Tekeşiň aramgähiDaşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda ýadygärlik.

Ýadygärligiň taryhy

düzet

Horezm şa Tekeşiň aramgähi ýerli ilatyň arasynda Gök gümmez ýa-da Şyh Şerep baba diýlip atlandyrylýar. Onuň şeýle rowaýaty bar: „Binagär Törebeg hanym üçin owadan ymarat bina etse-de, hanym her hili bahana tapyp, onuň işini kabul etmändir. Ol binagäri çeperçiligi pes hünärment hökmünde aýyplap durka, Şyh Şerep baba bu ymaraty satyn almak meýliniň bardygyny hanyma aýdypdyr. Şonda Törebeg hanym: „Bolýar, ýöne siz bu ymaratyň içini altyn bilen dolduryp beriň”- diýipdir. Diwana Şyh Şerep gümmeziň üstüne çykyp, tüýnükden ýeňini goýberipdir we altyn pullary ýagdyryp başlapdyr. Diwananyň ýeňinden guýulýan pullar ymaraty dolduryp, gupbanyň içini hem dolduranda, gupba çişip, darka ýarylypdyr. Törebeg hanym diňe şonda: „Indi boldy, baba” – diýenmiş. Emma Şyh Şerep baba gezip ýören diwana bolany üçin beýle haşamly ymaraty özüne mazar etmegi uslyp bilmän, ölenden soň diňe daşarda jaýlanmagyny wesýet edipdir”.

Taryhçy el-Juzjaniniň (XIII asyr) mongollaryň bu şäherde Ahçak atly köşkden we soltan Tekeşiň mazaryndan başga ähli ymaratlary ýykandyklaryny habar berýän maglumaty giňden mälimdir. Taryhçy Ibn as-Saýy özüniň “Jamy al-Muhtasar” atly kitabynda soltan Tekeşiň ölümi hakynda şeýle maglumat berýär: “Soltan Tekeş Horezmde (Ürgençde) hanafi mezhepliler üçin uly medrese we kitaphana bina etdiripdi we şol ýerde özüne hem uly mazar saldyrypdy. Ol şähristana-da – wepat bolanda ogly Alaeddin Muhammet onuň jesedini getirip şol mazarda jaýlady. Bu ymaratlary Tekeş Seljuklar bilen ýaryşyp saldyrdy”.

Ymaratyň içi inedördül meýilnamada bolup, onuň bir tarapy 11,5 metre deň. Dört diwary sekize öwrüp, ondan guşaga geçmek üçin edilen tagçalar hem ussatlyk bilen çykarylan. Beýleki uly ymaratlara garanyňda, soltan Tekeşiň mazarynyň diwarlaryny sekiz gyraňa öwürýän bu kese tagçalar örän ýeňil görünýär. Ýedi penjireden düşýän ýagtylyk hem şol ýeňilligi güýçlendirýär.

Aramgähiň gümmezi Ilarslanyň mazaryndaky ýaly ýaşyl kerpiçlerden ýygnalan nagyşlar bilen başlanýar, soňra bütinleý ýaşyl kerpiçler bilen örtülip, asman bilen goşulyp gidýän ýaly bolýar. Örüp çykarmasy aňsat bolmadyk çadyr şekilindäki gümmeziň galyňlygy bir kerpijiň ininden, ýagny 27 santimetrden ybarat. Örmegi aňsatlaşdyrmak üçin gümmeziň içinden 12 sany gapyrga galdyrylypdyr. Bu gapyrgalaryň gümmez bilen özara sepleşigi ýokdur. Çadyr şekilindäki gümmezleriň gupba şekilindäkilerden has berk bolýandygy üçin bu ymarat biziň günlerimize çenli saklanyp galypdyr.

Çadyr görnüşli gümmeziň aşagynda aýlaw boýunça güberçeklenip ýazylan arapça gurhan ýazgylary bilen (häzir olaryň diňe bölekleri galypdyr) tutuş mawy zolak guşalypdyr. Gümmeziň ýokarky üçden ikisi tutuşlaýyn „arça” şekilinde örülen mawy syrçaly kerpiç bilen ýüzlenipdir. Aramgähiň içki giňişligi hem onuň daşy ýaly sünnälenipdir.

Aramgähiň möçberi hem-de onuň bezeginiň baýlygy ony patyşalyk sürýän taryhy şahsyň guburynyň üstüne bina edilip bilinjek desgalaryň hataryna goşmaga mümkinçilik berýär. Hakykatdan-da gurluşyk iňňän beýik we adaty bolmadyk arhitektura ussatlygy bilen ýerine ýetirilipdir. Bu aramgähiň Horezm şasy Alaeddin Tekeş-ibn Ilarslanyň ady bilen baglaşdyrylmagy, onuň bina edilen wagtynyň XII asyryň ilkinji ýarymyna degişlidigini kesgitleýär.

Çeşme

düzet

gollanma maglumat merkezi