Futbol boýunça dünýä çempionaty-1930
1904-nji ýylda FIFA-nyň döredilmeginden başgaça aýdylanda, futbolyň resmileşmeginden 26 ýyl soň, ilkinji Dünýä çempionaty Günorta Amerika yklymynyň Urugwaý döwletinde geçirilýär.
FUTBOL BOÝUNÇA DÜNÝÄ ÇEMPIONATY-1930 | |
1-nji | |
GYŞGAÇA | |
Kabul edýän ýurt: | Urugwaý |
---|---|
Senesi: | 13 iýul - 30 iýul. |
Toparlaryň sany: | 13 |
Meýydança(lar): | 1 (3) |
SOŇKY WEZIPELER | |
Çempion: | Urugwaý |
Ikinji orunda: | Argentina |
Üçunji orunda: | ABŞ |
Dördünji orunda: | Ýugoslawiýa |
STATISTIKA | |
Oýunlar: | 18 |
Maksatlary: | 70 (3.89) |
Gatnaşmak: | 590.549 (32.808 oýun bilen) |
Netijeli hüjümçi: | Gwilýermo Stabile (8 gol) |
Indiki | |
》1934 |
FIFA-nyň iň köp wagtlap prezidenti bolan (1921-1954) Fransiýaly Žýul Rime Dünýä çempionatyny guramak üçin ençeme tagalla baryny edipdi we onuň bu arzuwy ahyry1930-njy ýylda hasyl bolýar. 1928-nji ýylyň 26-njy maýynda Amsterdamda bolup geçen FIFA-nyň kongresinden soň, ilkinji Dünýä çempionatyny guramaklyk barada karara gelinýär. Bir ýyl soň Barselonada geçen ýygnanyşykda bu çäräni guramak Urugwaý döwletine ynanylýar. Ilkinji gezek geçiriljek bu çäräni tejribe etmek üçin Urugwaýdan başga-da Ispaniýadyr Italiýa, Gollandiýa hem-de Şwesiýa dalaşgär bolýar. Ýöne çäräni guraýjylar Urugwaýyň teklipleri bilen ylalaşýar. Çempionat üçin ýörite stadionyň guruljakdygynyň wadasynyň berilmegi, şol
sanda ýurduň ýolbaşçylary çempionata gatnaşjak ähli ýurduň çykdajylarynyň özleri tarapyndan tölenjekdigini aýtmagy guraýjylar üçin diýseň amatly pursat bolýar. Üstesine-de, Urugwaýyň 1924-nji we 1928-nji ýyllardaky Olimpiýa oýunlarynyň çempiony bolmagy, şol nukdaýnazardan futbolyň şol wagtky lideriniň Urugwaý bolmagy FIFA üçin ýeterlik sebäpler bolup durýar.
GATNAŞANLAR
düzetÇempionatyň başlamagyna 2 aý galanda-da Ýewropadan haýsy döwletleriň gatnaşjakdygy näbellidi. Ýöne Žýul Rimeniň şahsy tagallalaryndan soň, 4 ýurduň ýygyndy topary bu ýaryşa gatnaşmaga razylyk bolýar. Şol wagtlar ykdysady çökgünligi başdan geçirýän Ýewropa yklymyndan diňe 4 döwlet ummanyň aňyrsyna geçýär. Ýagny Fransiýadyr Belgiýa, Ýugoslawiýa we Rumyniýadan başga hiç bir döwlet dürli sebäplere (ykdysady ýetmezçilik, ummandan geçmegiň kynlygy hem-de ýolagçylygyň uzak wagt almagy) görä bu ýaryşa gatnaşmaýar. Şeýlelikde, ilkinji Dünýä çempionatynda Ýewropadan 4, Günorta Amerikadan 7, Demirgazyk Amerikadan-da 2 topar jemi, 13 milli ýygyndy çykyş edýär. Toparlar 4 toparçada çykyş edip, 1-nji toparçada 4, beýlekilerinde 3 ýygyndy özara güýç synanyşmaly edilýär. Ýer eýesi Urugwaý, Argentina, Braziliýa we ABŞ esasy faworitler hökmünde bijä gatnaşýar.
DUŞUŞYKLAR BARADA
düzet1930-njy ýylyň 13-nji iýulynda başlan çempionatyň ilkinji iki oýny şol birwagtda bat alýar. Ilkinji duşuşyklarda Fransiýa Meksikany 4–1, ABŞ Belgiýany 3–0 hasabynda ýeňlişe sezewar edýär. Şonda fransiýaly Lusien Loren Dünýä çempionatlarynyň taryhyndaky ilkinji pökgini öz adyna ýazdyrmagy başarýar (19-njy minutda).
6 MINUT ÖŇ GUTARDY
düzet1-nji toparçada 4 ýygyndy çykyş edip, iň ýatda galan oýun Argentina bilen Fransiýanyň arasynda bolýar. Sebäbi braziliýaly emin Almeida Rego ýalňyşlyk bilen duşuşygy wagtyndan 6 minut öň gutarýar. Üstesine-de, şol wagt 1–0 hasabynda utulyp barýan Fransiýanyň hüjümi dowam edýärdi.
