Gurbanguly Berdimuhamedow düzet

Häzirki Türkmenistanyň prezidenti G. Berdimuhamedow ýene 7 ýyl öz prezidentlik wezipesinde oturmaly. Ýöne gynansakda onuň ýöredýän işlerinde ýa-da kanunlarynda türkmen halkyna peýda däl-de zyýany bar. Häzirki maglumata görä Türkmenistanda 40% halk işsiz otyr. Ýene 1 ýyldan soň nähili boljagyny Siz pikir edip görüň. Onuň edýän işlerinde düýbünden kanundan daşary çykýar. Gynansakda näme sebäpden aşakda oturan Kabinet Ministrler onuň işlerinde göz ýumýarlar. G. Berdimuhamedowyň Şwedsariýanyň bankynda öz durýan hasapatynda 65% pul Türkmenistanyň Döwlet bankyndan geçirilen, ýagny halkyň pulundan alynan. Şuwagt maglumata görä dünýäde Aziýa boýunça iň baý adamlaryň arasynda durýan orunlary barada Size mälim etmekçi: Türkmenistanyň Prezidenti G. Berdimuhamedowyň 9-njy orunda durýar. Iň esasanam onuň ýegeni Şammy (lakamy) Aziýa boýunça 13-nji orunda durýar. Eger habarly bolsaňyz Şammy öz girdejisiniň köp göterimini Türkmenistandaky “NATA“ gurluşyk edarasyndan alýar. Sebäbi Türkmenistandaky “NATA“ gurluşyk edarasy hut şonuň özi ýöretýär. Gynandyrýan zat şol gurluşykda işleýän işgärler aýlyklaryny hiç hili wagtynda alyp bilmeýärler. Egerde Siz şu maglumaty öz çeşmäňiziň ýa-da başga birleriniň üsti bilen gözlejek bolsaňyz, onda men Sizi gynandyrmaly boljak. Sebäbi hut Gurbanguly Berdimuhamedow öz islegi boýunça Dünýä sudunyň üsti bilen bu maglumatlary ýaýratmazlygyny haýyşt bilen ýüz tutdy. Şeýdip Siz bu çeşmeleri hiç ýerden tapyp bilmersiňiz. Ýaňky aýdyşym ýaly gurluşykda işleýän işgärler aýlyklaryny hiç hili wagtynda alyp bilmeýänliginiň ýene bir sebäbi aýlyklaryny bermejek bolup işlerinden boşatýarlar. Gurluşyklaryň işgärleri suda ýüz tutsalarda, Sutda oturanlaryň käbirleri para sebäpli arzalaryny düýbünden ýitirim edýärler. Men özüm barada aýdyp ýörmäýin. Jan –saglygymyň howp astynda bolmazlygyny isleýärin. Şu maglumatlary her gezek gören badyma gaty gynanýaryn. Indi halk habarsyz bolmasyn diýip pikir etdim. Sebäp müňläp halk Berdimuhamedowyň üsti bilen özlerini aldaýarlar. Halka ýene bir maglumat ýetirmek isleýärin. O-da köpüňiz Watan habarlar gepleşigini göreniňizde G. Berdimuhamedow köp ýygnaklarda uly wezipeli işgärleri gygyryp duýdyryş ýa-da käýinç berýär. Gysgaça ýygnagy gyzgynlygy bilen Size ýetirýärler. Aslynda bularyň barysy “Spektakl“. Mysal üçin, IIM-i Mülikowa näçe gezek duýduryş ýa-da käýinç bildirdi? Bunuň sebäbi bularyň barysy G. Berdimuhamedowyň öz adamlary. Hemmämiz türkmen halk bolup şunuň nokadyny goýmaly. Ýeke bolanyňdan topar bolanyň has gowy diýilişi ýaly munuň soňuna çykmaly. Azatlykradio, Türkmenistanyň hronikasy we mundan başka erkin habarlar diňe Türkmenistan döwletine däl, başka-da dünýä döwletlerine, iň esasanam Dünýä suduna ýetirerler diýip umyt edýärin. Meniň aýtjak bolýanym IMPIÇMENT. Mundan başga-da maglumatlary güýjim ýetdiginden şu erkin habarlaryň üsti bilen Türkmen halkyna ýetirerin. Erkin habarlar maglumaty öz okuýjylaryna hökmany suratda ýetirer diýip umyt edýärin. Eger meniň kimligim Size gyzykly bolsa. Maňa Ýagşyzada diýip ýüz tutaýyň. Özüm barada käbir maglumaty size berip biljek däl. Sebäbisini bilýänsiňiz. Geliň hakykatyň ýüzüne seretmekden gorkmaly.

