Türkmenistanyň Prezidentlik Saýlawlary 2012

Saýlawlar 2012-nji ýylyň Fewral aýynyň 12-sine geçiriler. 29 sanysy ýurt daşynda bolmak bilen jemi 2336 sany saýlaw uçastogy açyldy. Saýlawçylaryň sany 2 million 987 müň 324 adam diýip habar berildi. Bulardan Aşgabatdan 302684, Ahal welaýatyndan 446331 , Balkan welaýatyndan 248697, Daşoguz welaýatyndan 640120, Lebap welaýatyndan 646007 we Mary welaýatyndan 703485 adam saýlama hukugy bolanlar.[1][2].

Dalaşgärlige hödürlenenler düzet

Dalaşgärler düzet

Dalaşgärleriň maksatnamalary düzet

Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedow düzet

Hormatly watandaşlar! Mähriban halkym!

Bilşiňiz ýaly, ýakynda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi topar meni Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda dalaşgär hökmünde hasaba aldy.

Şu gün men siziň öňüňizde çykyş edip, mähriban Watanymyzyň geljegini nähili göz öňüne getirýändigim baradaky öz garaýyşlarymy maslahatlaşmak, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesinde amala aşyrjak işlerimiň maksatnamasy bilen tanyşdyrmak isleýärin. Bu çykyş hemmeler üçin öz halkyna hyzmat etmegiň ýeňil bolmadyk, örän jogapkärli borçlaryny üstüne alýan adam hökmünde meniň üçin hem, maksatnamada göz öňünde tutulan işleriň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmeli adamlar bolan siziň üçin hem örän möhüm diýip pikir edýärin.

Siz meniň häzire çenli eden işlerimi gowy bilýärsiňiz, şoňa görä-de, bu işlere baha berip bilersiňiz. Häzir bolsa men sizi geljek 5 ýylda amala aşyrjak işlerimiň maksatnamasy bilen tanyşdyrmak isleýärin.

Bilşiňiz ýaly, Türkmen döwletini ösdürmegiň täze tapgyrynda öňümizde duran wezipeleri biz Türkmenistanyň Ýaşulularynyň nobatdaky maslahatynda beýan etdik. Özboluşly demokratik gurama bolan Ýaşulularyň maslahatyna gatnaşyjylar öňde goýlan bu wezipeleri makulladylar.

Häzir men ilki bilen, alyp barýan daşary syýasatymyz barada öz garaýyşlarymy beýan etmek isleýärin.

Häzirki Garaşsyz Türkmen döwletinde durmuşa geçirilýän täzeleniş strategiýasy dünýäniň dürli ýurtlary we abraýly halkara guramalary, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasy bilen giň gerimli we netijeli hyzmatdaşlyk etmek arkaly amala aşyrylýar.

Türkmenistan dünýädäki iň uly, häzirki zamanyň ählumumy meselelerini çözmek boýunça alnyp barylýan işlerden çetde durmaýar. Bu ugurda biziň ýurdumyz halkara bileleşigi bilen arkalaşykly hyzmatdaşlyk edýär. Sebitde parahatçylygyň we abadançylygyň ygtybarly daýanjy bolmak bilen, biziň ýurdumyz öňdebaryjy başlangyçlar bilen çykyş edýär. Bu başlangyçlar bolsa biziň alyp barýan, dünýä bileleşigi tarapyndan giňden ykrar edilýän we goldanylýan, ählumumy bähbitleriň hatyrasyna açyk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmäge gönükdirilen syýasatymyzyň üýtgewsizdigini tassyklaýar.

Biz geljekde hem ähli ýurtlar bilen deňhukukly esasda özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmek we netijeli gatnaşyklary alyp barmak üçin açyk bolan halkara syýasatymyzy bitaraplyk ýörelgelerimizi nazara almak bilen durmuşa geçirmegi maksat edinýäris.

Hormatly watandaşlar!

Döwletimiziň ösüşiniň indiki tapgyrynyň düýp manysy durmuşa geçirýän özgertmelerimizi yzygiderli ösdürmekden we durnukly amala aşyrmakdan ybaratdyr. Döwletimizi galkyndyrmagyň we berkarar etmegiň ilkinji döwrüniň wezipelerini öňümizde goýmak we esasan üstünlikli çözmek bilen, biz indiki tapgyra – ösüş tapgyryna gadam basdyk. Biz ýurdumyzy ösdürmegiň bu tapgyrynda öňümizde durýan wezipeleri çözmäge hem taýýardyrys.

Biziň wezipämiz – XXI asyrda Türkmenistany berk binýatly, kuwwatly, abadan, ýokary derejede ösen, bäsleşige ukyply döwlete öwürmekden ybaratdyr.

Hut şonuň üçin hem, agrar ýurt bolan Türkmenistany senagat taýdan ösen döwlete öwürmek biziň ilkinji nobatdaky wezipelerimiziň biridir.