1-NJI TOPAR
düzetDerrew FIFA-nyň degişli ýolbaşçylary egin-eşiklerini çalşan futbolçylary täzeden meýdança çykarýar we oýnuň galan 6 minudy tamamlanýar. Toparçadaky ähli oýnuny-da ýeňip 6 oçko toplan Argentina ýarym finala çykmagy başarýar (Şol döwürler her ýeňşe 2 oçko berilýärdi).
2-NJI TOPAR
düzet2-nji toparçanyň ilkinji oýnunda ýarym finala çykjak topar kesgitlendi diýip aýtsa bolar. Şonda Ýugoslawiýa Braziliýany 2–1 hasabynda ýeňýär. Soňra iki topar hem Boliwiýany 4–0 hasabynda utýar. Şeýlelikde 4 oçko toplan Ýugoslawiýa ýaryşy dowam etdirmäge hukuk gazanýar.
3-NJI TOPAR
düzet3-nji toparçada ýer eýesi urugwaýlylar üçin ýarym finala çykmak kyn düşmeýär. Olar ilki Peruny 1–0, soňra Rumyniýany 4–0 hasabynda ýeňlişe sezewar edýärler.
4-NJI TOPAR
düzet4-nji toparçada ABŞ-nyň ýygyndy topary hem belgiýaly, hem-de paragwaýly futbolçylary 3–0 hasabynda utup, ýaryşy dowam etdirmäge hukuk gazanýar. Olaryň 2-nji oýunda 3 pökgini-de öz adyna ýazdyran Bert Patanaude Dünýä çempionatlarynyň taryhynda “het-trik” eden ilkinji futbolçy bolýar. Şondan 2 gün soň 1-nji toparçada Argentinanyň Meksikany 6–3 hasabynda ýeňen duşuşygynda Stabile hem 3 gezek tapawutlanýar.
TOPARDAKY OÝUNLARDAN SOŇKY DUŞUŞYKLAR
düzetHer toparçany lider bolup tamamlanlar — Argentina, Ýugoslawiýa, Urugwaý hem-de ABŞ ýarym finala çykmagy başarýar. Ýarym finalda Argentina ABŞ-ny, Urugwaý bolsa Ýugoslawiýany 6–1 hasabynda utup, finalda çykyş etmäge hukuk gazanýar.
ÝARYM FINAL: ARGENTINA-ABŞ
düzetIlkinji ýarym finalda Argentina bilen ABŞ duşuşýar. Argentinler 1-nji ýarymda 1–0 hasabynda öňe saýlanýar.
Soňlugy bilen esasy oýunçysy Treýsiniň şikes almagyndan soň ABŞ 2-nji ýarymda 5 pökgini toruna goýberýär.
ÝARYM FINAL: URUGWAÝ-ÝUGOSLAWIÝA
düzetBeýleki ýarym finalda Ýewropanyň wekili Ýugoslawiýa 4-nji minutda öňe saýlanýar. Soňra 1 pökgisi hasaba alynman ruhdan düşen ýugoslawlar 6 topa çäre tapyp bilmeýär. Oýunda Pedro Sea çempionatyň 3-nji “het-trigini” öz adyna ýazdyrýar.
FINAL
düzetIlkinji Dünýä çempionyny kesgitlejek final oýny 30-njy iýulda Montewideodaky “Sentenario” stadionynda, Günorta Amerika yklymynyň iki wekili, ýer eýesi Urugwaý bilen Argentinanyň arasynda oýnalýar. 93 müň adamyň tomaşa eden oýnuna belgiýaly Jon Lanjenus eminlik edýär.
Duşuşygyň 1-nji ýarymy argentinleriň topy bilen oýnalýar. Oýnuň 12-nji minutynda ýer eýelerinden Dorado hasaby açýar. 20-nji minutda Peuselleniň hasaby deňlemeginden soň, Stabile 37-nji minutda argentinleri öňe saýlaýar. Duşuşygyň 2-nji ýarymy urugwaýlylaryň topy bilen oýnalyp, Sea (59), Iriarte (69) hem-de Kastronyň (89) pökgüleri esasynda ýer eýeleri 4–2 hasabynda ýeňiş gazanýar. Şeýlelikde, her topar öz topy bilen ýeňiş gazanýar (2–1, 0–3) we netijede Urugwaý ilkinji Dünýä Kubogynyň eýesi bolýar.
3-NJI ORUN
düzet3-nji ýer üçin duşuşyk geçirilmän, ýarym finalda utulan iki toparyň çempionatdaky oýunlaryna seredildi we ABŞ 3-nji ýeri eýeledi.
GYZYKLY MAGLUMATLAR
düzet- Çempionata gatnaşan Rumyniýanyň milli ýygyndysynyň düzümi
ýurduň şasy Karol II tarapyndan saýlandy.
