Mammetjanovv
Alibaba Hojalyk Jemgyýeti
düzetAlibaba hojalyk jemgyýeti köp ugurly hususy kärhana bolup, bölek satuw we lomoý söwdalara niýetlenen elektron bazar ulgamydyr. Alibaba hojalyk jemgyýeti 1964-nji ýylda Hytaýyň Hangzhou şäherinde dogulan Jek Ma tarapyndan 1999-njy ýylyň 4-nji aprelinde gurulýar. Kompaniýa hyrydardan-hyrydara, işewürden-hyrydara we işewürden-işewüre satuw hyzmatlaryny web portallarynyň, şeýle hem elektron töleg hyzmatlarynyň, söwda gözleg motorlarynyň we klaud (cloud) hasaplaşmak hyzmatlarynyň üsti bilen üpjün edýär. Ol dünýäniň dürli künjeklerinde telim pudaklarda birnäçe pudakly söwdalara eýeçilik edýär hem-de ýöredýär. Ol “Fortune” žurnaly tarapyndan dünýäniň iň halanylýan kärhanalarynyň biri hökmünde tanadyldy.
Bu şereket dünýäniň iň uly we gymmat 10 kompaniýasyndan biridir. Alibaba 2018-nji ýylyň ýanwar aýynda öz bäsdeşi “Tencent”-den soň 500 milýard amerikan dollaryny geçen Aziyanyň ikinji kompaniýasydyr. Alibaba şereketi dünýädäki electron söwda portallaynyň iň irilerinden bolan B2B (Alibaba.com), C2C (Taobao), we B2C (Tmall) eýeçilik edýär.
Alibaba entek dünýäde elektron işewürlik hiç kim üçin hiç zat aňlatmaýan döwri gurulyp, Amazon ýaly äpet kärhanalar bilen ýaryşmany başaran möhüm kärhanalaryň biridir. Başgaça aýdanymyzda elektron söwdany bütün dünýä tanadan, bütün dünýäniň gyzyklanmasyna sebäp bolan kärhanalaryň başynda gelýär. Her ýyl rekord goýjak derejede girdeji gazanýan, dünýäniň köp ýerlerinde edara jaýlary bolan Alibaba asly Hytaý kärhanasydyr.
Alibaba uly bir internet sahypasy bolsada, şuňa meňzeş elektron işewürlik sahypalaryny bir ýere jemleýän Alibaba jemgyýeti adyndaky umumy bir birikmäniň bir bölegidir. Bu toparyň içinde Alibaba.com, Aliexpress, Taobao we Alipay ýaly dünýä belli saýtlaram bardyr. Şunuň ýaly kärhanalaryň hemmesiniň bir ýere jemlenmeginiň esasy maksady Hytaýdan sargap bilinjek, ähli harytlary alyjylara özleriniň eltip bermek islegleriniň bolmagydyr. 185.69.186.66 08:29, 4 maý 2023 (UTC)