Pelopannes urşy: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Content deleted Content added
Gysgaça mazmuny ýok
→‎top: clean up using AWB
 
Setir 1:
'''Mowzuk: Polonnepes urşy.'''
 
 
'''Meýilnama:'''
 
 
1. Urşuň sebäpleri
Line 11 ⟶ 9:
3. Afinanyň ýeňilmegi. Onuň sebäpleri.
 
1. B.e.öň 431-nji ýylda başlanan we 27 ýyl dowam eden Afiny bileleşigi bilen Peloponnes bileleşiginiň arasynda bolan urşa Pelopannes urşy diýilýär. Bu iki bileleşigiň ykdysady, durmuşy we syýasy taydan tapawutlary uly bolupdyr. Has-da syýasy garşylyklar ýiti bolupdyr. Afiny Gresiýada demokratiýanyň daýanjy hökmünde görlüpdir. Spartakda bolsa aristokratik topar dolandyrypdyr.
 
1. B.e.öň 431-nji ýylda başlanan we 27 ýyl dowam eden Afiny bileleşigi bilen Peloponnes bileleşiginiň arasynda bolan urşa Pelopannes urşy diýilýär. Bu iki bileleşigiň ykdysady, durmuşy we syýasy taydan tapawutlary uly bolupdyr. Has-da syýasy garşylyklar ýiti bolupdyr. Afiny Gresiýada demokratiýanyň daýanjy hökmünde görlüpdir. Spartakda bolsa aristokratik topar dolandyrypdyr.
 
Afinyň esasy bäsdeşiniň biri Korinf bolupdyr. Günbatarda onuň ykdysady bähbitlerine Afiny päsgel beripdir. Şonuň üçinem ol b.e. öň V asyryň 30-njy ýyllarynda Afinyny harby taýdan ýok etmegi talap edipdir. Pellopanes bileleşiginde Afiny bilen uruş hereketlerini alyp barar ýaly ýeterlik güýji, taýýarlygy bolmandyr. Ýöne ol urşa başlamaga mejbur bolupdyr. Korinf, eger uruş yglan edilmese, bileleişikden çykjakdygyny yglan edipdir.
Line 31 ⟶ 28:
Bu urşuň aýratynlygy uruş hereketleriniň bir wagtyň özünde Gresiýanyň dürli ýerlerinde alnyp barylmagydyr.
 
Pelopannes urşunyň döwri Sparta patyşasy Arhidamyň ady bilen atlandyrylypdyr. Ilki Spartanyň tarapdary fiwulylyar Plateýa çozupdyrlar. Oňa Afiny kömek beripdir. Gabaw bäş ýyllap çekipdir. Arkidam öňki düzülen meýilnama esasynda Attika çozupdyr. Ilatyň köp bölegi Afinynyň diwarlarynyň aňyrsynda gizlenipdirler. Spartalylar Attikanyň oblastyny tozdurypdyrlar. Olar şeýdip duşmanyny aýgytly söweşe çykarjak bolupdyrlar. Afinynyň ilaty Pireý porty arkaly perekli zatlar bilen üpjün edilipdir. Spartalylaryň galany gabamak tejribesi bolmandyr. Arhidan Attikada bir aý bolmansoň, Peloponnese gaýdypdyr. Spartalylar b,eöň 427-nji ýyla çenli her ýyl (diňe b,e,öň 429-njy ýylda däl) Attikany tozduryp maksadyna ýetmäge çalşypdyrlar. Ýöne netije bolmandyr.
 
