Ahal welaýatyndaky taryhy ýadygärlikler

Ahal welaýatyndaky taryhy ýadygärlikleriň Ýerleşişi

Nusaý galasy

düzet

Dünýä medeniýetiniň taryhynda Parfiýanyň siwilizasiýasyna aýratyn orun degişlidir. Merkezi Aşgabadyň golaýyndaky Nusaýda ýerleşip, Günorta Türkmenistanyň daglary, düzlükleri hem-de sähralary onuň sallançagy bolupdyr.Ony döredijiler türkmenleriň gadymy ata-babalarynyň biri bolan dah-parn taýpalary bolupdyr.

 
220

B.E. öň IV asyrda grek-makedon goşunlarynyň zarbasy astynda Ahemenitleriň imperiýasy dargapdyr. Aleksandr Makedonskiniň (Iskender Zülkernaýin) oruntutarlary bolan selewkitleriň döwründe Baktriýa, Parfiýa we Horezm döwletleri döräpdir. B.E. öň III asyrdan B.E. III asyryna çenli 600 ýyla golaý dowam eden Parfiýa döwleti uly imperiýa öwrülip, B.E. I asyryndan başlap Rim imperiýasynyň bäsdeşine öwrülipdir. Özüniň gülläp ösen wagtynda Ortaýer deňzinden Demirgazyk-Günbatar Hindistana çenli ýerleri öz içine alan Parfiýa imperiýasynyň esasy özeni Partawa bolupdyr.

 

Hut şu ýerde B.E. öň 247-nji ýylda Garagumda ýaşaýan aparn (ýa-da parn) taýpasynyň serdary Arsak Partawy eýeläpdir. Bu ýerdäki selewk satrapy Andragor öldürilipdir. Şondan soň Arsak özüni garaşsyz Parfiýanyň hökümdary diýip yglan edipdir. Parfawnisada Arsakidler neberesiniň mülkleriniň administratiw we ykdysady merkezi gurlupdyr. Köne Nusaýda geçirilen arheologik gazuwlar mahalynda tapylan dokumentler bu galanyň adynyň Mitridatkert bolandygyny kesgitlemäge mümkinçilik berdi. Ol B.E. öň 171-138-nji ýyllarda patyşalyk eden Mitridat I tarapyndan gurdurylypdyr.

Köne Nusaýda demigazyk we günorta atlandyrylýan iki sany arhitektura toplumy bolupdyr. Weýran bolan demirgazyk toplumdan 1948-nji ýylda pil süňkünde (şirmaýydan) edilen meşhur ritonlar tapyldy. Günorta toplumda üç sany desgany - diň şekilli ymaraty, inedördül we tegelek zallary tapawutlandyrmak bolar.

 
Riton

Köne hem-de Täze Nusaý şäherjiklerinde gazuw-agtaryş işleri geçirilende ajaýyp arhitektura, sungat ýadygärlikleri, keramiki gap-gaçlaryň böleklerine ýazylan hojalyk dokumentleriniň deň-taýy bolmadyk arhiwi ýüze çykaryldy.

Parfiýa şalarynyň genji-hazynalary saklanylýan gaznalary köp sanly jaýlardan, eýwanlardan hem-de içerki howlujyklardan ybarat ägirt uly dörtgyraň desga bolupdyr. Gaznalaryň jaýlary gymmatbahaly zatlardan dolan badyna olar petiklenip, özboluşly seýflere öwrülipdirler.

Genji-hazynalaryň saklanylýan gaznasyndan şirmaýydan ýonulyp ýasalan ritonlaryň uly toparynyň ýüze çykarylmagy öz wagtynda asyryň tapyndysy diýlip atlandyryldy. Ritonlar bilen doldurylan tutuş bir otagyň üsti açyldy. Ritonlar şirmaýydan ýonulyp ýasalyp, olaryň käbirleriniň detallary altyn çaýylan bürünçden, sap altyndan we bürnçden taýýarlanypdyr. Ritonlarda dürli kompozisiýaly güberçek gazma nagyşlar ýerleşdirilipir. Ritonlar kentawrlaryň, ýolbarsa çalymdaş grifonlaryň, aýallaryň we ş.m. keşbi bilen bezelipdir.

