Türkmenbaşy Bank

(Türkmenbaşy bank sahypasyndan gönükdirildi)

Türkmenbaşy Bank, Teke bazarynyň ýanyndaky bank. Aşgabatda Azatlyk we Köpetdag etraplarynda şahamçalary bar. Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň adyny göterýär. BANKYŇ TARYHY

Turkmenbashy banky

TDTB “Türkmenbaşy” bankyň ösüşiniň we emele gelşiniň taryhy XX-nji asyryň 20-nji ýyllaryndan başlanýar. 1924-nji ýylda Türkmenistanda, Söwda-senagat bankynyň türkmen bölümi açylýar. 1928-nji ýylda senagaty we elektrohojalygy uzak möhletleýin karzlaşdyrmaklyk bir bankda jemlenildi. Senagatbankynyň we Elektrobankynyň gysga möhletli ammallary Gosbanka geçirildi. 1928-nji ýylyň 14-nji fewralyndan SNK SSSR-ň karary bilen Senagatbankynyň we Elektrobankynyň esasynda senagaty we elektrohojalygy uzak möhlete karzlaşdyrýan Bank – Senagat banky döredildi. 1958-1959-nji ýyllarda Obahojalykbankynyň we Sekombankynyň kontoralary ýapyldy, we olaryň işi Gosbanka we Senagat banka, täzeden at berilen, maýa goýumlaryny maliýeleşdirýän Bütinsoýuz banky - Gurluşykbanka geçirildi.

Gurluşyk bankynyň edarasy (1982-nji ý.) ş. Aşhabat, Žitnikow köç.,22. 1991-nji ýylda, Sowet Soýuzynyň dagamagy Türkmenbaşy bankynyň taryhynyň üýtgemegine täsir etdi. Öňden hereket edip gelýän “Türkmensenagatgurluşykbank” - Aksioner inwestision täjirçilik banky “Inwestbank” diýip atlandyryldy. Inwestbank, ilkinjileriň hatarynda, milli we daşary ýurt walýutada amallary geçirmek üçin ygtyýarnamany aldy we inwestision institut hökmünde iş geçirmäge hukugy berýän Türkmenistanyň ykdysadyýet we maliýe Ministrliliginiň N 1 ygtyýarnamasyny aldy, bu bolsa gymmat bahaly kagyzlaryň bazarynda inwestisiýa instituty hökmünde raýatlar bilen işi amala aşyrmak üçin hukuk berdi.Bu derejede bank 1991-nji ýyldan 1999-nji ýyla çenli işledi.

1993-nji ýylda Türkmenistan öz milli walýutasyny – manady girizdi, garaşsyzlygyň hakyky kepili hökmünde, bu bankyň işjeňligine ep-esli üýtgeşikleri girizdi. Şu wagt, “10 ýyl abadançylyk” maksatnamasynda görkezilen, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň pikirlerini durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly esasy meseläniň biri hem, bankyň işini netijeli ösdürmek üçin amatly guraýjy-ykdysady ýagdaýy döretmek bolup dur. Milli walýutanyň girizilen döwrinde bank tarapyndan ýurdyň hemme welaýatlarynda walýutany çalyşmak üçin punktlar açyldy.

1999-nji ýylyň ýanwar aýynda AIKB “Inwestbank”, ykdysadyýetiň hususy sektorynyň ýuridiki taraplaryna, şol sanda daşary ýurt maýasynyň gatnaşmagyndaky kärhanalara, şeýle-hem şahsy taraplara hyzmat etmek hukugy bilen, senagat we senagat infrastrukturasyny maliýeleşdirmäge gönükdirilen ýöriteleşdirilen döwlet täjirçilik banky diýip täzeden atlandyryldy. 2000-nji ýylyň aprel aýynda Aksioner inwestision täjirçilik banky “Inwestbank” – Türkmenistanyň Döwlet täjirçilik banky “Türkmenbaşy” adyna üýtgedildi.

TDTB "Türkmenbaşy" üýtgeşmeleriň netijesinde, diňe öňki müşderilerini galdyrmakdan başga-da, öz ornuny maliýe bazarynda pugtalandyrdy. Çörek-bulka kombinaty ş.Aşgabat Köp ýyllaryň dowamynda, işiň has maýyşgak usullaryny özleşdirip we işe girizip, bank hemişe esasy müşderlerini saklamaga ymtylýardy.