B,e,öň 430-njy ýylda Afinyda garaşylmadyk ýagdaýda garahassa keseli ýaýrapdyr. Ilatyň dörtden bir bölegi gyrlypdyr. “Kesel adamlaryň bedenine-de, ruhuna-da zyýanly täsior etdi” diýip Plutark ýazypdyr. Perike hem keselden ölüpdir. Sparta bu ýagdaýdan peýdalanyp. Afiny deňiz bileleşigini dargatmaga synanşypdyr. Potideýada gozgalaň turupdyr, Lesber adasay bölünip aýrylypdyr. Olar Spartadan kömek sorapdyrlar. Ýöne 100 gämiden ybarat afiny deňiz güýçleri Peloponese baryp, spartalylary çykalgada saklapdyrlar. 1000 goplitli beýleki bir Afiny eskadrasy bolsa Lesbasyň esasy şäheri Mitilenyny gabapdyr we boýun egdiripdir. Gozgalaňçylara agyr harby töleg salnypdyr, ýeriniň bir bölegi alnyp, oňa 2700 Afinylyny göçürip eltipdirler. 1000 mitileny aristokratyndan az alnypdyr.
 
Afiny duşmanyň ähli çozuşlaryny yza serpikdirmegi başarypdyr. Afinylylar Peloponnesi töwerekleýin gabamak işini hem durmuşa geçiripdirler. Baryp Perikliň döwründe b,e,ö 431-430-njy ýyllarda 150 triýel Peloponnesiň kenarlaryny tozdurypdyr, Kefalleniýa, Zakinf adalary, Solliý şäheri eýelenipdir. Korinfiň günbatar deňiz, ýoluna gözegçilik edýän Nawpakt şäheri berkidilipdir. Gresiýanyň günbatar kenarynda Sfinynyň täsir ediş zology emele gelipdir. Şolara daýanyp, Afiny geljekde üstünlikli uruş hereketlerini geçirip biljekdi.
Afinynyň Halk ýygnagynda urşuň ilkinji bäş ýylynyň kynçylyklary döwründe iki toparyň arasynda gazaply syýasy göreş gidipdir. Kleonyň baştutanlygyndaky topar aýgytly hüjüm etnegiň, ähli güýçli, serişdeleri ulanmagyň tarapdary bolupdyr.
 
Iki ýer eýesi Nikiniň topary bolsa goranyň hereketlerini alyp barmagyň we Spar bilen ýaryşyk baglanşmagyň tarapdary bolupdyr. Iri gan ussahanasynyň eýesi Kleonyň tarapdarlary üstüň çykypdyrlar.
 
B,e,öň 426-njy ýyldan başlap, Afiny hüjüme geçip ugraýar. B,e,öň 426-424-nji ýyllarda esasy uruş hereketleri Gresiýanyň günbatar welaýatlarynda bolupdyr. B,e,öň 426-njy ýylda afinylylar starteg Demosfeniň baştutanlygynda Solliniň ýanynda pelonneslileriň 3 müň goplitli goşunyny ýeňýär. Sisiliýada käbir üstünlikler gazanylypdyr.
 
Afinylylar Günbatar Messeniýada Spartany güýçli ýeňlişe sezewar edipdirler (b,e,öň 425ý) Starteg Demosfen Pilos diýen ýerjagazy eýeläpdir. oňa messeniýanyň ilatlary hem gelip goşulypdyrlar. Sparta Attikadan we beýleki ýerlerden hem goşunlaryny çagyryp getiripdir we Pilos duralgasyny bekleýän Sfakteriýa adajygyny eýeläpdir. şeýle-de bolsa afinylylar spartalylaryt zabt edip alypdyrlar. Gresiýanyň taryhynda spartalylar ilkinji gezek ýesir alnypdyrlar. 292 goplit we 120 spartaly begzada Afinä iberilipdir. B.e,öň 424-nji ýylda afinylylar harby taýdan möhüm ähmiýeti bolan Kifery adasyny eýeläpdirler. Spartanyň ýagdaýy ýaramazlaşypdyr.
 
3. Şeýle-de bolsa, afinylylar Pelopannes bileleşigine kembaha garap, ýalňyşypdyrlar. Baryp b,e,öň 425-nji ýylda afinylylar Korinfiň ýanynda kiçiräk goşuny bilen ýeňlip gaýdypdyr.
 
