Şamyradow Atageldi Aşyrowiç
Şamyradow Atageldi Aşyrowiç - Türkmenistanyň döwlet işgäri.
Şamyradow Atageldi Aşyrowiç | |
Doglan wagty we ýeri | 1977 Daşoguz welaýaty, Görogly etraby, «Türkmenistan» obasy |
---|---|
Käri | Türkmenistanyň Medeniýet ministri |
Milleti | Türkmen |
Doglan senesi we ýeri
düzet1977-nji ýylda Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň «Türkmenistan» obasynda doguldy.
Bilimi we hünäri
düzetÝokary bilimli. 1999-njy ýylda Türkmen döwlet medeniýet institutyny tamamlady. Hünäri boyunça drama we kino aktýory.
Zähmet ýoly
düzetZähmet ýoluna 1999-njy ýylda A.Gulmämmedow adyndaky Ýaş tomaşaçylar teatrynda artist bolup başlady. 2000-2001-nji yyllarda harby gullugy geçdi. 2001-2007-nji yyllar aralygynda Alp Arslan adyndaky Milli ýaşlar teatrynda artist bolup işledi. Soňra 2011-nji ýyla çenli Mollanepes adyndaky Talyplar teatrynyň baş ýolbaşçysy boldy. 2011-nji ýylyň fewralynda medeniýet we teleradioýaýlymlar ministriniň orunbasary, şol ýylyň oktýabrynda bolsa medeniýet ministriniň orunbasary wezipesine bellenildi. 2017-nji ýylyň maý aýyndan bäri Türkmenistanyň medeniýet ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirdi. 2017-nji ýylyň awgust aýynyň 4-de Türkmenistanyň medeniýet ministri wezipesine bellendi.
Edebiýat
düzet- "Türkmenistan" gazeti, №211 (28795) 2017-nji ýylyň awgust aýynyň 5-i, S.1.