 

Bezeg-haşamlarynyň kompozisiýalarynyň sýužet äheňi esasan grek mifologiýasy bilen baglanyşykly bolup, ýöne grek mifleriniň personažlaryna ýerli, parfiýa häsiýeti berlipdir. Ritonlaryň birinde Parfiýa şalygyny esaslandyryjylaryň biriniň şaýylygyň ýüzündäki “skif” eşigine çalymdaş lybasly parfiýaly gabat gelýär. Beýlekileriniň käbirinde bolsa garamaýak parfiýalylary görýäris.

Gaznadan altyn çaylan gündogar tipli söweşjeň altyn paltajyk, ikiýüzli gysga gamalar, demir sowudyň bölekleri ýaly şa ýaraglarynyň görnüşleri hem tapyldy. Şanyň baýramçylyk galkany-da ussatlarça taýýarlanyp, kaşaň bezelipdir.

ÄNEW METJIDINIŇ ANSAMBLY

düzet

Halk arasynda Seýit Jemaleddiniň metjidi ady bilen belli bolan bu ymaratyň galyndylary Änew şäherçesiniň gündogarsynda ýerleşýär. Arheologik maglumatlar Günorta Türkmenistanyň eneolit zamanynyň ýadygärliklerini “Änew medeniýeti” diýen at bilen ylmy dolanyşyga girizmäge mümkinçilik berdi.

Ansambly dört desga - metjit, onuň öňündäki gabyrüsti we beýik gümmezli zaly bolan iki sany jaý emele getiripdir. Bu çylşyrymly desga metjidiň, guburhananyň, medresäniň we hanakanyň wezipelerini ýerine ýetiripdir.

Änewdäki metjidi öwrenmegiň başlangyjyny 1886-njy ýylda W.A. Žukowskiý başlapdyr.1904-nji ýylda harabaçylygy R. Pompelliniň amerikan ekspedisiýasy gazypdyr. Sonky ýyly A.A. Semýonow metjidiň gysgaça beýanyny hen-de ony öwrenmäge çakylygy çap etdiripdir. 1920-nji ýyllarda A.A. Karelin we W.R. Tripolskiý deformasiýanyň we weýranlanmagyň sebäplerini barladylar, inžener S.S. Sklaýarowskiý bolsa çyzgysyny ýerine ýetirdi. Ýadygärligi konserwasiýa etmek işlerini dürli wagtlarda W.R. Tripolskiý we N.M. Baçinskiý amala aşyrdy. 1947-nji ýylda M.Ý. Massonyň ýolbaşçylygy astynda Günorta Türkmenistan arheologik kompleksleýin ekspedisiýasy ansambly çuň we hemmetaraplaýyn öwrenmek işini geçirdi. Şonuň netijesinde-deençeme makalalar we G.A. Pugaçenkowanyň giňişleýin monografiýasy (1959 ý.) peýada boldy.

Metjidiň portalynyň ýokarsynda Horasanyň hökümdary soltan Abul Kasym Babyryň (1446-1457ý.) ady getirilipdir. Ondaky ýazgyda şeýle diýilýär:”Bu gurluşyk beýik soltan, öz halklarynyň eýeleri, ýurtlaryň we asyrlaryň penakäri Abul-Kasym-Bayr Bahadur han patyşalyk süren wagtynda boldy, hemmeden Beýigiň özi onuň häkimiýetini we onuň paryşalygyny ebedileşdirsin”.

Beýleki ýazgylarda “Gözellik öýüni” Muhammet diýen biriniň öz kakasy Jemal-ed-dünýä-wa-d-diniň ýadygärligi üçin öz serişdeleri bilen 1455-1456-njy ýyllarda gurdurandygy hakyndaky maglumat getirilýär.

G.A. Pugaçenkowa metjidiň ýüzündäki ýazgyda ady gelýän Muhammedi soltanyň weziri bolan Muhammet Hudaýdot bilen bir diýip ynandyrýar, özi-de onuň bu ýerde jaýlanan kakasy Jemaleddiniň doglan ýeri Änew eken diýýär. Desga gurlup tamamlanmandyr, çünki soltan Babyr ölenden soň (1457 ý.) özara uruşlar we weýrançylyklar döwri başlanypdyr.