- 1-nji toparçadaky Argentina bilen Çiliniň arasyndaky oýunda
her toparyň tälimçileri Dünýä çempionatlarynyň taryhyndaky iň ýaş tälimçiler boldy (Huan Hose Tramutola 27 ýaş, Gýorgi Orth 29 ýaş).
- Duşuşyklar paýtagt Montewideodaky 3 stadionda (“Positos” –
1000 janköýerli, “Parkue Sentral” – 20000, “Sentenario” – 90000) oýnalyp, iň az sanly stadionda geçirilen çempionat hökmünde taryha girdi.
- Final oýnunyň geçirilen, 90 müň adama niýetlenen “Sentenario”
(100-nji ýyl diýen manyny aňladýar) stadiony çempionat üçin, şol sanda ýurduň garaşsyz bolanyna 100 ýylyň dolmagy sebäpli geçiriljek çäreler üçin ýörite guruldy. “Sentenario” stadionynyň gurluşygy doly tamamlanmandygy üçin çempionatyň başlanyndan 5 gün geçen soň ulanylmaga berildi.
- 3-nji toparçadaky Rumyniýa bilen Perunyň arasyndaky duşuşyga
bary-ýogy 300 adam tomaşa etdi.
- Final oýnunyň ertesi güni bolan 31-nji iýul Urugwaýda milli dynç
güni diýlip yglan edildi.
- Ilkinji Dünýä çempionatynda çykyş etmek üçin saýlama oýunlary
geçirilmedi. Gatnaşan 13 milli ýygyndy ýörite çakylyk boýunça bu ýerde çykyş etdi.
2, Fransiýadyr Rumyniýadan hem-de Meksikadan 1, galany-da Günorta Amerika yklymynyň wekilleri bolup, olaryň 6-sy Urugwaýdan).
- Dünýä çempionatyna gatnaşan ýurtlaryň Urugwaýa barýança haýsy
toparçada çykyş etjekdigi belli edilmändi. Bijeler ähli topar Urugwaýa geleninden soň çekildi.
- Dünýä çempionatlarynyň taryhyndaky ilkinji pökgini fransiýaly
Lusien Loren tora saldy (Fransiýa–Meksika: 4–1). Dünýä çempionatlarynda 11 metrlik jerime urgusyndan ilkinji pökgini meksikaly Manuel Rosas derwezä girizdi (Argentina–Meksika: 6–3). Öz toruna girizilen ilkinji top hem meksikaly Manuel Rosasa degişli bolup, ol toparynyň Çili bilen geçiren oýnunda şu wakany başyndan geçirdi (Çili–Meksika: 3–0).
- 1930-njy ýyldaky ilkinji Dünýä Kubogynda çempion bolan oýunçylardan
iň soňkusy Ernesto Maskeroni 1984-nji ýylyň 3-nji iýulynda 76 ýaşynda aradan çykýar.
- Şol çempionata gatnaşan futbolçylaryň iň soňkusy argentinaly
Fransisko Warallo 2010-njy ýylyň 30-njy awgustynda ýagny çempionatyndan 80 ýyl soň, 100 ýaşynda dünýäden gaýdýar.
- Çempionatyň iň köp pökgi geçiren futbolçysy Stabile ilkinji
oýunlarda esasy düzümde oýnadylmaýar. Toparyň esasy hüjümçisi uniwersitet synaglary üçin Urugwaýdan öz ýurdy Argentina dolanýar. Şondan soň tälimçi “hany sen hem oýnap gör diýýär” we ony meýdança çykarýar. Ol hem şondan soň 3 oýunda 8 pökgini derwezä girizýär.
Rekordlar
düzet-Dünýä çempionatlarynyň taryhynda ilkinji pökgi duşuşygyň 19-njy minutynda Meksika toparynyň derwezesine Fransuz hüjümçisi Lýusen Loran tarapyndan geçirildi.
-Şol oýunda beýleki bir Fransuz futbolçy Andre Maşino taryhda ilkinji gezek iki pökgini bir oýunda geçirmegi başardy.(double)
-ABŞ bilen Belgiýanyň toparlarynyň duşuşygynda Amerikaly Bert Peýtnaud ilkinji gezek üç pökgini bir oýunda geçirmegi başardy (hat trick).
-Fransiýa-Çili duşuşygynda Urugwaýly emin Anibal Tehada ilkinji 11 metrlik jerime urgusyny (penaltyny) belledi. Framsiýaly derwezeban Gilýermo Saawedranyň urgusyny gaytarmagy başardy.
-Çili bilen Meksikanyň duşuşygynda Meksikaly Manuel Rosas 51-nji minutda ilkinji gezek öz derwezesine pökgini geçirdi. Ol Argentina bilen geçirilen oýunda 11 metrlik jerimäni gol bilen tamamlan ilkinji oýunçy boldy.