Daşoguz welaýaty: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Content deleted Content added
Gysgaça mazmuny ýok
maglumat goşmak
Setir 4:
 
== Umumy Maglumat ==
Bu welaýat türkmenistanyň demirgazygynda ýerleşip, demirgazyk-günbatarda, demirgazykda we demirgazyk-gündogarda [[Özbegistan]]yň düzümine girýän (awtonom) [[Garagalpagystan respublikasy]] we [[Horezm welaýaty]] bilen, günortada Türkmenistanyň [[Ahal welaýaty]] bilen, günorta-gündogarda [[Lebap welaýaty]] bilen, günorta-günbatarda bolsa [[Balkan welaýaty]] bilen araçäkleşýär. Meýdany 73.4 müň km<sup>2</sup>. Ilaty: 893.7 müň adam.(1994 maglumaty)
=== Ýerleşişi ===
 
Türkmenistanyň demirgazygynda ýerleşýän welaýat, demirgaykda Gazagystan, demirgazyk hem gündogarda bolsa Özbegistan bilen araçäk. Ýurdyň içinde günbatarda Balkan welaýaty, günortada Ahal welaýaty we günorta-gündogarda bolsa Lebap welaýaty bilen araçäkleşýär.
== TEBIGATY ==
Demirgazygyny [[Horezm pesligi]], Günortasyny [[Üňüz aňyrsy Garagum]] tutýar. welaýaty, gündogardan günbatardan Amyderýanyň gadymy hanalary bolan Döwdan we Derýalyk kesip geçýär. Bu hanalaryň ugrunda Orungum, Öwezaly, Urpakgum, Ataçagan, Sekizatly, Bäşoý, Garaporsaň, Lawak, Eşegarbat ýaly çägelikler, Garadaşly, [[Gökçäge]] ýaly birnäçe uly bolmadyk [[köl]]ler ýerleşýär.
 
Pesligiň demirgazygynda palezoý we mezozoý döwürleriniň jynslaryndan düzülen uly bolmadyk Gubadag, Misginata, Ýylangyr belentlikleri ýer tutýar.
 
GUbadagda mermer we granit, käbir ýerlerde oňat hilli kerpiç we keramiki önümleri taýýarlamakda ulanylýan toýun, Düzgyrda nahar duzynyň çykýan ýerleri bar.
 
Beýleki welaýatlara garanda has demirgazykda ýerleşensoň Daşoguzda gyş sowugrakdyr. Ýanwar aýy ortaça temperaturasy -4 we-7 gradusdyr. Käwagtlar -36 derejä ýetýän we geçýän aýazlar hem bolýar. Tomus yssy hemde gurak bolýar, Iýul aýy ortaça temperaturasy 27-29 gradus, käwagtlar +43-44 gradus hem bolýär. BU welaýatyň territoriýasy Türkmenistanda ygalyň iň az ýagýan ýeridir, bir ýylda ýagýan ygal mukdary 100 [[millimetr]]e ýetmeýär. 86-98 millimetr bolýar. welaýatyň klimaty bu ýerde Şaly, orta süýümli Gowaça we beýleki oba önümlerini ýetişdirmäge amatlydyr. Welaýatyň esasy suw çeşmesi [[amyderýa]]dyr.
 
== ILATY ==
welaýatyň esasy ilaty türkmenler bolup ol ilatyň 60%a golaýyyny tutýar(1995 maglumaty), özbekler, gazaklar we ruslar hem ýaşaýar. Ilat gürligi ortaça: 1km<sup>2</sup>-de 12.2 adam bolup, ol hemme ýerde birmeňzeş däldir. Ilatyň agramly bölegi oazis bşleginde ýerleşýär. GUbadag, Boldumsaz etraplarynda 1km<sup>2</sup> 110-115 adam bolsada Üňz aňyrsyndaky Garagumda bu görkeziji 0,1 adamdyr. Merkeziň welaýaty [[Daşoguz şäheri]]nde bu görkeziji 139,3 adama barabardyr.(1995 maglumatlary)
 
== Düzümi ==