Gazagystan
Bu makalada hiç bir maglumat hakynda salgylanma ýok. |
Gazagystan (Kazakh: Қазақстан, Qazaqstan) — Merkezi Aziýada ýerleşýän döwlet. Onuň umumy meýdany 2.717.300 inedördül kilometre barabardyr. Döwlet dili – gazak dili. Prezidenti – Kasym-Jomart Tokayev. Hökümet başlygy – Älihan Smaýilow. Ilaty – 16 milliondan gowrak adam. Paýtagty – Astana.
| |||||
Paýtagt | Astana | ||||
Prezident | Kasym-Jomart Tokaýew | ||||
Dil | Gazak dili | ||||
Gimn | Gazagystan gimni | ||||
Meýdany | 2,724,900 km² | ||||
Ilaty – ilat/km² |
18,690,115 6,42/km² | ||||
Pul | Tenge (KZT) | ||||
Wagt | UTC +5, +6 | ||||
Telefon kody | +7 | ||||
Internet TLD | .kz |
Gazagystan tutýan meýdany boýunça dünýäde dokuzynjy orunda durýar. Gazagystan Türkmenistan, Russiýa Federasiýasy, Özbegistan, Gyrgyzystan we Hytaý Halk Respublikasy bilen araçäkleşýär. Şeýle hem ýurduň günorta-günbataryny Hazar deňzi, günortasyny bolsa Aral köli ýuwýar. Iri şäherleri: Astana, Almaty, Garaganda, Çimkent, Semeý, Akmolla, Aktau we ş.m.
1991-nji ýylda garaşsyzlygyny gazanan Gazagystanda nebitiň, demriň, altynyň, gurşunyň we uranyň baý gorlary bar. Gazagystan tebigy baýlyklary we geografiki ýerleşişi babatda uly ähmiýete eýe ýurt. Gazagystan ykdysady taýdan çalt depginler bilen ösýär. Häzir Gazagystanda orta hasap bilen 3 müňe golaý daşary ýurt kompaniýasy iş alyp barýar. Häzirki döwre çenli ýurtda özleşdirilen daşary ýurt maýa goýumlarynyň umumy bahasy 8 milliard dollara barabar boldy. Bu görkeziji garaşsyzlygyny gazananyna bary-ýogy 18 ýyl dolan ýaş döwlet üçin uly üstünlik hasaplanýar.
Gazagystanda işleýän ABŞ-nyň we Beýik Britaniýanyň kompaniýalary nebitgaz we dag magdany senagatynda işleýär. Türk kompaniýalary bolsa söwda, telekomunikasiýa, myhmanhana dolandyryjylygy, dokma we hyzmat sektorynda iş alyp barýarlar. Türk gurluşyk kompaniýalary Gazagystanda alyp barýan gurluşyk taslamalarynyň umumy bahasy 2 milliard dollardan geçýär.
Döwlet dili: Ýurduň konstitusiýasyna laýyklykda, ýurduň döwlet dili gazak dilidir. Ýurtda rus dili hem giňden ulanylýar. Ýurduň ilatynyň agramly bölegi şäherde ýaşaýar. Şäherleri we olaryň ilatynyň sany: Almaty (Gazagystanyň öňki paýtagty, 1,3 million ilaty bar.) Garaganda (600 müň), Çimkent (400 müň), Pawlodar (350 müň), Yst-Kamenogorsk (350 müň), Semipalatinsk (330 müň), Taraz (Jambul, 310 müň) we beýlekiler.
