O‘zbekiston Respublikasi
Özbegistan Respublikasy
Özbegistanyň baýdagy Özbegistanyň gerbi
Özbegistanyň baýdagy Özbegistanyň gerbi
Paýtagt Daşkent
Prezident Şawkat Mirziýoýew
Baş bakan Abdulla Aripow
Dil Özbek dili
Gimn Özbegistanyň gimni
Meýdany 448.900[1] km²
Ilat
 – ilat/km²
37.139.008[2]
  59/km²
Garaşsyzlyk 1991 Awgust 31
Pul Özbegistan somy
Wagt UTC +5
Telefon kod 998
Internet TLD .uz

Özbegistan Merkezi Aziýanyň merkezi we demirgazyk-günbatar böleginde ýerleşýän döwletdir. Ol gündogarda Gyrgyzystan we Täjigistan, günortada Owganystan, günorta-günbatarda Türkmenistan we demirgazykda Gazagystan bilen serhetleşýär.

Ýurduň umumy tutýan meýdany 447,9 müň inedördül kilometre barabar. Onun 425,4 müň inedördül kilometrini guryýer, 22 müň inedördül kilometrini bolsa suw tutýar. Özbegistanyň guryýer serhediniň umumy uzynlygy 6221 kilometr bolup, Owganystan bilen 137 kilometre, Gazagystan bilen 2203 kilometre, Gyrgyzystan bilen 1099 kilometre, Täjigistan bilen 1161 kilometre we Türkmenistan bilen 1621 kilometre barabar serhedi bar.

Ýurduň agramly bölegini düzlükler (bäşden dört bölegini) tutýar. Olaryň iň ulusyna Turan düzlügi diýilýär. Ýurduň guňdögar we demirgazyk-gündogaryny Týan-Şan we Pamir daglarynyň şahasy tutýar. Şol ýerde-de ýurduň iň beýik dag gerşi (4643 metr) ýerleşýär. Ýurduň merkezinde bolsa dünýäniň iň uly çöllerinin biri bolan Gyzylgum ýaýlyp ýatyr.

Özbegistan gazylyp alynýan tebigy baýlyklara-da baý. Ýurtda tebigy gazyň, daş kömrüniň, altyn, wolfram, nebitiň we beýleki magdanlaryň gory bar. Ýurduň çäginden Amyderýa we Syrderýa akyp geçýär. Şeýle hem Özbegistanda birnäçe emeli köller bar. Olaryň biri Çardarin suw howdanydyr.

Döwlet gurluşy

düzet

1992-nji ýylyň dekabr aýynyň 8-indäki Konstitusiýa laýyklykda, Özbegistan prezident Respublikasydyr. Döwlet baştutany - prezident. Prezident ählihalk saýlawlary esasynda saýlanýar. Ozal Prezident bäş ýyllyga saýlanýan bolsa, 2002-nji ýylda Konstitusiýa üýtgetmeler girizilip, prezidentlik möhleti 7 ýyla çykaryldy. Prezident giň ygtyýarlyklardan peýdalanýar. Ol diňe bir Konstitusiýanyň we kanunlaryň goraglygynyň kepili bolmak bilen çäklenmän, eýsem-de bolsa, hökümet başlygyny, hökümetiň agzalaryny, baş prokurory we onun orunbasaryny (mejlisiň tassyklamagy boýunça) we beýlekileri wezipä belleýär.

Prezident Yslam Karimow 1990-njy ýyldan bäri ýurduň baştutany bolup gelýär. Ýokary kanun çykaryjy organy - parlament - Oliý Majlis. Özbegistan hökümeti – Ministrler kabineti. Prezident tarapyndan bellenýär

Ýerli häkimiýet organlary

düzet

Özbegistan administratiw taýdan 12 welaýata, Garagalpagystan awtonom respublikasyna we paýtagt şäher Daşkende bölünýär. Ýerli häkimiýeti häkimler dolandyrýar. Olary Prezident belleýär we ýerli saýlaw organlary tarapyndan tassyklanýar. Garagalpagystanda özüniň ministrler geňeşi bar.