Ýurdumyzda ylmy ösdürmek hem döwletimiziň alyp barýan syýasatynyň strategiýasyna öwrüler.

Öňümizde durýan giň gerimli wezipeleri durmuşa geçirmek üçin, biz elbetde, iň täze tehnologiýalary, ylmyň we tehnikanyň gazananlaryny durmuşa ornaşdyrmagyň hasabyna ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmagy, netijede, Watanymyzda ylmy we bilimi mundan beýläk-de hil taýdan ösdürmegi göz öňünde tutýarys. Ylym we bilim bolsa, eziz Diýarymyzy ösdürmegiň ileri tutulýan iň esasy ugurlarynyň biri bolupdy we geljekde hem şeýle bolmagynda galar.

Bu wezipeler ýurdumyzyň ähli ýerlerinde diňe bir täze zawodlaryň we fabrikleriň guruljakdygyny däl-de, eýsem iň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen, gutarnykly önümçilik tapgyry bolan, ägirt uly senagat toplumlarynyň dörediljekdigini hem aňladýar.

Men ýurdumyzyň täze taryhy döwürdäki kanunalaýyk ösüşi türkmen jemgyýetiniň durmuşyna innowasiýalary ornaşdyrmak üçin esas bolup durýar diýip hasap edýärin.

Ýurdumyzy innowasiýalar ýoly bilen ösdürmegiň indiki tapgyry adamlaryň durmuşyny hil taýdan özgertmäge niýetlenen, türkmen jemgyýetiniň ösüşiniň durnuklylygyny, durmuşa ukyplylygyny we netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam berýän, anyk maksatlara gönükdirilen toplumlaýyn işleri alyp barmakdan ybaratdyr.

Täze döwür, elbetde, amala aşyrýan özgertmelerimizi kabul etmäge we goldamaga jemgyýetiň taýýar bolmagyny hem talap edýär.

Şonuň üçin hem, biz häzirki zamanyň ähli kommunikasiýa we multimedia tehnologiýalaryny ele alan işgärleriň we hünärmenleriň täze neslini taýýarlamaga aýratyn üns bereris.

Adamzat paýhasynyň gazanan häzirki zaman ösüşiniň iň çylşyrymly wezipelerini çözmäge ukyply, ösen maglumatlar jemgyýeti boljak biziň ýurdumyzyň geljegi şol adamlara bagly bolar.

Biz öz öňümizde ykdysady strategiýamyzyň ähli tebigy-geografik we durmuş-psihologik aýratynlyklaryna laýyk gelýän anyk wezipeleri goýýarys.

Biz ýurdumyzyň ähli mineral-çig mal serişdelerini adamlaryň abadan durmuşda ýaşamagyna gönükdireris, oba hojalyk, senagat hem-de nebitgaz önümleriniň doly möçberde gaýtadan işlenmegini gazanarys.

Oba hojalyk pudagynda biz öri meýdanlarynda bakylýan maldarçylykdan ähli öňdebaryjy enjamlar, awtomatlaşdyrylan tehnologiýalar bilen üpjün edilen maldarçylyk hojalyklaryna geçeris.

Ýurdumyzda ekinleriň täze, ýokary hasyl berýän görnüşlerini döretmegiň, şeýle hem ýyladyşhana hojalyklaryny giňden ornaşdyrmagyň netijesinde, ekerançylyk pudagy täze derejä göteriler.

Köpugurly suwaryş ulgamynyň ornaşdyrylmagy we suwarymly ekerançylygyň köp asyrlyk tejribesi bize oba hojalyk pudagyny suw bilen üpjün etmek meselesini doly çözmäge mümkinçilik berer. Biz ekerançylyk pudagyny ösdürmek arkaly, diňe bir ýurdumyzyň azyk garaşsyzlygyny doly üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa miwe we gök-bakja önümleriniň daşary ýurtlara köp möçberlerde iberilmegine hem garaşýarys.

Ykdysadyýetimiziň binýatlyk pudagy bolan energetika pudagy barada aýdylanda bolsa, bu ugurda iri nebitgaz ýataklaryny gözlemek we işe girizmek, «mawy ýangyjy» dünýä bazarlaryna ibermek wezipesinden ugur alyp, biz gaz geçiriji ulgamlary mundan beýläk-de ösdürmegi, uglewodorod serişdelerini düýpli gaýtadan işlemegi we benzin, polipropilen, suwuklandyrylan gaz, nebit önümleri ýaly dünýäde köp isleg bildirilýän ýokary hilli dürli önümleri öndürmegi göz öňünde tutýarys.

Men ýygy-ýygydan ýurdumyzyň welaýatlarynda iş saparlarynda bolup, adamlar bilen duşuşyp duramsoň, olaryň ýaşaýşy we durmuşy bilen bagly iň möhüm meseleleri oňat bilýärin.

