Sugun – (latynça Cervus elaphus). Öz arealynyň demirgazygynda gabat gelýän, Türkmenistanda ýitip ýok bolmak howpy astyndaky görnüş.

Baktriýa suguny

Gysgaça beýanyDüzet

Ol uly, owadan hem-de syratly haýwan bolup, agramy 100-den tä 300 kilograma çenli ýetýär. Onuň erkekleriniň şahlaryndaky şahalar adatça bäşden artyk bolmaýar.

Ýaýran ýerleriDüzet

Öňler Türkmenistanda buhara suguny Amyderýanyň ýakalarynda gabat gelip, ähtimal, Murgap bilen Tejen boýlarynda hem gabat gelendir.