Biziň eramyzdan öň 424-nji ýylda Afiny Beotýanyň polislerini Pelopannes bileleşiginden çykarmaga synanşypdyr. Ýöne Deliý obasynyň ýanynda bolan çaknyşykda Afiny Arkidam urşunyň dowamyndaky iň uly şowsuzlygyna uçrapdyr.
 
Biziň eramyzdan öň 424-nji ýylda Afinynyň Sisiliýadaky goşunlary hem yzyna dolanmaly bolupdyrlar. Sparta-da talantly serkerde Basidiň baştutanlygyndaky goşun bilen Afinynyň gowşak ýeri bolan Halkidikadan zarba urmak karar edilýär.
 
Ol bütin Gresiýanyň içi bilen geçip , Egeý deňziniň Frakiýa kenaryna gelýär. Ol makedan patyşasyny we ýerli şäherleriň birnäçesini öz tarapyna çekip, Afinynyň bu ýerdäki esasy şäheri – Amfiply gabaýar. Afinydan Kleonyň baştutanlygynda gelen goşun bilen bolsa çaknyşykda afinylylar ýeňilýär. Kleon we Brasid bolsa wepat bolýar (b,e,öň 422). Ýöne Sparta hem güýçden gaçypdyr. Olar Afinydan Pilosy (Spartanyň 75  km golaýynda), Kiterany azat etmelidi, ýesirleri gaýtaryp getirmelidi. Afinynyň ýagdaýy hem gowy bolmandyr. Nikiniň täsiri güýçlenip, b,e,öň 421-nji ýylda ýaraşyk baglaşylýar. Oňa Nikiý ýaraşygy diýlip, onuň şertlerine görä, uruşdan öňki ýagdaýy saklamak barada, bir-birege basylyp alnan şäherleri, ýesirleri gaýtaryp bermek, gaçgak gullary, goçaklary kabul etmezlik barada ylalaşylýar. Ýaraşyk baglanylsa-da urşuň esasy sebäpleri aradan aýrylmandyr, Ýaraşygyň möhleti 50 ýyl bolsa-da, iki tarapam güýç ýygnamaga başlapdyr.
 
B,e,öň 415-404-nji ýyllarda Peloponnes urşunyň 11 döwrüniň wakalary bolup geçipdir. Uruş hereketlerini Afiny başlapdyr. Harby hereketleriň esasy ugry ýene-de günbatarda bolupdyr. Afiny Nikiý şernamasyny doly ýerine ýetirmändir. Ol Kifera adasyny we Pilos şäherini gaýtaryp bermändir. Afiny Sparta bilen Korinfiň agzalalygyndan peýdalanjak bolupdyr (Korinf we Beotiýa ýaryşyga garşy ekenler).
 
Afiny amarly pursat arap, b,e,öň 415-413-nji ýyllarda Sisiliýa ýöriş gurapdyr. Ýörişe Afinynyň ökde serkerdeleri Nikiý, Lamah, Perikliň ýegeni Alkwiad baştutanlyk edipdirler. 200 triýerden 10 müň goplitden, 28 müň ýeňilýaragly goşun we küregçilerinden ybarat goşun Sisliýa baranda, bulary Afinynyň tarapdarlary hem (Regiý, Messena, Katana) sowuk garşylapdyrlar. Afinylylar esasy şäher Sirakuzyny gabapdyrlar. Sirakuza Poleronnesden tejribeli baştutan Gilippiň ýolbaşçylygynda kömekçi goşun gelipdir. Afinynyň Demosfeniň baştutanlygyndaky harby deňiz güýçleri b,e, oň 413-nji ýylda bolan deňiz söweşinde ýok edilipdir. Sirakuzyny gabap gury ýer goşunlary hem Afinä dolanmak üçin, Sisliýanyň içine çekilipdirler. Ýöne olary yzarlap ýetip ýok edipdirler we ýesir alypdyrlar. Nikiý we Demosfen jezalandyrylypdyr. Ýesirleri bolsa gul edipdirler. Afinynyň Sisliýada ýeňilmegi uly betbagytçylyk bolupdyr. Sebäbi 200 triýe onuň deňiz güýçleriniň üçden ikisi, 10 müň goplit bolsa, goplit goşunynyň üçden biri bolupdyr. Köp serişde çykdaýjy edilipdir. Şondan soň Sparta hüjüme geçip, Afinynyň 22  km golaýynda ýerleşen Dekeleýany eýeläpdirler. Ony Ozleriniň daýanjy nokadyna öwrüpdirler. Bulara gysga wagta 20 müň töweregi hünärli gullar gaçyp gelipdirler.
 
