Grigoriý Skoworoda (ukr. Сковорода Григорій Савич; 22 noýabr (3 dekabr) 1722 — 29 oktýabr (9 noýabr) 1794) — Ukrain filosofy, teolog, şahyr, mugallym.

Grigoriý Skoworoda
(Сковорода Григорій Савич)
Doglan wagty we ýeri22 noýabr (3 dekabr) 1722
Çernukhy
Aradan çykan wagty we ýeri29 oktýabr (9 noýabr) 1794
Iwankiwka
KäriOýun ýazyjysy, şahyr

Grigoriý Skoworodany täze ukrain edebi diliniň, halk şahyrana, halk diliniň başlangyjy hasaplamak bolar. Onuň döredijiligi XVIII-XIX asyrlaryň ähli ukrain edebiýatyna düýpli täsir edipdir. Skoworoda köplenç latyn dilinde ýazýardy. Skoworoda üçin latyn dili, ilkinji nobatda, epistolýar dili, dünýewi öwreniş dili, basnýalaryň, poeziýanyň we filosofiýanyň dili[1]. Käwagt Skoworoda öz belliklerinde latyn diline geçýär. Skoworoda Mukaddes Ýazgylaryny düşündirmek boýunça pikir ýöretmelerinde muny ulanmaýardy.

Skoworodanyň döredijligini öwrenýänler ony görnükli ukrain mugallymy, şahyr, göçüp- gonup ýören filosof we içerki aň-bilim ýaýradyjylygyň etiki-gumanistik ugrunyň wekili hasaplaýarlar.

Ömri we döredijiligi

düzet

G.S. Skoworoda 1722-nji ýylyň 3-nji dekabrynda (köne stil boýunça 22-nji noýabr) Poltawa sebitiniň Lokwitskiý etrabynyň Çernukha obasynda garyp kazak daýhanlarynyň maşgalasynda dünýä indi. Çagalyk wagtyndan bilime bolan güýçli islegi we üýtgeşik ukyplary ýüze çykypdyr, halk saz gurallaryny çalmagy öwrenipdir we aýdymy gowy aýdypdyr.

1738-nji ýylda Kiýew-Mogilýan akademiýasyna (käbir çeşmelere göre 1734-nji ýylda) okuwa giripdir we şol ýerde arasyny üzüp, 1750-nji ýyla çenli aralykda okapdyr. General-maýor G. Wişnewskiniň döwlet missiýasy bilen Wengriýany aýlandy. Tokaýda (1750-nji ýyldan 1753-nji ýyla çenli) gulluk eden wagty, okuwçysy we terjimehal düzüji Mihail Kowalinskiniň şaýatlyk edişi ýaly Bratislawada, Wenada, Wenesiýada, Florensiýada, Gallede (Germaniýa) bolupdyr[2]. Daşary ýurtda bolmagyny bilimini artdyrmak, dilden aýdylýan halk sungaty, Awstriýa imperiýasynyň çäginde ýaşan halklaryň durmuşy we däp-dessurlary bilen tanyşmak üçin doly peýdalanypdyr.

 
"Странствующий украинский философ Григорий Саввич Сковорода"

1753-nji ýylda Ukraina gaýdyp geleninden soň, mugallymçylyk we pedagogika işlerine başlapdyr. Poetikany öwretmek üçin Pereýaslaw kollegiumyna işe çagyrylýar[1]. Ol Plutarhy terjime edip, ilkinji eserlerini ýazyp başlapdyr. Bilime täzeçil pikir-garaýyşlary girizmäge synanyşandygy, köne däp-dessurlara laýyklykda okatmaga razy bolmanlygy we öz dünýägaraýşyny tutanlygy üçin ýolbaşçylar tarapyndan nägileligiň döremegi sebäpli kollegiumy terk etmäge mejbur boldy. Pereýaslawyň golaýyndaky Kowraý obasyndaky ýer eýesi Stepan Tomaranyň maşgalasynda öý mugallymy bolupdyr (1754-1759-njy ýyllar aralygynda).

1759-1769 ýyllar aralygynda, arakesmeler bilen, Harkow kollegiumynda işlemegi onuň durmuşynda iň işjeň döwri bolupdyr[1]. G.Skoworoda zehinli we başarnykly orator we duýgur mugallym hökmünde meşhurlyk we abraý gazanypdyr. Ol grek dilini, içgili oturyşyklary, sintaksisi, okuwçylara organ we tüýdük çalmagy öwredipdir. Ol erkin pikirlenmekde aýyplanyp, ahyrsoňy Harkow kollegiumyndan kowulýar. Skoworoda mugallymçylygy bes etmäge we ähli hünär işini hemişelik terk etmäge mejbur bolýar.