Ýurdumyzyň her bir sebitinde, her bir aýratyn etrapda, şäherde we obada raýatlarymyz üçin ýokary ýaşaýyş-durmuş şertlerini döretmek biziň esasy üns berýän wezipämiz bolupdy we geljekde hem şeýle bolmagynda galar.

Bu wezipeler, esasan hem:

– ilatymyzyň girdejilerini yzygiderli artdyrmakdan;

– aýlyk zähmet haklaryny, pensiýalary, talyp haklaryny, kömek pullaryny köpeltmekden, ýaşaýyş-durmuş taýdan berilýän ýeňillikleri geljekde hem saklap galmakdan;

– ähli amatlyklary bolan, has oňaýly ýaşaýyş jaýlaryny, bilim, sport, şypahana-bejeriş, sagaldyş we saglyk merkezlerini, medeni-durmuş maksatly desgalary gurmakdan;

– maşgalany maddy taýdan goldamakdan ybaratdyr.

Biziň halkymyz maşgala we çagalara, berk bedenli, sagdyn we arassa ahlakly nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge hemaýat edýän maşgala däplerine aýratyn ähmiýet berýär.

Şonuň üçin hem, men 2012-nji ýylda her bir maşgalanyň ýaşaýyş-durmuş meseleleriniň çözülmegine gönükdirilen serişdeleri has köp möçberde goýbermegi maksadalaýyk hasaplaýaryn. Bu bolsa, maşgalany, eneligi we çagalygy goramak meselesini mundan beýläk-de üstünlikli çözmäge ýardam berer.

Hormatly watandaşlar!

Biz öz ýurdumyzy mundan beýläk-de abadanlaşdyrmagy dowam ederis. Eziz Diýarymyzda täze-täze etraplar dörär, ýaşaýyş toplumlary, mekdepler, hassahanalar, muzeýler we stadionlar gurlar. Biziň ýurdumyz häzirki döwürde ägirt uly gurluşyk meýdançasyna öwrüldi. Nesip bolsa, ýene-de az wagtdan şäherlerimizde we obalarymyzda täze-täze desgalaryň we binalaryň gurluşygy has güýçli depginler bilen alnyp barlar. Netijede, gözel görke giren şäherlerimizde we obalarymyzda hem adamlaryň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän ähli oňaýly şertler dörediler.

Biz sözüň doly manysynda, medeniýetimizi ösdürmegi we jemgyýetimiziň durmuşyna giňden ornaşdyrmagy hem dowam ederis. Türkmeniň ýurdy ähli döwürlerde hem milli möçberdäki ýiti zehinlere baý bolan mekandyr. Biz hemişe halkymyzyň gözellige bolan söýgüsini we islegini hemmetaraplaýyn höweslendirmäge çalşarys.

Ýurdumyzda syýahatçylygy ösdürmek, sagaldyş-şypahana ulgamyny özgertmek hem geljekde döwletimizde alnyp barylýan işleriň möhüm ugularynyň biri bolar!

Häzirki wagtda Hazaryň kenarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny döretmek bilen bagly iri taslamalary durmuşa geçirmek boýunça işler güýçli depginler bilen alnyp barylýar. Bu ýerde ajaýyp, owadan myhmanhanalar, ähli amatlyklary bolan sagaldyş merkezleri yzygiderli gurulýar.

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagy biziň häzirki döwürde amala aşyrýan iri möçberli we örän uly ähmiýet berýän taslamalarymyzyň biridir.

Ýurdumyza gelýän girdejileri artdyrmaga mümkinçilik berjek bu taslama daşky gurşawy we tebigaty goramak boýunça çäreleri hem öz içine alýar.

Biz jemgyýetimiziň syýasy ulgamyny hem kämilleşdirmelidiris, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýeti pugtalandyrmalydyrys, jemgyýetçilik institutlaryny mundan beýläk-de demokratiýa ýoly bilen ösdürmelidiris. Sebäbi, häzirki döwürde jemgyýetçilik guramalarynyň we birleşmeleriniň işini täzeçe guramak zerurlygy ýüze çykdy. Bu guramalaryň geljekde alyp barjak işleri we kabul edýän çözgütleri döwrüň talaplaryna, döwletimiziň ösüşiniň täze tapgyrynyň wezipelerine we biziň alyp barýan syýasatymyza laýyk gelmelidir.

Halkymyz bilen, ýaşulularymyz bilen maslahatlaşyp, dogry çözgütleri gözlemek we kabul etmek bize ata-babalarymyzdan galan iň beýik demokratik mirasymyzdyr, biz bu mirasy syýasy tejribämizde geljekde hem ulanarys.

Biz ýurdumyzy demokratiýalaşdyrmak boýunça alyp barýan işlerimizde raýat jemgyýetiniň guramalaryna aýratyn ähmiýet berýäris. Bu guramalaryň işini talaba laýyk ýola goýmazdan, döwletimizi mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmagy göz öňüne getirmek hem kyndyr.