Özbegistanda 30 million 485 müň adam ýaşaýar. Ilatyň 80 göterimini özbekler tutýar. Şeýle hem ýurtda 100-den gowrak milletden adam ýaşaýar. Ýylda ilat sany 1,67 göterim artýar. Özbegistanda dogluş derejesi 2005-nji ýylda 1000 adama 26,22 adam boldy. Orta ýaş dowamlylygy - 64,19 ýyl.4% te türkmenler orun alyar

Döwlet dili

düzet

Döwlet dili - özbek dili. Ýurduň ilatynyň 74 göterimi özbek dilinde gürleýär. Şäherlerde rus dili ýaýrandyr, şäher ilatynyň 14 göterimi rus dilinde gürleşýär. Konstitusiýa laýyklykda, Özbegistan dünýewi döwlet hasaplanýar. Ilatyň 88 göterimi yslam dinine, 9 göterimi bolsa hristian dinine uýýar.

Şäherleri

düzet

Ilatyň 42 göterimi şäherlerde ýaşaýar. Iň iri şäheri - Daşkent. Ýurduň paýtagtynda 2,3 million adam ýaşaýar. Rus ilatynyň ýarysyndan gowragy Daşkentde ýaşaýar we şäheriň ilatynyň 30 göterimini tutýar. 1966-njy ýylda şäherde ýer titräp, uly zyýana goýdy. Daşkent gysga wagtyň içinde täzeden dikeldildi. Daşkentde respublikanyň senagat kärhanalarynyň agramly bölegi ýerleşýär. Şonuň üçinem şäher ýurduň ykdysady, bilim we medeniýet merkezi hasaplanýar.

Samarkand ýurtda ululygy boýunça ikinjişäher. Samarkand - 1930-njy ýyla çenli Özbegistan SSR-niň paýtagty bolup, häzirem özüniň arhitektura ýadygärlikleri bilen meşhurdyr. Fergana jülgesinde hem birnäçe uly şäherleri bar: Namangan, Andijan, Fergana, Kokand. Şeýle hem ýurduň iri şäherleriniň arasynda Buharany hem agzaman geçmek bolmaz. Bu gadymy şäher uzak ýyllaryň dowamynda özbek halkynyň iri syýasy we medeniýet şäheri bolýar. Nöküs şäheri Garagalpak awtonom respublikasynyň paýtagtydyr.

Ykdysadyýeti

düzet

Özbegistan industrial-agrar ýurt hasaplanýar. Ýurduň halk hojalygynyň esasy pudaklary - dag magdany, ýeňil we azyk senagaty we maşyngurluşyk. Oba hojalygynda ekerançylyga uly üns berilýär. Özbegistan Respublikasynyň 2008-nji ýylyň 9 aýynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen maslahatda ýurduň ykdysadyýeti geçen ýyl sazlaşykly ösdi. Dokuz aýyň jemleri boýunça jemi içerki önüminiň ösüş depgini 9,4 göterime deň boldy. Senagat önümçiliginde 12,4 göterim, hojalyk harytlarynda 18.4 göterim, gurluşyk işlerinde 8.4 göterim, oba hojalygynda 4.1 göterim ösüş gazanyldy.

Ýurduň daşary söwdasyndaky we eksportundaky oňyn ösüş depginleri milli ykdysadyýetiň ösüşine saldamly goşant goşdy. Daşary söwda dolanyşygy 40,9 göterim, eksport bolsa 62,9 göterim ösdi. Özbegistanda kiçi telekeçiligiň ösdürilmegi üçin hem amatly mümkinçilikler döredilýär. Telekeçileriň öz işlerini sazlaşykly alyp barmagy üçin salgyt babatda käbir ýeňillikler döredilýär. 9 aýyň dowamynda 284 önümçilik desgasy ulanmaga berildi. Olaryň 112-si azyk, 39-sy ýeňil we dokma, 61-si gurluşyk, 8-si himiýa we nebit-himiýa, 5-si maşyngurluşyk, 8-si farmasewtika, 39-sy oba we tokaý hojalygy pudagyna degişli. Galan 12-si bolsa beýleki pudaklar boýunça amala aşyryldy.

