkinji sahna ady Dred-di. "Klan Soprano" serýalyndan täsirlenen Anton Zozulýa, Dred sahna adyny "Soprano" hökmünde üýtgetdi. 2010-njy ýylda Dred ady bilen çykyş edýän mahalynda "Из города низких домов" atly albomyny işläp köpçülige çykaran Anton, köpçülikden alkyş aldy. Onuň bu albomy köpçülik içinde halandy. Türkmenleriň arasynda has aňsatlyk bilen tanalmagy üçin hem adyny Soprano hökmünde üýtgedenligini belläp geçsek bolar. Sopranoman 2016-njy ýylda halk arasynda has hem tanymal boldy. 2018-nji ýylyň fewralynda Sopranoman, Tigran Şahunts bilen "Не важное" atly aýdymyny ýazyp, VKontakte atly sosýal ulgamda paýlaşdy we bu aýdym bir günüň dowamynda 250,000 gezek diňlenildi. Bu aýdymçynyň ilkinji şahsy rekordydy. Soňra "Не важно" atly aýdymy we "Если ты не моя" aýdymlaryny hem köpçülige çykardy. Sopranoman Türkmenistanda ady belli aýdymçy we SNG Döwletlerinde hem diňleýjileri bar.

Çeşmeler düzet

  1. Rus aýdymçylar dünýäsi medýasy
  2. Rus tanymal kişiler baradaky medýa
  3. Aşgabatdaky tanymal kişiler barada