Ýurdumyzda eneolit döwrüne degişli ýadygärlikleriň 30-dan gowragy mälimdir. Olar, esasan hem, Günorta Türkmenistanyň çäklerinde ýerleşendir. Olar Änewdepe, Garadepe, Göksüýri we Namazgadepe ýaly gadymy ýadygärliklerden ybaratdyr.

Namazgadepe häzirki Kaka etrabynyň merkezinden günbatar tarapda ýerleşýär. Onuň tutýan meýdany 50 gektar bolupdyr. Namazgadepede köp ilat ýaşapdyr. Namazgadepäniň jaý gurluşygy, ol ýerden tapylan tapyndylar Altyndepäniňki bilen meňzeşdir. Namazgadepe II-de b.e. öňki IV müňýyllykda metaly gyzdyryp taplamagy oýlap tapypdyrlar. Namazgadepeden eneolit döwrüne degişli zähmet gurallary: palta, orak, gazawlar, burawlar, däne owguçlary tapyldy, olar zähmet gurallarynyň has kämilleşendiginden habar berýärler. Nazmazgadepeden şeýle-de mis bizler, temençeler, taýagyň ýa-da naýzanyň ujuna oturdulan misden ýasalan çişler tapyldy. Ol ýerde metaly ýörite peçlerde eredip, metalyň erginini galyplara guýmak üçin gerek bolan dürli ölçegdäki çemçeler ýasalypdyr. Metal böleklerinden ýiti reňkler bilen haşamlanan gap-çanaklar hem ýasalypdyr. Bu bolsa daşdan ýasalan zähmet gurallaryna görä has öndüriji bolupdyr. Metal gurallarynyň has giň ýaýran zamany, adatça, bürünjiň oýlanyp tapylmagy bilen, ýagny misiň we galaýynyň garnuwynyň oýlanyp tapylmagy bilen baglanyşykly bolup, şol zamana 《bürün çasyry》diýilýär.

Namazgadepäniň gatlaklaryndan tapylan köp dürli reňkler bilen haşamlanan ýukajyk gap-çanaklar has kämil ýasalypdyr. Namazgadepede arabanyň tigirleriniň ilkinji nusgalary ýasalypdyr. Şol döwürde adamlar bezeg şaýlaryny altyndan, kümüşden, misden ýasap ugrapdyrlar.

Eneolit döwrüniň häsiýetli tarapy dokmaçylygyň giň gerime eýe bolmagydyr. Bu döwre degişli Namazgadepe we beýleki gonalgalar öwrenilende aýal mazarlarynyň hemmesinde diýen ýaly ikbaş tapylýar. Bu ýagdaý olaryň ik egrip, ýüplük taýýarlandyklaryna şaýatlyk edýär. Ýasalan zähmet gurallarynyň arasynda dokma keserleri, jorap örmek üçin çişler, bizler we ş.m. zatlar hem bar. Alymlaryň pikrine görä, dokmaçylyk, şol sanda haly-palas dokamaklyk ilki maldarçylyk bilen meşgullanýan ilatyň arasynda ýüze üykypdyr, soňra ol oturymly ekerançylyk bilen meşgullanýan ilata ýaýrapdyr. Ol ýerde palçykdan ýasalan ikbaşlaryň ýygy-ýygydan tapylmagy dokmaçylygyň ýaýrandygyny görkezýär.