Bu wezipeleri üstünlikli çözmek üçin biziň ýurdumyzda ýokary syýasy erkiň hem, düýpli kadalaşdyryjy-hukuk binýadynyň hem bardygyny bellemek möhümdir. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletimiziň mundan beýläk-de öňe gitmegine we gülläp ösmegine ýardam bermek bilen, ýurdumyzyň raýatlarynyň jemgyýetçilik birleşmelerini döretmäge bolan hukugyny amala aşyrmagynyň baş kepili bolup durýar.

Mundan başga-da, Esasy kanunymyzyň 10-njy maddasynda telekeçiligiň, kiçi we orta işewürligiň ösmegine döwlet tarapyndan ýardam berilýändigi bellenýär. Bu ugurda biz anyk işleri, şol sanda milli kanunçylygymyzy kämilleşdirmek, salgyt we maýa goýum şertlerini ýeňilleşdirmek boýunça zerur işleri amala aşyrdyk.

Biz geljekde hem ykdysadyýetimiziň döwlete dahylsyz bölegini çalt depginler bilen ösdürmegi, ýokary tehnologiýaly, dünýä bazarynda bäsleşige ukyply hususy telekeçiligiň döremegine ýardam bermegi göz öňünde tutýarys. Şeýle hem, oba hojalygynda hususy telekeçiligi ösdürmek üçin amatly şertleri döretmegi maksat edinýäris.

Ýurdumyzda eýýäm öz düzüminde senagatçylary we telekeçileri birleşdirýän, telekeçiligi ösdürmäge işjeň ýardam berýän jemgyýetçilik guramasy hereket edýär we onuň bu ugurda gowy tejribesi bar.

Soňky ýyllarda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi diňe ýurdumyzda däl-de, eýsem onuň çäklerinden daşarda hem uly abraýa eýe boldy. Bu Birleşmäniň öz döwrebap işewürlik toplumy, «Rysgal» paýdarlar täjirçilik banky we üstünlikli işleýän ilkinji hususy neşiri – «Rysgal» gazeti bar.

Raýat jemgyýetine mahsus bolan jemgyýetçilik guramalaryny döwlet gurluşynyň wezipelerini çözmekde, ilkinji nobatda bolsa, ýaşaýyş-durmuş syýasatyny amala aşyrmakda ygtybarly hyzmatdaş hasap edýändigimizi ýene-de bir gezek nygtamak isleýärin.

Demokratik institutlary ösdürmek ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyna raýatlaryň işjeň gatnaşmagynyň möhüm şerti bolup durýar, bu bolsa adamlaryň raýatlyk medeniýetiniň kemala gelmegine we ösmegine ýardam bermekde örän möhüm ähmiýete eýedir.

Jemgyýetçilik ynamy, raýatlaryň işjeňligi, arkalaşykly işlemek, adam hukuklaryna we azatlyklaryna hormat goýmak diňe bir raýat jemgyýetiniň jebisleşmeginiň esasy şertleri bolmak bilen çäklenmän, eýsem hakyky halk häkimiýetiniň berkarar bolmagynyň hem zerur şertleri bolup durýar.

Men şeýle hem, Türkmen döwletiniň demokratik ýol bilen ösüşiniň täze tapgyrynda saýlawly ýerli wekilçilikli häkimiýet edaralarynyň – welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň işiniň netijeliligini artdyrmagyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň – geňeşleriň jemgyýetçilik - syýasy ulgamdaky ornuny ýokarlandyrmagyň möhümdigini bellemek isleýärin.

Ýerli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň netijeli işlemegi serişdeleriň adalatly paýlanmagyna we durnukly artdyrylmagyna, telekeçiligiň ösmegine, dolandyryş ulgamyna raýat jemgyýetiniň has işjeň gatnaşmagyna ýardam berýär.

Şonuň bilen baglylykda, men ýerli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň hukuk ýagdaýyny ýokarlandyrmagyň, döwlete degişli ygtyýarlyklaryň bir bölegini olara bermegiň wagty ýetdi diýip hasap edýärin.

Şeýle hem biz ýurdumyzda täze partiýalary döretmek we garaşsyz köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini talaba laýyk guramak ugrunda çykyş edýäris.

Ýöne bize halkymyzy jebisleşdirjek, adamlary berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda yhlas bilen, tutanýerli zähmet çekmäge ruhlandyrjak partiýalaryň zerurdygyny bellemek isleýärin.

Biz halkara terrorçylygyna, ekstremize, serhetüsti guramaçylykly jenaýatçylyga, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna, korrupsiýa garşy alnyp barylýan göreşi halkara guramalary bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmek arkaly dowam ederis.

Ýurdumyzyň Harby doktrinasy goranmak häsiýetlidir, ýöne bu biziň döwletimiziň harby ugurda iň täze gazanylan üstünliklerden çetde durjakdygyny aňlatmaýar.