Oňat bişen kerpiçden bina edilen metjit keramik mozaika bilen we syrça bilen gysganylman bezelipdir. Beýik portalynda inli depesi çowly arasy bolan metjidiň gapysy howlynyň içine tarap açylýar eken. Gapynyň arkasynda ellistik gümmez bilen örtülen inedördül (taraplary 10,5 metr) zaly bolupdyr. Gümmez çekili arkalaryň we konstruktiw taýdan tamamlanmadyk stalaktit dekorasiýaly paruslaryň üstüde durýar eken. Peştagy demirgazyga bakdyrylypdyr we jaýyň jümmüşinde günorta diwaryň ýüzünde syrçalar bilen bezelen mährap bolupdyr. Onuň gapdallarynda günorta diwaryň ýüzünde insizje tagçalar edipdirler, olar diwaryň daş ýüzüne çykytly edilipdir. Metjidiň beýleki iki diwarynda hersinde ikiden inli çuň tagçalar edipdirler. Bu tagçalar hem hüjreli sokol etažynyň derejesinde metjidi üç tarapyndan gurşan eýwanyň içine çykytly edilipdir.

Iki gapdalynda oňa goşulyp guralan gurluşyklar metjidiň portalynyň öňündäki giň howlyny gabsapdyr. Olaryň gümmezli zallary (diametri 7 metr töweregi) iki etažynda hem kiçeňräk otaglar bilen gurşalypdyr.

Portalyň ýozaik bezeginiň çeperçilik özboluşlylygynyň uly gymmaty bolupdyr. Ol bezegde arkanyň, üstünde bir-birlerine tarap kellelerini uzadyp süýnüöip gelýän iki sany eýmenç görnüşli aždarhanyň şekili çekilipdir. Olaryň sarymtygarak göwresi ownuk ösümlik nagyşly garamtyl-mawy mozaik düşegiň üstünde towlanyp barýat, ol ownuk ösümlik nagyşlary fantastik janawarlaryň her biriniň açylan agzyndan başlanýar.

Jaýyň öň ýüzündäki monumentel sungatda şuňa meňzeş aždarhalaryň şekillendirilişiniň nusgasy Orta Aziýada başga ýok. Änew metjidinde aždarhalaryň şekillendirilmeginiň manysyna has ynamlyrak düşündirişi G.A. Pugaçenkowa berýär. Ol “munuň özi XV asyrda Änew töwereginde ýaşan ... esasy türkmen taýpasynyň totemidir, ähtimal Änewde jaýlanan şeýh Jemaleddin hem şol taýpadan bolandyr“ diýip hasap edýär.

Bu metjidiň gurluşygy hakda ýerli ilatyň arasynda ur döwürlerden bäri şeýle rowaýat dowam edip gelýär:”Bir wagtlar şäheriň gala diwarynyň düýbünde bir agaç dikilip, ondan uly jaň asylyp goýlupdyr. Başyna iş düşen her bir ýolagçy jaňy kakmak bilen şähere duýduryş berýär eken, ilat bolsa oňa kömege gelip, başyna düşen işden ony halas edýärler eken. Bir gezek adalatly we parasatly Jamalyň ýurdy dolandyrýan wagtynda adamlar jaňyň gaty we howsalaly kakylýandygyny eşidipdirler. Derwezäniň agzyna ylgaşyp gelenerinde olar ägirt uly towlanyp duran aždarhanyň jaňy kakandygyny görüpdirler. Şunda ol aždarha bir zady görkezýän ýaly edip, daga tarap ümläpdir, soňra bolsa märekäniň arasynda elleri paltaly we byçgyly duran iki ussa tarap ümlenip, daga tarap ugrapdyr. Patyşa aýal Jamal ussalara aždaranyň yzy bilen gitmegi buýrupdyr. Bular daga baranlarynda, agyr jebir çekip ýatan başga bir aždarhany görüpdirler: ol uly dag geçisini diriligine ýuwdupdyr, emma onuň buýralay şahlary aňryk geçmän, aždarhanyň bokurdagyna ilişip galypdyr. Edermen ussalar aždarhanyň açylyp ýatan agzyna girip, dag geçisiniň şahlaryny byçgy bilen kesip aýrypdyrlar we geçiniň etini böleklere bölüşdiripdirler whem-de aždarhany jebirden gutarypdyrlar. Şundan soň birinji aždarha ussalary hazynadan doly bolan bir derä eltipdir we olara şol hazynadan gereklerini hem-de göterip bilenlerini almaga ygtyýar beripdir.

