Wittadini muhomory
Wittadini muhomory (lat. Amanita vittadinii) —Amanitalar (Ýylan kömelekler) maşgalasy Ýagdaýy. Derejesi IV. Seýrek görnüş. Genofondy gorap saklamakda ähmiýeti. Makromiset kömelekleriň gurak zolakdaky az sanly we üzlem-saplam ýaýrawly, mikoriza emele getiriji ekologiki toparynyň görnüşi [2]. Zäherli kömelek. Gysgaça beýany. Kömelegiň seýrek halatlarda sargylt ýa-da çalymtyl, diametri 4–14 sm ýetýän ak telpejigi bolýar. Kömelegiň göbegi sütün şekilli, köp bölegi ak, düýbi garamtyl reňkli. Ýaýraýşy. Günbatar Köpetdag (Hozlydere jülgesi). Türkmenistandan daşarda — Kawkaz, Merkezi Aziýanyň günortasy, Günorta Ýewropa, Arabystan, Demirgazyk Afrika, Günorta Amerika. Bitýän ýerleri. Daglaryň eňňitlerinde. Sany we onuň üýtgemek ýagdaýy. Seýrek, iki-ýeke sanysy duş gelýär. Soňky onýyllykda sany barha kemelýär. Esasy çäklendiriji sebäpler. Yssy we gurak howa zerarly gyş-ýaz möwsümlerinde topragyň yzgarlylygynyň pes bolmagy. Biologiýasynyň aýratynlyklary. Miwe bedenleri ýeke-ýekeden döreýär. Toprakda çyglylygyň ýeterlik ätiýaçlygy saklanan ýagdaýynda, aprel–maý aýlarynda ýüze çykýar. Kömelegiň ýaşajyk düýpleri guran ýagdaýnda hem ösüş ukybyny ýitirmeýär. Wagtlaýyn gurakçylykdan soň ygal ýagsa, täzeden ösüp başlaýar we kadaly boý alýar. Ýetişdirilişi. Ýetişdirilmedi. Gorag üçin görlen çäreler. Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna (1999) girizildi. Ýaýrawynyň bir bölegi Sünt-Hasardag döwlet goraghanasynyň çäklerinde goralýar. Gorag üçin zerur çäreler. Bitýän ýerlerinde gorag düzgünlerini berjaý etmeli. Barlaglar boýunça teklipler. Täze bitýän ýerlerini gözlemeli, biologiki aýratynlyklaryny öwrenmeli, çäklendiriji sebäplerini anyklamaly.