Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti

(Türkmen döwlet lukmançylyk instituty sahypasyndan gönükdirildi)

M.Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti ýa-da diňeje Lukmançylyk uniwersiteti Aşgabatda ýerleşýän Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynyň biri. 1931-nji ýylda döredilen,[2] Türkmenistanda ýeke-täk Lukmançylyk uniwersiteti we uniwersitetde 4000-den gowrak talyp okaýar. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi we Türkmenistanyň Bilim ministrligine hasabat berýär.

Bejeriş işi fakultetiniň maglumatlary
GörnüşDöwlet uniwersiteti
Gurulan wagty1931
RektorNargözel Myratnazarowa[1]
Talyp sany4000
Fakultetler7
Kafedra41
DegişlilikTürkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Türkmenistanyň Bilim ministrligi
salgyArçabil şaýoly ,
Aşgabat şäheri,
 Türkmenistan

Taryhy

düzet

Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti 1931-nji ýylyň 29-njy dekabrynda döredildi.[3][4]

2010-njy ýylda lukmançylyk instituty Uniwersitet ady bilen çalyşyldy.[5]

Täze binasy

düzet

2010-njy ýylyň 1-nji sentýabrynda Aşgabatdaky Arçabil şaýolynyň ugrunda ýerleşýän Lukmançylyk Uniwersitetiniň täze binasy açyldy. [6]

Gurluşy

düzet

53 kafedra,{{Çeşme gerek}}ylmy -derňew merkezi, hasaplaýyş merkezi, sportklub

Fakultetler

düzet
  • Bejeriş işi
  • Pediatriýa
  • Saglygy goraýyş-öňüni alyş işi
  • Stomatologiýa
  • Farmasiýa
  • Harby lukmançylyk
  • Sport lukmançylygy

Kafedralar

düzet
  • Dünýä tejribesini öwreniş kafedrasy.
  • Medisina parazitologiýasy we genetika kafedrasy.
  • Akuşerçilik we ginekologiýa kafedrasy.
  • Kadaly fiziologiýa kafedrasy.
  • Şöhle diagnostikasy, terapiýasy we onkologiýa kafedrasy.
  • Medisina himiýa kafedrasy.
  • Adam anatomiýasy, topografik anatomiýa we operatiw hirurgiýa kafedrasy.
  • Sud medisina we hukuk kafedrasy.
  • Anesteziologiýa we reanimatologiýa okuwly umumy hirurgiýa kafedrasy.
  • Iç keselleriň propedewtikasy kafedrasy.
  • Patologiki fiziologiýa kafedrasy.
  • Nerw keselleri we reýrohirurgiýa kafedrasy.
  • Saglygy dikeldiş okuwly fakultet terapiýa kafedrasy.
  • Urologiýa okuwly fakultet hirurgiýa kafedrasy.
  • Gospital hirurgiýa kafedrasy.
  • Trawmatologiýa, ortopediýa we harby-meýdan hirurgiýa kafedrasy.
  • Göz keselleri kafedrasy.
  • Kliniki farmakologiýa we endokrinologiýa okuwly gospital terapiya kafedrasy.
  • Maşgala medisina kafedrasy.
  • Gulak, burun we bokurdak keselleri kafedrasy.
  • Inçekesel kafedrasy.
  • Akuşerçilik we ginekologiýa boýunça diplomdan soňky taýýarlyk kafedrasy.
  • Patologiki anatomiýa kafedrasy.
  • Fakultet pediatriýa kafedrasy.
  • Çaga keselleriniň propodewtikasy kafedrasy.
  • Psihiatriýa, narkologiýa we medisina psihiologiýasy kafedrasy.
  • Ýokanç çaga keselleri kafedrasy.
  • Gospital pediatriýa kafedrasy.
  • Gistologiýa, embrionologiýa we sitologiýa kafedrasy.
  • Saglygy goraýşyň guralyşy, dolandyrylyşy we ykdysadyýeti kafedrasy.
  • Çaga hirurgiýasy kafedrasy.
  • Deri we weneriki keseller kafedrasy.
  • Medisina ekologiýaly gigiýena kafedrasy.
  • Wirusologiýa mikrobiologiýa kafedrasy.
  • Epidemiologiýa we ýokanç keseller kafedrasy.
  • Ortopediki we hirurgiki stomatologiýa kafedrasy.
  • Terapewtiki stomatologiýa kafedrasy.
  • Farmasiýa kafedrasy.
  • Farmakologiýa kafedrasy.
  • Diller kafedrasy.
  • Ýörite taýýarlaýyş kafedrasy.


Ylmy-pedagogiki kadrlaryň taýýarlygy aspirantura we doktorantura okatmagyň üsti bilen amala aşyrylýar. Hünärmenleriň hünär taýýarlygy kafedralaryň bazalarynda kliniki ordinaturada geçirilýär.

Terip Nr. Fakultetler taýýarlanýan hünärler we ugurlar
1. Kesel bejeriş maşgala lukmanlar,hirurglar, terapewtler, kardiologlar, akuşer-ginekologlar, onkologlar, oftalmologlar, dermato-wenerologlar we başgalar
2. Pediatriýa köp ugurly çaga lukmanlar taýýarlamak
3. Stomatologiýa terapewt-stomatolog, ortoped-stomatolog, hirurg stomatolog, ortodont atly hünärmenler ýetişdirmek
4. Farmasewtiki prowizor-tehnologlary, profizor-analitikleri taýýarlamak
5. Keselleriň-öňüni alyş sanitar lukmanlary epidemiologlary, gigiýenistleri taýýarlamak

Edaranyň ylmy ugry

düzet
  • Ýokanç we ýokanç däl hem-de parazitar keselleriň öňüni almagyň we bejermegiň usullaryny kämilleşdirmek.
  • Türkmenistanda iň köp ýaýran aýal we çaga keselleriniň medisina -biologiki jähtleri.
  • Yssy howa şertlerinde ýürek-damar we serebro­waskulýar keselleriniň öňüni alnyşy, anyklanyşy we bejerilişi
  • Türkmenistanyň derman çig malyndan derman serişdelerini we dermanlary döredip ýaýratmak.


Çeşmeler

düzet
  1. "Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi". Archived from the original on 2020-07-07. Retrieved 2021-08-06. 
  2. "Türkmen döwlet lukmançylyk instituty". Ylymlar akademiýasy. Archived from the original on 2017-07-31. Retrieved 2018-05-22. 
  3. "Türkmen döwlet lukmançylyk instituty". Ylymlar akademiýasy. Archived from the original on 2017-07-31. Retrieved 2018-05-22. 
  4. "Туркменский государственный медицинский институт". Archived from the original on 2017-08-24. Retrieved 2018-05-22. 
  5. "Туркменский медицинский институт стал университетом". turkmenistan.ru (Internet gazeti). Retrieved 28 August 2010. 
  6. "Открылся новый Государственный медицинский университет". turkmeninform.com. Retrieved 2010-09-01.