Sparta ýeňmek üçin iki meseläni çäzmeli bolupdyr:
 
1. Spartanyň harby-deňiz güýçlerini döretmeli.
 
2. Afiny deňiz bilelişiginiň dargamagyny ýa-da gowşamagyny gazanmaly.
 
Biziň eramyzdan öň 412-nji ýylda spartalylar we onuň tarapdarlary Eýrandan pul kömegini alyp, uly harby-deňizgüçlerini döretmäge girişipdirler. Şol wagtlar Afinynyň şowsuzlygyndan peýdalanyp, Hios, bütin Ioniýa bileleşikden çykypdyr.
 
Bu ýagdaýdan çykmak üçin Afiny Frosy ýatyrypdyr. Gaznany doldurmak üçin bogazlardan geçýän harytlara 5 göterim salgyt saltypdyr. Deňiz güýçleri gaýtadan dikeldilýär we Ioniýa ýagdaýy kadylaşdyrmak üçin iberilýär.
 
Biziň eramyzdan öň 411-nji ýylda Afinyda döwlet agdarylyşygy bolupdyr. Häkimýeti 5 adamyň topary tarapyndan saýlanýan 400-leri Maslahaty ele alypdyr. Olar ähli demokratik guramalary gatyrypdyrlar. Sparta ýaraşyk teklip edipdirler, ýöne olaryň teklibi kabul edilmändir.
Line 71 ⟶ 68:
Deňiz güçleriniň baştutanlary demokratik gurluşyň tarapdarlary bolupdyrlar. Olar 400-leriň Maslahatynyň hökümetini ykrar etmandirler. Olaryň esasy merkezi Samosda ýerleşipdir.
B,e,öň 411-nji ýylda Abidosda, b,e,öň 410-njy ýylda Kizikda pelopaneslileri iki grek afinylylar ýeňlişe sezewar edipdirler. Şondan soň 400-leriň häkimýeti hem agdarylypdyr.
 
Eýran Sparta köp karz pul kömegini beripdir. Spartalylaryň täze deňiz güýçleri Lisadryň baştutanlygynda Ioniýada afinylylara garşy üstünlikli hereket edipdir. Şonda afinylylar Arginuss adalarynyň ýanynda iň soňky ýeňşini gazanyp (b,e,öň 406ý), Spartalylaryň 70 triýerini ýok edipdir.
 
Ýöne b,e,öň 405-nji ýylda Lisandr Afiny gämilerini aldowa salyp gabap ýok edipdir. Şondan soň halas bolmak üçin Afinyda gämide, goşun-da, pul-da, umyt-da galmandyr. Afiny şäheri gabalypdyr we boýun egdirlipdir (b,e,öň 404ý). sparta Afinä ýaraşygyň agyr şertelerini dakypdyr; Afiny deňiz bilelişigi dargadylýar, deňiz güýçleri ýok edilýär, berkitmeleri ýykylýar, uzyn diwarlar we goşunyň desgalary ýok edilýär. Afinynyň kowlan demokratlaryň garşydaşlary gaýdyp getirilýär. Demokratlaryň garşydaşlary gaýdyp getirilýär. Demokratik gurluş ýok edilip, häkimiýet Sparta ýaramly 30hökümdary eline geçýär, Afiny ýönekeý grek şäherine öwrülýär.
 