Biziň halkymyza mahsus bolan watançylyk, Watany söýmek duýgulary häzirki zaman ýörelgelerine we talaplaryna laýyklykda özgerdilýän Ýaragly Güýçlerimizde gulluk edýän, ýurdumyzyň çäkleriniň bitewüligini we özygtyýarlylygyny goraýan harby gullukçylarymyzyň hünär endiklerine hem ornaşdyrylýar.

Milli goşunymyz, harby-deňiz güýçlerimiz, serhet goşunlarymyz, hukuk goraýjy edaralarymyz, şeýle hem olary häzirki zaman ýaraglary bilen üpjün etmek, harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak Hökümetimiziň hemişe üns berýän ugurlary bolar.

Biziň Watanymyz – adamlar üçin we adamlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagynyň hatyrasyna berkarar edilen döwletdir. Şeýle ajaýyp ýurdumyzda şahsyýetiň ähli hukuklary doly berjaý edilýär we geljekde hem üýtgewsiz berjaý ediler, adamyň mertebesine hormat goýlar, onuň zehinine, başarnygyna we hünär ussatlygyna ýokary baha berler, şahsyýetiň erkin ösmegi, öz ukybyny we başarnygyny amala aşyrmagy üçin ähli amatly şertler dörediler.

Hormatly watandaşlar!

Men öz mähriban halkymyň öňündäki borjumy ýurdumyzyň raýatlarynyň abadan we parahat durmuşda, geljegine ynamly bolup ýaşamagy üçin ähli şertleri döretmekde, Garaşsyz Watanymyzyň halkara abraýyny pugtalandyrmakda, eziz Diýarymyzyň gülläp ösmeginde görýärin. Berkarar Watanymyzyň aýdyň geljegine barýan bu ýolda meniň esasy daýanjym mähriban halkym bolar!

Biziň bilelikde, agzybirlikde we jebislikde amala aşyrjak işlerimiziň netijesinde ýokary derejede ösen häzirki zaman maglumatlar jemgyýetini döretmek we kuwwatly döwleti gurmak baradaky ähli arzuwlarymyzy we maksatlarymyzy üstünlikli amala aşyryp, ýurdumyzyň her bir raýatynyň abadan hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertleri döretjekdigimize men pugta ynanýaryn!

Üns berip diňläniňiz üçin, sag boluň!

Sözümiň ahyrynda men ýurdumyzyň teleýaýlymlarynda we beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde maňa berlen wagty Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär beýleki adamlara bermegi Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi topardan haýyş edýärin.

Sag boluň!

Kakageldi Abdullaýew düzet

Saparmyrat Batyrow düzet

Rejep Bazarow düzet

Türkmen halkynyň ägirt uly döredijilik mümkinçilikleri netijesinde taryhy ölçegler boýunça gysga möhletlerde Türkmenistan ykdysadyýetde, saglygy goraýyşda, durmuş we beýleki ugurlarda ägirt uly üstünlikler gazandy. Onuň halkara abraýy has-da ýokarlandy. Ýurdumyzda uly dabaralar bilen bellenip geçilen Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygy ýurdumyzda durmuşa geçirilen beýik özgertmeleriň aýdyň beýany boldy. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda täze Galkynyş eýýamynda ýurdumyzyň her bir raýaty mähriban Diýarymyzda amala aşyrylýan "Döwlet adam üçindir!" diýen ajaýyp syýasatyň iş ýüzünde amala aşyrylyşyny öz durmuşynda gördi. Häzirki döwürde amala aşyrylýan köpugurly maksatnamalar, durmuşa geçirilýän ägirt uly özgertmeler her bir ynsanyň we tutuş jemgyýetiň bähbidini göz öňünde tutýar. Sebitiň "Binagärlik dürdänesi" diýlip atlandyrylýan ajaýyp Aşgabady, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny, durky täzelenen Esenguly şäherçesini, tarp ýerlerde döredilen täze Altyn sähra, Döwletli, Ruhubelent etraplaryny, el bilen döredilen gudraty - ägirt uly "Altyn asyr" Türkmen kölüni, Gökderedäki çagalar sagaldyş merkezlerini, ykdysady, durmuş we medeni taýdan özgeren ýurdumyzyň welaýatlaryny görmäge göz gerek.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz bu gün ata-babalarymyzyň agzybir, parahat, oňşukly ýaşamagy ündän wesýetlerine ygrarly bolup, milli gymmatlyklary we bähbitleri gorap saklamagy, her raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny kepillendirip, jemgyýetiň asudalygyny hem milli agzybirligi üpjün etmäge, halk häkimiýetiniň we hukuk döwletiniň esaslaryny berkarar etmekde Esasy kanunyna, şeýle hem halkymyzy ýokary ruhubelentlige we täze Galkynyşa eýe bolmaga itergi berýän milli däplerine esaslanýar we baş ýörelge edinýär. Halkymyzyň ata-baba dowam edip gelýän özboluşly demokratiýasy esasynda geçmişde-de ata-babalarymyz her bir adamyň şahsy mertebesine, hukugyna sarpa goýup, milli demokratiýanyň özboluşly mekdebini kemala getirip, jemgyýete, halka daýanyp iş tutupdyrlar. Täze Galkynyş we beýik özgertmeler zamanasynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň täze redaksiýasynyň kabul edilmegi, milli kanunçylygyň yzygiderli kämilleşdirilmegi, adam hukuklary babatdaky halkara kadalarynyň işjeň ornaşdyrylmagy, döwletimizde türkmen jemgyýetiniň hukuk binýatlaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we ýurdumyzyň her bir raýatynyň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmäge ýardam edýär.

