Unitar döwlet
Döwlet gutluşynyň bir görnüşi bolmak bilen, syýasy häkimiýetiň merkezleşdirilmeginiň ýokarylygy bilen tapawutlanýar. Onuň territoriýasynyň düzüminde awtonom territorial birlikler (respublikalar, ştatlar we ş.m.) bolmaýar. Döwlet dolandyryş territorial birliklere ( oblastlara, raýonlara, welaýatlara, etraplara we ş.m.) bölünýär. Unitar döwletde bitin döwlet üçin ýeke-täk konstitusiýa, umumy kanunlar, kazyýet, bitewi raýatlyk hereket edýär.
Türkmenistan, Bolgariýa, Wengriýa, Ýaponiýa, Çehiýa, Polşa we ş.m. döwletleri unitar döwletlere mysal edip bolar.
Edebiýatlar
düzetP. Aýdogdyýew, B. Begseýidow, G. Geldiýewa, I. Halmyradow, G. Hanow. “Syýasaty öwreniş”. Aşgabat, 2010.
Bu geografiýa makala ownuk makaladyr. Ony üýtgetmek hem-de ösdürmek arkaly Wikipediýa kömek edip bilersiňiz. |