Görogly etraby
Görogly etraby Daşoguz welaýatynyň günorta böleginde ýerleşýär. Ol demirgazyk durmuş-ykdysady sebitiň iri etraplarynyň biridir. Etrap pagtaçylyga, däneçilige, iri şahly mallary ösdürip ýetişdirmeklige, dowardarçylyga, ýüpekçilige ýöriteleşdirilýär. Görogly etrabynyň çäginde 1 şäher, 15 oba geňeşligi we 90 dan gowrak oba bar. Jemi 63 mekdep we 9 sany chagalar bagy bar.
Etrap merkezi Görogly şäheri welaýat merkezinden 17 km. günortada ýerleşýär. Şäherde pagta arassalaýjy zawod, egirme-dokma fabrigi, oba hojalyk maşynlary bejerýän, gurluşyk, durmuş hyzmaty, azyk senagaty kärhanalary işleýär.Seylede Etrabyň içinde yarymmarkalar we seýilgähler medeni dynç alyş merkezleri bar.[1]
Bu geografiýa makala ownuk makaladyr. Ony üýtgetmek hem-de ösdürmek arkaly Wikipediýa kömek edip bilersiňiz. |
- ↑ GALANDARHAN