Afinynyň ýeňilmegine onuň öz gaýçlaerine artykmaç baha bermegi, bileleşigiň işindäki agzalalyklar, grek dünýäsiniň gowşamagyny isläp Eýranyň Sparta pul kömegini bermegiň we ş.m. sebäp bolupdyr.
 
Ýöne b,e,öň 405-nji ýylda Lisandr Afiny gämilerini aldowa salyp gabap ýok edipdir. Şondan soň halas bolmak üçin Afinyda gämide, goşun-da, pul-da, umyt-da galmandyr. Afiny şäheri gabalypdyr we boýun egdirlipdir (b,e,öň 404ý). sparta Afinä ýaraşygyň agyr şertelerini dakypdyr; Afiny deňiz bilelişigi dargadylýar, deňiz güýçleri ýok edilýär, berkitmeleri ýykylýar, uzyn diwarlar we goşunyň desgalary ýok edilýär. Afinynyň kowlan demokratlaryň garşydaşlary gaýdyp getirilýär. Demokratlaryň garşydaşlary gaýdyp getirilýär. Demokratik gurluş ýok edilip, häkimiýet Sparta ýaramly 30hökümdary eline geçýär, Afiny ýönekeý grek şäherine öwrülýär.
 
Afinynyň ýeňilmegine onuň öz gaýçlaerine artykmaç baha bermegi, bileleşigiň işindäki agzalalyklar, grek dünýäsiniň gowşamagyny isläp Eýranyň Sparta pul kömegini bermegiň we ş.m. sebäp bolupdyr.
 
'''Mowzuk: B.e. öň IV asyryň I ýarymynda polis ulgamynyň çökgünligi'''
 
 
'''Meýilnama'''
 
 
''I umumy okuw''
 
 
1. Grek polisleriň halkara ýagdaýy
Line 97 ⟶ 89:
 
4. Korinf urşy
 
 
1.Grek polisleriniň halkara ýagdaýy Peloponnes urşundan soň örän drtgynly bolupdyr. Uruş wagtynda grekleriň içerki islerine gatyşan Eýran Sparta bilen Afiny ýaraşyk baglaşansoň hem, olaryň içerki işlerine gatyşmagy dowam edipdir.
Line 150 ⟶ 141:
 
B.e. öň 382-nji ýylda duýdansyz Fiwa çozupdyr. Yerli oligarhlaryň goldamagynda Fiwy akropolyny eýeläpdir. Antalkid şertnamasyny gyşarnyksyz ýerine ýetirip ýörende bolsa, Spartanyň oňa çozmagy bütin Gresiýada gahar-gazap döredipdir. Spartanyň eden-etdiligi we parslaryň içerki işlere gatyşmagy Sparta garşylykly meýilleri güýçlendiripdir.
 
 
 
''II. Umumy okuw''
 
 
5.II Afiny deňiz bileleşiginiň döremegi we dargamagynyň sebäpleri
 
6.Nuisgawy (klassyk) döwürde grek medeniýeti.
 