2008-nji ýylda Kaşkadarýa welaýatynda ýyllyk kuwwaty 3,5 milliard kub metre barabar bolan gaz gysyjy kompressor stansiýasy gurlup ulanmaga tabşyryldy. Şeýle hem ýurtda 2008-nji ýylda 100,5 müň orunlyk 149 sany kollej, 13,8 müň orunlyk 22 sany liseý guruldy. Şol bir wagtyň özünde 210,2 müň orunlyk 634 mekdepde düýpli abatlaýyş işleri geçirildi. 184 sany çagalar sport toplumy, 20 oba lukman öýleri we 6083,4 müň inedördül kilometr ýaşaýyş jaýlary guruldy.

Geçen ýylyň tomsunda ýurduň ähli ýerinde 821 çagalar sagaldyş merkezleri ulanmaga taýýar edildi. Olarda 252034 çaga dynç aldy. Malim bolşy ýaly, 2008-nji ýyl ýurtda „Yaşlar ýyly" diýlip yglan edilipdi. Şonuň üçin 1103,2 milliard sum pul goýberildi. 240 müňden gowrak ýokary we orta hünärment mekdeplerini tamamlan ýaşlar iş orunlary bilen üpjün edildi.

Özbegistanda ýaşlara maddy taýdan kömek berilýär. Işe ýerlemek gaznasyndan 1,5 müň adama 2045 million sum möçberinde äz möçberli karzlar berildi. Şeýle hem ýurduň banklary ýaş telekeçilere yzygiderli pul kömeklerini berip dur. Ýaş çatynjalary jaý bilen üpjün etmek maksady bilen jemi 45,9 milliard sum karz berildi. Oba yerlerinde 1200 ýaş mugallym maşgalalara jaý gurmak üçin ýer bölünip berildi. Dünýäniň köp ýurtlaryny gurşap alan maliýe-ykdysady krizise garamazdan, ýurduň ykdysadyýetiniň sazlaşykly ösüşini gazanmak maksady üçin dürli çäreler durmuşa geçirilýär.

Ýurduň gözel ýerleri

düzet
  • Daşkent: Özbegistanyň paýtagty. Daşkent ýurduň gadymy şäherleriniň biri hasaplanýar. Bizin eýýamymyzdan öň, II asyrlarda gündogaryň ýazuw çeşmelerinde Daşkent barada maglumatlar bar eken. Häzir Daşkent ýurduň iri megapolisi bolup, onda 2,5 million adam ýaşaýar. 1966-njy ýyldaky güýçli ýertitremesinden soň, şäher täzeden guruldy we ýurduň iň owadan we ajaýyp şäheriniň birine öwrüldi. Şäherde daşary ýurtly syýahatçylar üçin hem görmäge köp gözel ýerler bar.
  • Garaşsyzlyk meýdany: Özbegistan Respublikasynyň baş meýdanydyr. Ol özbek halkynyň garaşsyzlyk nyşany hasaplanýar. Bu ýerde ýurduň Ministrler Kabinetiniň we Senatyň binasy ýerleşýär.

Meydanda garaşsyzlygy alamatlandyrýan ýadygärlik bar.