Döwlet gurluşy
düzetGazagystan – prezident respublikasydyr. Häzirki konstitusiýa 1995-nji ýylyň 30-njy awgustynda kabul edildi we 1998-nji ýylda oňa birnäçe üýtgetmeler girizildi. Döwlet baştutany – prezident. Ol ýurduň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlaryny kesgitleýär, ýurduň hökümetiniň ähli organlarynyň işine gözegçilik edýär. Mundan başga-da, ýurduň prezidentiniň köp ygtyýarlyklary bar. Ýurduň ýokary kanun çykaryjy organy – parlament. Ol iki palatadan: Senat we Mejlisden durýar. Senatyň ygtyýarlyk möhleti 6 ýyl. Onuň düzüminiň ýarysy her 3 ýyldan täzeden saýlanýar. Senatyň düzüminde 47 deputat bar. Olaryň 7-si prezident tarapyndan saýlanýar. Mejlisiň düzüminde bolsa 77 deputat bar. Olar ählihalk saýlawlary esasynda 5 ýyllyk möhlete saýlanylýar. Gazagystanyň parlamenti konstitusiýa üýtgetmeler girizýär (prezidentiň teklibi boýunça), döwlet büjetini, hökümetiň hasabatyny we maksatnamasyny tassyklaýar, kanun kabul edýär, halkara ylalaşyklaryny tassyklaýar. Ýurduň ýerine ýetiriji häkimiýeti – premýer-ministriň ýolbaşçylygyndaky hökümet alyp barýar.
Daşary syýasaty
düzetGazagystan Birleşen Milletler Guramasynyň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň, Ýewropa Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, NATO-nyň „Parahatçylyk üçin hyzmatdaşlyk“ maksatnamasynyň, Bütindünýä Söwda Guramasynyň agzasydyr. Şeýle hem Gazagystan Nebiti eksportirleýän ýurtlaryň guramasyna (OPEK) synçy hökmünde gatnaşýar.
Ykdysadyýeti
düzetGazagystanyň ykdysadyýeti çalt depginlerde ösýär. Ýurduň halk hojalygynda dag magdany senagaty öňdäki orunda durýar. Oba hojalygynyň ösdürilmegine hem uly ähmiýet berilýär. Gazagystan ykdysady taýdan bäş bölege bölünýär. Ýurduň demirgazyk böleginde däne hojalygy, daş kömri we demir magdanlarynyň çykarylmagy, maşyngurluşyk, nebit önümleriniň önümçiligi we energetika pudagy has ösen. Gündogar böleginde reňkli metallurgiýa, energetika, maşyngurluşyk we tokaý hojalygynda ösüş gazanyldy. Gazagystanyň günbatary iri nebitgaz çykarylýan sebit hasaplanýar. Ýurduň merkezi bölegindäki halk hojalygynyň esasy pudaklary – gara we reňkli metallurgiýa, maşyngurluşyk we maldarçylyk. Gazagystanyň günortasynda pagta, şaly, bugdaý, dürli bakja we gök önümler, miweli agaçlar, üzüm ýetişdirilýär. Günorta böleginde ýeňil we azyk senagaty hem-de balyk hojalygy ösendir.
Salgylanmalar
düzetWikimedia Commonsda Gazagystan bilen bagly medýa faýllary tapyp bilersiňiz. |
Türk döwletler: Azerbaýjan • Gazagystan • Gyrgyzystan • Demirgazyk Kipr Türk Respublikasy • Özbegistan • Türkiýe • Türkmenistan | |
Awtonom Türk Döwletler: Altaý Respublikasy | Baýan Ölgiý | Başgyrdystan | Çuwaşystan | Dagystan | Gündogar Türkistan | Dolgan-Nenes | Gagauzystan | Hakasiýa | Garagalpagystan | Kabarda-Balkariýa | Garaçaý-Çerkes | Krym Awtonom Respublikasy | Nahçywan | Tatarystan | Tuwa Respublikasy | Ýakudystan |
Bu geografiýa makala ownuk makaladyr. Ony üýtgetmek hem-de ösdürmek arkaly Wikipediýa kömek edip bilersiňiz. |
Bu makala ownuk makaladyr. Ony üýtgetmek hem-de ösdürmek arkaly Wikipediýa kömek edip bilersiňiz. |