Hormatlamak bilen Ýagşyzada.

Гурбангулы Бердимухамедов düzet

Türkmenıstanda G. Berdimuhamedow telewidiniýäniň üsti bilen “Para uly üns bererin. diýip tutuş halka ýüzlenýär. Emma nähili ýygnakda şolar ýaly söz diýsede, hiç kim üns bermeýärler. Sebäp türkmen halky G. Berdimuhamedowyň her geçirýän ýygnagy ýasamadygyny bilýärler. Türkmenistanda zatlaryň bahalary näçe ýokary galşy, ýaly işe girmek üçin bermeli paralaryň bagasy iki esse bolýar. Pullary ýok adamlar işsiz ýa-da çöreksiz ýaşamaly bolýarlar. Käbirleri öz çagalaryny ekläp bilmän, utanyp öz janlaryna kast etýärler. Türkmenistanda eýýäm 42% bular ýaly wakalar bolup geçipdir. Meniň özüm ýokary bilimli, ugrum mugallymçylyk. Emma Türkmenistanda mugallymçylyk ugry boýunça 68%-i aýal maşgalany alýarlar. Eger Watan habarlar gepleşigine syn berseňiz Berdimuhamedow täze açýan mekdeplerinde ýa-da ýokary okuw jaýlarynda öňünde durup çykyş edýänler aýal maşgalalar. Özüm (Adym Aşyrmyrat) 7 ýyl gezek garano (okuw işleri boýunça bilim müdürligine), Bilim ministrligine we Aşgabadyň häkimine arza bilen ýüz tutdum. Hiç hili peýda bolmady. Mysal üçin: Garanonyň 5-nji etažynda kadrlar bölüminde Bahar Kurbanowna atly aýal maşgala işleýär. Şonuň özi seniň bilen başka bir kabineta geçip, açyk ýüzbe ýüz para barada gürrüň açýar: “Näçe berip biljek.” diýip senden soraýar. Şolar ýaly wakalar Türkmenistanda kän duş gelip bolýar. Türkmen halk öz içinde Gurbanguly Berdimuhamedow barada İMPİÇMENT sözi kän agzalýar. Menem goldaýaryn. Nesip bolsa şeýle-de bolar.

Birža truda 3 ýyl 7 aý bäri özüme iş gözlemek üçin baryp gaýtýaryn. Emma tagtada asylyp duran “Boş iş orunlaryna” jaň etsem, hemmelerem “Kim diýýär. Biziň hiç hili habarymyz ýok.” diýip durlar. Käwagtlar şowyr zatlary asýarlar, diňe ýokarsyndaky aýyny, günini çalşyp durlar. Ýa-da bolmasa geçen aý türkmençesini, bu aý ors dilinden asýarlar. Birža trudaky işleýän işgäler ors dilini düşünmeýäler diýip halky aldaýarlar. Ynanmadyklar baryp barlap görsünler. Ýene bir mysal: Ýarmarka bolýar diýip boş ýarmarkalar geçirip durlar. Ýarmarkanyň hemmesinede gatnaşyp gördüm. Başlyklar, bölüm başlyklar seniň bilen gürrüňdeşlik geçirýärler, soňra maglumatyňy (rezumeňi) alyp, “Biz size jaň ederis.” diýip utanman ýüzüňe seredip aldaýarlar. “Hormatly Prezidentimiz” diýmägede dilim baranok. Özi utanmaýarmyka tutuş türkmen halkyny telewidiniýäniň üsti bilen halky aldamagy. Özüni Hudaýdan öňe goýup, Ministrlary, olaryň orunbasarlaryny we başkada kiçi wezipeli başlyklaryna Baş egdirip özüne salam berdirýär. Utanç... utanç... utanç. Masgarawazlyk. Halkyň gözüne gülkünç. Türkmen halky Ministr Kabinetiniň işgärlerine ynanyp, eýýam 4 aý bäri Gurbanguly Berdimuhamedowy IMPIÇMENT etmeklerini haýyş bilen ýüz tutýarlar. Enşalla Hudaý eşder we şeýlede bolar.