Änew medeniýeti
Günorta Türkmenistanyň gadymy ekerançylyk taýpalarynyň taryhyny we medeniýeti öwrenmek üçin Änew obasynyň ýakynyndaky iki depäniň (demirgazyk we günorta tarapyndaky depeler) gazylyp agtarylmagy-da uly ähmiýete eýedir. Olaryň öwrenilmegi baryp 1904-nji ýylda amerikan alymy R.Pampelliniň ýolbaşçylygynda başlanýar.
Änew medeniýetine degişli ýadygärlikden arheologik gazuw-barlag işleri geçirilende çig kerpijiň galyndylarynda dänäniň gabyklary we gylçyklary tapylypdyr. Munuň özi gadymy ata-babalarymyzyň bu ýerde däne ekinlerini ösdürip ýetişdirendiklerine şaýatlyk edýär. Tapylan bugdaýyň bu görnüşi häzir Gadymy Änew tapyndylary we bina ýadygärlikleri "ak bugdaý" ady bilen bellidir. Änew medeniýetine degişli obalaryň galyndylary häzirki Çäçe obasyndan başlap, Aşgabat-Baharly ýolunyň 73 km aralygynda duş gelýär. Eneolit döwrüniň esasy ýadygärliklerinden Garadepäni, Namazgadepäni we Göksüýrini bellemek bolar.
[1]
- ↑ Halkara Ynsanperwer Ylymlary we Ösüş Uniýersitetiniň talyplary