Döwletiň, jemgyýetiň we her bir şahsyýetiň bähbitleriniň birleşmegi, kanun esaslarynyň üpjün edilmegi gözel ýurdumyzyň has-da gülläp ösmegine, halkymyzyň bolelin, bagtyýar durmuşda ýaşamagyna mümkinçilik döredýär. Şonuň üçin geljekde-de türkmeniň mukaddes ýol-ýörelgelerinden gözbaş alýan milli demokratiýamyzyň has-da kämilleşmegi, jemgyýetimiziň jebisligi, ruhy gymmatlyklarymyza daýanmak bilen, halkymyzyň abadançylygyny, ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny has-da berkitmäge, mähriban Watanymyzda durnuklylygy, parahatçylygy, demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň binýadyny pugtalandyrmaga, halkymyzyň agzybirligini saklamaga gönükdirilen işleri durmuşa geçirmek üçin ähli tagallalary etjekdigime saýlawçylary ynandyrýaryn.

Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistan halkara gatnaşyklarynyň erkin, deňhukukly agzasyna öwrüldi.Ýurdumyzyň "Açyk gapylar" syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin halkara guramalary, goňşy we daşary döwletler bilen ynsanperwer, dost-doganlyk daşary syýasaty üstünlikli alnyp barylýar. Hoşniýetli, özara bähbitli gatnaşyklary we hyzmatdaşlyklary has-da giňeltmek, däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklary hemmetaraplaýyn pugtalandyrmak, milli bähbitlere laýyk gelýän köp ýyllyk hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmak, parahatçylyk söýüji ýurt hökmünde mähriban Watanymyzyň halkara derejesindäki at-abraýynyň mundan beýläk-de has-da artmagy üçin zerur çäreleri durmuşa geçirmekligi dowam etdireris.

1995-nji ýylda dünýäniň 185 döwletiniň biragyzdan ses bermeginde ykrar edilen Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesine laýyklykda parahatçylyk we hoşniýetli goňşuçylyk ugruny ýöredip, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki at-abraýynyň has-da artmagy, onuň parahatçylyk dörediji ýurt hökmündäki derejesiniň mundan beýläk-de ýokary göterilmegi üçin ähli tagallalary edip, häzirki zaman dünýäsiniň ählumumy ähmiýete eýe bolan meseleleriniň çözgüdini tapmak, syýasy, ykdysady we gumanitar ulgamda halkara gatnaşyklarynyň durnukly we häzirki zaman ulgamyny döretmegiň hatyrasyna zerur işleri durmuşa geçirjekdigimize saýlawçylary ynandyrýaryn.

Häzirki döwürde obany ösdürmek möhüm mesele bolup durýar. Obalarda ilata hyzmat ediş nokatlarynyň gerek bolan ähli görnüşlerini açyp, obada ýaşaýan we zähmet çekýän her bir maşgalany, şol sanda, ýaş maşgalalary alada bilen gurşap almak, olaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, ýaş çagaly eneleriň we çagalaryň saglygy hakynda hem-de Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan, ekleýjisini ýitiren, kömege mätäç, ýaşuly nesliň wekillerine kömek etmek, olaryň maşgalalary baradaky alada üns merkezimizde bolar. Her bir işde pähim-parasatly gojalarymyza maslahat salyp, olar bilen geňeşip, iş tutarys.

Täze Galkynyş we beýik özgertmeler zamanasynda ýurdumyzyň oba hojalygy hem geçirilýän düýpli özgertmeleriň netijesinde ösüşiň täze belentliklerine gadam basdy. Oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek üçin babadaýhanlarymyza öndürijilikli işlemäge, ýokary hasyl alyp, halal zähmetinden baýamaga döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilýär. Önümçilik-ykdysady gatnaşyklarynyň täze görnüşleriniň ýola goýulmagy netijesinde oba hojalyk önümlerini öndürijilere ykdysady ýeňillikleriň berilmegi, öňdebaryjy kärendeçileriň we ýer eýeleriniň, ussat mülkdarlaryň zähmetine ýokary baha berilmegi, döwlet bilen daýhanlaryň arasyndaky ykdysady gatnaşyklaryň aýdyň, sazlaşykly we özara peýdaly esasda ýola goýulmagy daýhanyň hem, döwletiň hem bähbitlerini goramaga gönükdirilip, Türkmenistanda oba hojalyk pudagyny ösdürmäge kuwwatly itergi berýär.