 
5.Afiny kem-kemden güýçlenip başlapdyr. Ol Antalkid ýaraşygyndan netije çykarypdyr. Parslar hem Sparta garşydaş hökmünde , Afinynyň güýçlenmegine päsgel bermändir. Afinä Lemnos , Imbroz , Skiras adalaryny, Wizantiý şäherini gaýtaryp beripdirler. Afiny bogazlarda erkin hereket etmäge mümkinçilik alýar. Ol özüne juda zerur bolan gallany Demirgazyk Garadeňiz kenarlaryndan , esasanam Bospor patyşalygyndan alypdyr. Afiny b.e. öň IV asyryň 80-nji ýyllarynda baý Hios adasy bilen aragatnaşyklary ýola goýupdyr. B.e. öň 378 ýylda Afiny öz aragatnaşyklaryny Simmahiýa (bileleşik) görnüşinde resmi taýdn berkidipdir. Netijede ilkinji Afiny deňiz bileleşigi emele gelýär. Bu bileleşik I Afiny deňiz bileleşiginden tapawutlanypdyr. Ol ykdysady aragatnaşyklary ýeňilleşdiripdir, agzalan deňhukukly we özbaşdak bolup, Afiny olaryň içerki işlerine gatyşmazlyga borçlanypdyr, döwlet gurluşyny hormatlapdyr we ýerlerini alyp kleruhlary göçürip eltmändir. II Afiny deňiz bileleşigi grek dünýäsinde Spartanyň agalygyna garşy gönükdirilipdir. Bileleşigiň ýokary organy ähli agzalaryň ýygnagy-sinedrion bolup, ol Afinyda hemişelik mejlis geçirip, her şäheriň bir sesi bolupdyr. Sinedrion Hlk ýýgnagy bilen bileleikde Bileleşigiň gündelik işlerini çözüpdir. Forosyň ýerine agzalar öz ýagdaýyna görä töleg töläpdirler. II Afiny deňiz bileleşigi deňhukukly özbaşdak döwletleriň birleşigi bolupdyr. Şonuň üçinem b.e. öň 378-nji ýylda bileleşik döränsoň, oňa tiz wagtdan onlarça polis gelip goşulypdyr. Olaryň sany 70-e ýetipdir. Afiny 100 triýerli flot döredipdir we goşunyň hakynatutma esgerler bilen üstüni ýetiripdir. Sparta muňa garşy çäre iberen gämileri b.e. öň 376 ýylda Naksos adasynyň ýanynda derbi-dagyn edilipdir. Şondan soň Afiny Egeý deňzinde agalyk edip başlapdyr we Günbatar Gresiýada birnäçe ýerler onuň tarapyna geçipdir. B.e. öň 371-nji ýylda Sparta bilen Afiny parahatçylyk şertnamasyny baglaşypdyrlar. Sparta II Afiny deňiz bileleşigini resmi taýdan ykrar edipdir we öz goşunlaryny şäherlerinden çykaryp, olara doly özbaşdaklyk bermegi boýun alypdyr.
Line 193 ⟶ 180:
Şeýle baýramçylyklara Afinyda geçirilýän Panafineý baýramçylygy , Dionisiň hormatyna geçirilýän Dionisiý baýamçylygy , Olimpiada Zewsiň hormatyna geçirilýän Olimpia baýramçylyklary, Delfyda Apollonyň hormatyna geçirilýän Pifiý baýramçylyklary, Korinfde Poseýdonyň hormatyna geçirilýän Istma baýramçylygy degişlidir.
 
Olaryň iň meşhury Olimpiýa oýunlary bolupdyr. Oýunlar ilki dini dessuryň bir bölegi hökmünde bolupdyr. Ýöne b.e. öň VI asyrda dini dessurlar sport ýaryşlaryna giriş hökmünde geçirilip ugralypdyr. Pifiýa oýunlarynda bolsa Kifaraçylaryň we awletleriň saz ýaryşy guralypdyr. Panafineý we Dionisiý baýramçylyklary bolsa, komediýa we tragediýa görnüşindäki teatr oýunlarynda meşhur grek teatrynyň emele gelmegine ösüp geçipdir.
 
Arhaik döwürde teatr oýunlary dürli ýerlerde goýlupdyr. B.e. öň V asyrda sahna üçin ýörite ýer peýda bolupdyr. Şeýle ýeri baýryň eteginde saýlap alyp, ýapgytda tomaşaçylar oturar ýaly daş basgançaklar oňarypdyrlar. Tomaşaçylaryň oturýan ýerine “teatron” (teaomaý – “seredýärin” sözünden) diýipdirler.Basgançaklar ýarymtegelek görnüşinde bolupdyr.
Line 222 ⟶ 209:
 
Jemgyýet we medeniýet belli bir kämillige ýetende tebigatyň, adamzat jemgyýetiniň we pikirlenişiň umumy ösüş kanunlary baradaky ylym döräpdir.
 
[[Kategoriýa:Taryh]]