  • Samarkand: "Dünýäniň iň gadymy şäherleriniň biri hasaplanýar. Rim bilen ýaşdaş, gadymy Ýüpek ýolunyň oazisi bolmak bilen beýik Teýmirleň imperiýasynyň paýtagty. Ol Özbegistanyň günorta-gündogarynda Zerawşan derýasynyň jülgesinde ýerleşýär.
  • Ulugbegiň obserwatoriýasy: XV asyrlarda Samarkandyň hökümdary Mirzo Ulugbek gündogaryň iň iri obserwatoriýasyny gurýar. Bu obserwatoriýa arkaly asman giňişligi barada möhüm maglumatlar alnypdyr.
  • Bibi hanym metjidi: Samarkanddaky Bibi hanym metjidi Gündogardaky iň iri metjitlerin biri. Teýmirleň bu metjidi owadan aýaly Bibi hanymyň hormatyna gurdurýar.
  • Şahy-Zinda aramgähi: Şahy-Zinda aramgähi köp sanly mawzoleýlerden durýar. Ol ýerde Samarkandyň belli-belli adamlary, patyşalary jaýlanypdyr.
  • Buhara: Buhara Gündogaryň iň gadymy şäherleriniň biridir. Ol Gyzylgumuň oazisinde ýerleşýär. Bizin eýýamymyzdan öňki III asyrlardaky hytaý çeşmelerinde Buharanyň uly we ösen şäherdigi barada maglumatlara duş gelmek bolýar. IX asyrda Buhara Samanidler döwletiniň merkezi bolýar. Buharada şahyrlar Ferdöwsi bilen Rudaki ýaşap geçipdir.
  • Hywa: Dünýäniň gadymy şäherleriniň biri. Hywa XVI-XVIII asyrlarda gülläp ösýär. Şol döwürlerde ol Hywa hanlygynyň paýtagty bolýar.

Türkmenistan-Özbegistan: giň möçberli hyzmatdaşlyga tarap Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda gatnaşyklary yzygiderli ösdürilýär. 2008-nji ýylda iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy 132,3 million dollara barabar boldy. Bu görkezijide 2007-nji ýyla garanyňda 38 göterim ösüş gazanyldy. Iki ýurduň arasyndaky gumanitar gatnaşyklar hem ösdürilýär. Ýurtlaryň medeniyet we sungat işgärleri Türkmenistan we Özbegistanda geçirilýän festiwallardyr sergilere yzygiderli gatnaşýarlar.

Administratiw Gurluşy

düzet
 
Özbegistanyň welaýatlary
Bölekler ISO 3166-2 Merkezi Meýdany (km²) Ilaty (2005) Ilat dykyzlygy No
Daşkent şäheri UZ-TK 327 2,829,300 8652 1
Andijan welaýaty UZ-AN Andijan 4,303 2,965,500 689 2
Buhara welaýaty UZ-BU Buhara 41,937 1,843,500 44 3
Daşkent welaýaty UZ-TO Nurafşan 15,258 2,424,100 159 12
Fergana welaýaty UZ-FA Fergana 7,005 3,564,800 509 4
Horezm welaýaty UZ-XO Ürgenç 6,464 1,776,700 275 13
Jyzzah welaýaty UZ-JI Jyzzah 21,179 1,301,000 61 5
Kaşkaderýa welaýaty UZ-QA Garşy 28,568 3,088,800 108 8
Namangan welaýaty UZ-NG Namangan 7,181 2,652,400 369 6
Nowaýy welaýaty UZ-NW Nowaýy 109,375 942,800 9 7
Samarkand welaýaty UZ-SA Samarkand 16,773 3,651,700 218 9
Surhanderýa welaýaty UZ-SU Termez 20,099 2,462,300 123 11
Syrderýa welaýaty UZ-SI Gülistan 4,276 803,100 188 10
Garagalpagystan awtonom respublikasy UZ-QR Nökis 161,358 1,817,500 11 14

Kaynag

düzet
  1. Государственный комитет Республики Узбекистан по статистике : Сведения о Республике Узбекистан
  2. Государственный комитет Республики Узбекистан по статистике : Информационная служба Госкомстата : Демографические данные – Новости ГКС


 
Türk döwletler we Awtonom türk döwletler
Türk döwletler:   Azerbaýjan  Gazagystan  Gyrgyzystan  Demirgazyk Kipr Türk Respublikasy
  Özbegistan  Türkiýe  Türkmenistan

Awtonom Türk Döwletler: Altaý Respublikasy | Baýan Ölgiý | Başgyrdystan | Çuwaşystan | Dagystan | Gündogar Türkistan | Dolgan-Nenes | Gagauzystan | Hakasiýa | Garagalpagystan | Kabarda-Balkariýa | Garaçaý-Çerkes | Krym Awtonom Respublikasy | Nahçywan | Tatarystan | Tuwa Respublikasy | Ýakudystan