Oba hojalyk pudagy durmuş gatnaşyklaryna hem-de ykdysadyýete örän uly we köptaraplaýyn täsir edýär. Şonuň üçin obany we oba hojalyk önümçiligini ösdürmek Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň strategik wezipesi bolup durýar. Türkmenistanyň agrosenagat toplumynyň işi oba hojalyk ekinlerini ösdürmegiň möçberini ýokarlandyryp, azyk howpsuzlygyny üpjün etmäge, senagatyň çig mala bolan islegini kanagatlandyrmaga, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemeklige, şeýle-de bu ulgamda hususy bölegiň, şol sanda kiçi we orta telekeçiligiň mundan beýläk hem ösdürilmegine goldaw bermeklige gönükdiriler.

Türkmenistanyň oba hojalygyny düýpli özgertmek, oba hojalygyny ösdürmegiň ylmy esaslaryny pugtalandyrmak, bugdaýyň, gowaçanyň we beýleki ekinleriň tohumçylygyny kämilleşdirmek, ýurdumyzyň howa, toprak şertlerine görä ýokary hasyl berýän sortlary önümçilige ornaşdyrmak boýunça işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak babatda bu ugurda mundan beýläk-de berk hukuk binýadyny döretmek boýunça işler durmuşa geçiriler.

Her welaýatyň toprak-howa şertlerinde ýokary hasyl berýän, önüminiň hili gowy, ýaramsyz şertlere-aýaza, gurakçylyga, toprak şorlamasyna, kesellere, zyýankeş mör-möjeklere, haşal otlara durnukly sortlary döretmek, gowaçadan, bugdaýdan, şalydan, gant şugundyryndan talabalaýyk derejede ýokary hasyly almak, depginli tehnologiýada oba hojalyk ekinlerini ylmy esasly ekin dolanşygy şertlerinde ösdürip ýetişdirmegiň tärleriniň, düzgünleriniň, tehnologik kartasyny işläp düzmek barada düýpli ylmy-barlaglary geçirmek şu günün örän derwaýys we wajyp meselesidir. Ekinleriň, aýratyn hem gowaçanyň ir ýetişýän sortlaryny döretmäge, ony çalt önümçilige ornaşdyrmaga ünsi güýçlendirmek zerur bolup durýar. Ekin meýdanlarynyň agrotehniki kadalara laýyklykda giňeldilmegini, tekizlenilmegini, pagtaçylykda el zähmetiniň kemeldilmegini, hasylyň esasy böleginiň maşynlaryň güýji bilen ýygylmagyny ýola goýmaly.

Welaýatlaryň senagatynda öndürilýän önümleriň ýurdumyzyň eksport kuwwatlylygynda tutyan paýyny, welaýatlaryň senagatynyň ösüşine kiçi we orta telekeçiligiň goşýan goşandyny artdyrmaly, önümlerini gönüden-göni bazarlara çykarýan, bäsleşige ukyply kärhanalary döretmeli we olaryň kadaly ösüşini üpjün etmedi, ýokary öndürijilikli enjamlary ornaşdyrmagyň esasynda hereket edýän kärhanalaryň esasy senagat-önümçilik serişdeleriniň durkunyň täzelenmegini çaltlandyrmaly, senagat önümçiligini düýpli diwersifikasiýalaşdyrmaly, ýeňil we azyk senagatynyň önümçilik mümkinçiliklerini welaýatlaryň ilatynyň islegini doly kanagatlandyrmaga we welaýatlaryň çäginden daşyna çykarmaga niýetlenen derejelere götermeli.

Türkmen halkynyn milli baýlygy we buýsanjy bolan ahal-teke atlarynyň gadymy nusgalaryny gorap saklamak, ata-babalarymyzyň ýadawsyz zähmetiniň netijesinde syn-sypaty asyrlarboýy kämilleşdirilip gelnen behişdi bedewlerimiziň dünýä dolan şan-şöhratyny has-da belende götermek, ýurdumyzda oýlanyşykly alnyp barylýan ylmy seçgi-tohumçylyk işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak, behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şöhratyny has-da belende galdyrmak hem-de türkmen atçylyk sportuny halkara derejelerine laýyklykda ösdürmek barada ähli tagallalary ederis.

Türkmen döwletiniň şöhratly bäş müň ýyllyk taryhynyň dowamynda türkmen halky suwa uly sarpa goýup gelipdir. Ata-babalarymyzyň suwa aýawly garamak, ony tygşytly ulanmak baradaky sargytlary biziň günlerimize gelip ýetipdir. Garaşsyzlyk döwründe tebigy baýlyklara baý bolan Türkmenistan döwletimiziň mukaddes baýlygy, onuň gülläp ösmeginiň we abadançylygynyň egsilmez gözbaşy, halkymyzyň eklenç hem ýaşaýyş çeşmesiniň gözbaşlarynyň biri bolan suwy ulanmak we ilaty suw bilen üpjün etmek meseleleri döwlet syýasatyna öwrülip, milletiň durmuşynyň derejesini ýokarlandyrmakda we saglygyny berkitmekde esasy ýörelge boldy.