Ertesi şäheriň ilatyny ýene-de jaňyň sesi oýadypdyr. Olar galadan çykanlarynda iki aždarhany hem görüpdirler, ol aždarhalar köp altyn we gymmatbahaly daşlary alyp gelen ekenler. Olar bu zatlary patyşa aýalyň öňünde goýup, özleri ýene daga tarap gidipdirler. Jamal bu gymmatbaha zatlardan uly metjit gurmagy we onuň peştagynda şu zatlary beren aždarhalaryň şekilini çekmegi buýrupdyr. Rowaýatda aždarhalar Änewiň ilatyna hossarlyk eden jandarlar hökmünde görkezilýär, olaryň şekili bolsa ýykylan metjidiň ýüzündäki ýazgyda atlandyrylyşy ýaly “Gözellik öýüni” gorap saklapdyrlar.”

Sarahs babanyň kümmeti we Sarahs galasy

düzet

Ýadygärligiň ýerleşýän ýeri: Ahal welaýatynyň Sarahs etraby

Ýadygärligiň döwri: b.e. ö. I m.ý. – b.e. XIX asyry

Ýadygärligiň taryhy:

Sarahs Beýik ýüpek ýolunyň ugrundaky Nişapur bilen Merwiň arasynda we Tejen derýasynyň ýokarky akymynda ýerleşen adybir welaýatyň merkezi şäheri bolupdyr. Bu ýere ilat eneolit döwründe (b.e.o. IV m.ý.) göçüp gelip başlapdyr.

B.e.o. I m.ý. ortasynda köne Sarahs şäherjiginiň ýerinde ilkinji obalar peýda bolupdyr.

B.e.o. II m.ý. Sarahs Parfýan döwletiniň düzümine giripdir we Siraken diýen ady alypdyr, ol syýasy we ykdysady taýdan Merwe tabyn bolupdyr. Araplaryň gelmegi bilen Orta Aziýanyň ýerli mirasdarlary bilim alanlaryndan soň, Sarahsyň ähmiýeti ep-esli artýar. Şol wagt Beýik ýüpek ýolunyň esasy ýollarynyň biriniň ugry üýtgeýär, şondan soň ol Eýranyň merkezi welaýatlaryndan Nişapura baryp ýetýär, ondan aňryk bolsa Sarahsyň üsti bilen Merwe we gündogara tarap gidýär. Sarahsyň halkara söwdasynyň aýlawyna goşulmagy onuň ykdysadyýetiniň ýokary göterilmegine amatly täsir edýär. Şol döwürde Sarahs umumy meýdany 120 gektardan, töwereginden 12 metr ýokaryk galdyrylan, 340×560 metr uzynlykda berkidilen şähristanly gür ilatly uly şähere öwrülýär. Şähristanyň 300-400 metr töwereginde, esasan, önümçilik mähelleleri ýerleşdirilipdir. Dürli görnüşli hünärmentçiligiň arasynda Sarahsyň gurluşykçy ussalary ajaýyp üstünlige eýe bolupdyrlar.

Sarahsyň ussalarynyň şöhrady Orta Aziýa we Eýrana ýaýrapdyr, muňa Sarahsyň çäklerinden daşarda gurlan ymaratlar şaýatlyk edýär. Eýrandaky Rabat-Şarif kerwensaraýynda, Merwdäki Soltan Sanjaryň äremgähinde, Jar-Gürgendäki münberde Sarahsly ussalaryň atlary saklanyp galypdyr.

Sarahsyň ussalarynyň aýdyň eserleriniň biri halkyň arasynda “Sarahs babanyň mawzoleýi” diýlip atlandyrylan Abul Fazlyň äremgähidir. Ol 1023-nji ýylda aradan çykan musulman akyldary Abul Fazylyň Sarahs şäheriniň etegindäki mazarynyň üstünde XI asyrda bina edilipdir.

XIII asyryň başynda mongol basybalyjylary Sarahsyň durmuşyna agyr zarba urupdyrlar

Ýartygümmez

düzet