Türkmenistanyň döwlet täjirçilik banky “Türkmenbaşy”, Türkmenistanyň beýleki banklary bilen bir hatarda halkyň hal ýagdaýynyň gowulandyrylmagynda we ýurdyň ykdysady ösüşiniň pugtalanmagynda öz işjeň goşandyny goşýar. Öz derejesinde döwlet banky bolmak bilen we Türkmenistanyň ykdysadyýetini ösdürmekligiň meýilnamasyna salgylanmak bilen, Türkmenbaşybank öz işinde esasy ünsi senagat, ulag, aragatnaşyk we söwda pudaklaryny maliýeleşdirmeklige berýär.

Türkmenbaşybankynyň esasy karz syýasaty, milli önüm öndürijilerine we halkyň hal ýagdaýyny gowlandyrmaga gönükdirilendir. Galybersede ýurdyň ähli senagat sebitlerinde şahamçalar zynjyrynyň düýbüniň tutulmagy, Bankyň esasy strategiki wajyp ugury bolup durýar, bu hem muşderileriň isleglerini kanagatlandyrmaga gönükdirilendigini görkezýär. Bank, häzirki wagytda bank ulgamyna degişli ähli görnüşli islegleri kanagatlandyrjak derejede hyzmatlaryň toplumny hödürleýär.

Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik banky Türkmenistan döwleti özüniň ösüşiniň täze tapgyryny amala aşyrmak bilen bir hatarda dünýä ykdysady ulgamyna integririlenmekligini dowam etdirýär. Bu ugurda edilen möhüm ädimleriň biri-de, Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan bazar ykdysadyýetiniň milli modelini döretmek baradaky başlangyjydyr. Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň modeli - eýeçiligiň dürli görnüşleriniň ulanylmagy we deň derejede hukuk kadalaryna eýe bolmagy, telekeçiligiň dürli görnüşleriniň, hususan-da, kiçi we orta telekeçiligiň ykdysady erkinlikde gülläp ösmegi bilen bir hatarda hojalygy ýöretmegiň bazar ýörelgelerine geçmekligi üpjün etmekdir. Türkmenistanyň ykdysady ösüşinde bank ulgamynyň aýratyn orny bardyr. Türkmenistanyň ,,Türkmenbaşy" döwlet täjirçilik banky Türkmenistanyň iň bir ýöriteleşdirilen banklarynyň biridir. Bank müşderileriň talaplaryndan we bank hyzmatlarynyň dünýä standartlaryndan ugur almak bilen, döwrebap bank tehnologiýalaryny özleşdirýär we hyzmatyň görnüşleriniň gerimini giňeldip, olary has-da kämilleşdirýär. Müşderilere ýokary professional derejede hyzmat etmekligi, bank amallarynyň syryny saklamaklygy, goýumçylaryň maýalarynyň ygtybarly we bähbitli goýulmagynyň üpjünçiligini kepillendirýär. Bank işewür adamlary özara bähbitli hyzmatdaşlyga çagyrýar. Alyp barýan işiniň möçberine we eýeçiliginiň gömüşlerine garamazdan, bank ähli müşderiler bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyr.

  1. Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik banky halk hojalygyň şu aşakdaky öňde baryjy pudaklaryna hyzmat edýär: Nebit we gaz toplumy
  2. Energetika toplumy
  3. Ulag we aragatnaşyk
  4. Gurluşyk we gurluşyk materiallary senagaty
  5. Himiýa senagaty
  6. Söwda

Içerki maliýe bazaryndaky iş tejribesi, oýlanyşykly strategiýa, ýokary hünär derejeli işgärleriň bolmagy, döwrebap tehnologik çözgütler, bank etikasynyň gyşarnyksyz berjaý edilmegi - banka öz müşderilerine ýokary hilli we netijeli hyzmat etmeklige mümkinçilik berýär. Bank dürli görnüşli hyzmatlaryň mümkin bolan köplügini teklip etmek bilen, müşderileriň anyk talaplaryny göz öňünde tutup we indiwidual çemeleşmä esaslanyp, olaryň toplumlaýyn meselelerini çözmekligi özüniň ileri tutulýan wezipeleriniň biri hasap edýär we hem korporatiw, hem hususy müşderiler üçin ygtybarly hyzmatdaş hökmünde çykyş edýär. Bank müşderilere maliýe ugrundan gowy baş alyp çykmakda, pul serişdelerini netijeli dolandyrmakda ýardam bermek bilen, edilýän hyzmatlaryň amatlylygyny üpjün edip, bank hyzmatlarynyň dürli görnüşlerini amala aşyrýar.

http://www.tbbank.gov.tm Archived 2021-09-09 at the Wayback Machine

name of the bot
{{{bot}}}
Programming language
[[{{{programming language}}}]]
name of operator
[[{{{operater}}}]]
activities
{{{activities}}}
contact page
{{{contact}}}
Emergency bot shutoff button
Administrators:
Use the button if the bot is not working properly.