Ýurdumyzyň ähli ilatly ýerlerini arassa agyz suwy bilen doly üpjün etmek üçin suwy arassalamagyň we baýlaşdyrmagyň, suw geçiriji ulgamlary gurmagyň iň öňdebaryjy tehnologiýalary esasynda her şäherde we etrapda suw arassalaýjy desgalary, arassa agyz suwuny öndürýän kiçi kärhanalaryň gurulmagy ata Watanymyzyň rowaçlygy, häzirki we geljekki nesilleriň bagtly durmuşda we abadançylykda sagdyn ýaşamaklary üçin şert döreder.

Tebigaty goramaklygy kadalaşdyrýan degişli halkara hukuk namalary esasynda sebitiň suw-energiýa problemalary bilen baglanyşykly möhüm meselelerini çözmek, ýurdumyzda suw gytçylygynyň bolmazlygy üçin halkara başlangyçlaryny öňe sürmek bilen, milli bähbitleri häzirki zamanyň öňe sürýän syýasaty bilen baglanyşdyryp, Merkezi Aziýanyň suw resurslarynyň netijeli peýdalanylmagy bilen bagly meseleleri halkara hukuklarynyň ýörelgeleri esasynda çözmek barada işler durmuşa geçiriler.

Garagum çölüni gülzarlyga öwürjek, ýurdumyzyň ätiýaçlyk suwlaryny ep-ýesli artdyrmaga, ýerleriň şorlaşmagynyň, suwa basdyrylmagynyň öňüni almaga mümkünçilik berjek ajaýyp Türkmen köli suw serişdeleriniň peýdalanylyşynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň azyk garaşsyzlygyny pugtalandyrmaga ygtybarly kepil döredýär. Dünýäde durnukly ösüşiň esasy faktorlarynyň biri bolan azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, daşymyzy gurşap alan tebigaty goramak we suwdan peýdalanmagyň ekologiýa meselelerini çözmek, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek, ilaty özümizde öndürilýän azyk önümleri bilen doly üpjün etmek boýunça möhüm meselelere uly üns berip, zähmetsöýer halkymyz bilen suwuň her damjasyny tygşytly peýdalanyp, bereketli topragymyzdan gyzyla barabar hasyl öndürip, ýurdumyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň abadançylykda, bolçulykda ýaşamagy üçin zerur işleri dowam etdireris.

Ýurdumyzyň welaýatlarynyň senagat taýdan ösüşini düýpli ýokarlandyrmak, ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça degişli işleri amala aşyrmak wezipesi möhüm bolup durýar. Täze Galkynyş we beýik özgertmeler zamanasynda “Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň sebitleriniň öndüriji güýçlerini ýokary derejede netijeli ulanmak, olaryň amatly geografiki ýerleşişinden doly peýdalanmak, senagatynyň pudaklaýyn ösüşini diwersifikasiýalaşdyrmak, täze döwrebap enjamlaşdyrylan iş orunlaryny döretmek boýunça toplumlaýyn işler durmuşa geçiriler.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda amala aşyrylýan ägirt uly işler geljekde-de uly özgertmeleri talap edýär. Türkmenistanyň öz taryhynyň täze tapgyryny başdan geçirýän döwründe eziz Watanymyzyň we mähriban halkymyzyň abadançylygynyň hatyrasyna, ýurdumyzy syýasy, ykdysady we medeni taýdan ösdürmekde, Watanymyzyň abraýyny, şöhratyny we mertebesini artdyrmakda türkmenistanyň her bir raýatyndan ägirt uly tagallalar talap edilýär.

Asly halal, sada, ähmetsöýer, agzybir halkymyz bilen bilelikde Garaşsyzlygymyzyň 20 ýyly içinde toplanan tejribäni öwrenmek we ony döredijilikli ulanmak bilen, Türkmenistanyň täze, Galkynyş eýýamynda mundan beýläk hem has kuwwatly ösmegi, halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamagy, olaryň ýaşaýyş derejesiniň has-da ýokarlanmagy, "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny" ýerine ýetirmek, türkmen halkynyň abadançylykda, bolçulykda erkana ýaşamagyny we işlemegini gazanmak, döwletimiziň ykdysady mümkinçiliklerini has-da netijeli peýdalanmak ugrunda özümiň ähli bilimimi, tejribämi, gujur-gaýratymy gaýgyrman ak ýürekden zähmet çekjekdigime ynandyrýaryn.

Esendurdy Gaýypow düzet

Gurbanmämmet Mollaniýazow düzet

Ýarmuhammet Orazgulyýew düzet

Annageldi Ýazmyradow düzet

Çeşme düzet