Tirmizî (Arapça|الترمذي) (dogluşy: 824-nji ýyl, Tirmiz - ýogalyşy 892-nji ýyl) IX. asyrda ýaşan Pars hadys alymy.

Ebu İsa Muhammed bin İsa bin Sewre bin Musa bin Dahhak es Sulemi
Doglan wagty we ýeri824-nji ýyl
Tirmiz
Aradan çykan wagty we ýeri892-nji ýyl
Tirmiz

Kutub as Sitta ady bilen bilinýän 6 hadys kitabyndan Al Jamius Sahihiň ýazarydyr.

Durmuşy düzet

Häzirki Özbegistandaky Tirmiz şäheriniň Bug obasynda 824-nji ýylda doguldy. Maşgalasy häzirki Türkmenistanyň Merw şäherinden Tirmiz şäherine göçendir.

Tirmiziniň kör bolup doglandygy ýa-da doglanyndan soňky döwürlerde kör bolandygy hakynda çeşmelerde bellenip geçilýär. Ilkinji bilimi alanyndan soňra, 849-njy ýyldan soň, ylym işlerinde hadys ylmyna has köp üns bermäge başlaýar. Hadyslary jemlemek maksady bilen Horasan, Yrak we Hijazda saparlarda boldy. Başda Buhari, Muslim we Ebu Dawud ýaly birnäçe alymdan hadys aldy. Tirmiziniň özünden bolsa, Heýsem bin Kulab el Sasi, Mekhul bin el Fald, Muhammed bin Mahbub el Mahbubi el Merwezi ýaly alymlar hadys rowaýat etdiler.

Eserleri düzet

Tirmizi Kitabul İlel, Kitabus Semail, Kitabu Esmais Sahabe, Kitabul Esma wel Kuna ýaly eserler ýazan hem bolsa, esasan, es Sünen hem diýilýän el Jamiul Kebir atly eseri bilen belli boldy. Tirmizi, bu eserde diňe hadyslary jemlemek bilen çäklenmän, her hadysyň soňunda "Ebu İsa diýýär ki" diýip hadys hakyndaky öz düşünjelerini we pikirlerini ýazypdyr. Hadyslary Yslam hukugynyň mowzuklaryna gabat geljek şekilde ýazmagy, şol bir ýazgyny ikilenç gaýtalamakdan daşda durmagy, eserinden peýdalanmak üçin ýeňillikler döredendir. Tirmizi, öz eseri hakynda şeýle diýýär: "Men bu Jamiul Kebiri ýazyp gutaranymdan soňra, ony ilki bilen Hijaz alymlaryna görkezdim. Hemmesiniň hem göwnünden turdy. Has soňlar hem Yrak alymlaryna görkezdim. Olar hem hemmesi birlikde bu eseri öwüp, golladylar. Iň soňunda Horasan diýarynyň alymlaryna görkezdim. Olar hem örän begendiler, şeýlelikde, eseri ylym älemine hödürledim. Bu eser kimiň öýünde bolsa, ol ýerde gürleýän Pygamber bardyr".

Andalus alymlaryndan biri, Tirmiziniň eseriniň aýratynlyklaryny we bahasyny, ýazan şygrynda şeýle düşündirýär:

"Tirmiziniň kitaby bir ylym bakjasydyr. Gülleri edil asmandaky ýyldyzlaryň ýagtylygny ýatladýar...”

"Hadyslaryň iň beýik ýeri sahyhlardyr. Olar nurly ýyldyzlar kimin, her tarapy ýagtyldýarlar...”

"Ondan, biz hem hadyslar ýazdyk; eseri biz hem rowaýat etdik. Bu işi, Jennet çaýynyň suwyndan gana-gana içmek niýeti bilen etdik."

"Düşünje, many deňzine çümdi. Ol ýerden iň dogry manylara ýetdi. Rahman bolan Allah, Ebu Isa et Tirmiziniň bu abraýly işi sebäpli haýyr üstüne haýyr berip buşdulasyn".