Skoworoda ýaşlygynda ene-atasyny ýitirip, ýagdaýy bolmansoň, tutuş Ukrainany öz öýi hasaplaýar. Hatda Skoworodanyň durmuş ýörelgesini saýlamagy, onuň ukrain halk däplerine, kazak harby ýörüşlerine we ümürli sähra geçelgelerine ýakyndygyny görkezýär. Skoworoda göçüp-gonup ýören filosof bolýar. 25 ýyllap Harkow sebitini aýlanyp, obalarda ýaşapdyr, adamlaryň arasynda pikir-garaýyşlaryny ýaýradypdyr, goşgy, basnýa, tymsal we pelsepe eserlerini ýazypdyr. G. Skoworodanyň pikirleri bütin Ukraina we onuň daşynda ýaýrapdyr. Skoworodanyň dini aýdymlary buthanalarda aýdylyp başlanypdyr, körler aýdymlaryny aýdypdyrlar, «Всякому огороду нрав и права» we «Ой, ты птичка желтобока» bolsa akyldaryň ýaşan döwründe eýýäm meşhur bolup, halk aýdymlaryna öwrülipdir.

Ölümi

düzet

Grigoriý Skoworoda 1794-nji ýylyň 9-njy noýabrynda (köne stil boýunça 29-njy oktýabr) göçüp-gonup ýören we edermençilikli durmuşyny tamamlady[3]. Ol Harkow sebitiniň Zoloçewskiý etrabynyň Pan-Iwanowka (häzirki Skoworodinowka) obasynda jaýlanypdyr. Onuň mazar ýadygärliginde akyldaryň filosofiki dünýägaraýşyny şekillendirýän «Dünýä meni kowalady, ýöne tutmady» diýen ýazgy oýulypdy.

Edebi eserler

düzet
 

Grigoriý Skoworodanyň esasy eserleri: «Ylahy aýdymlaryň bagy» (1735–1785), «Harkow basnýalary» öwüt-nesihat beriji fabulalaryň ýygyndysy (1769–1774), «Hristian ahlagyna başlangyç gapy» (1768?). Skoworodanyň köp filosofiki, jemgyýetçilik-syýasy, ahlak we pedagogiki meseleleri öwredýän 20 töweregi traktaty bar, şol sanda «Наркисс. Разглагол о том: узнай себя» (takmynan 1768–1771), «Симфония, нареченная Книга Асхань о познании самого себя» (takmynan 1772), «Разговор пяти путников об истине счастья в жизни» (1773?), «Алфавит, или Букварь мира» (1775-nji ýyla çenli?). Materialistik meýilleriň agdyklyk edýän özboluşly filosofiki ulgamyny döredendigini ynam bilen aýdyp bileris. Skoworoda öz filosofiki garaýyşlarynda rus prawoslaw dininiň buthanalarynyň durmuşdan üzňe bilimine esaslanman, Injile esaslanýardy. Bu bolsa filosofyň ýaşan döwründe eserleriniň hiç biriniň neşir edilmeginiň sebäbi bolupdy, sebäbi şol döwürdäki hökümet olary Mukaddes Ýazgylara laýyk gelmeýän we ruhanylar üçin kemsidiji hasaplaýardy.

Skoworoda bütin ömrüni ahlak pelsepesiniň ösmegine we ýaýramagyna bagyşlady; diňe bir täze ukrain filosofiýasynyň däl, eýsem Mukaddes Ýazgylaryň berk binýadyna we gadymy akyldarlaryň pikirlerine esaslanýan dünýä filosofiýasynyň esaslandyryjysy boldy. D.Çijewskiý Skoworodanyň pelsepesini intellektual däp-dessurymyzyň hakyky özeni hasaplaýar we Skoworodany ilkinji Gündogar slawýan filosofy diýip atlandyrýar[4].

Skoworoda we Magtymguly

düzet

Grigoriý Skoworodanyň we onuň döwürdeşi- türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijiligi, dürli medeni paradigmalara degişlidigine garamazdan, köp umumy aýratynlyklara eýedir. Iki şahyr hem şygyr düzüliş ugrunda täzelikçi boldular. Hem Magtymguly, hem Skoworoda adamyň dünýäni däl-de, öz esasyny özüniň kesgitleýändigini öňe sürýärler. Skoworoda we Magtymguly, hersi öz milli medeniýetleriniň däplerine, hristian we yslam dini däplerine esaslanyp, häzirki zaman ukrain we türkmen halklarynyň emele gelmeginde we ösmeginde uly orun tutdy.

Çeşme

düzet
  1. 1.0 1.1 1.2 Сковорода Григорій (1772—1794) // Енциклопедичний словник символів культури України / За заг. ред. В. П. Коцура, О. І. Потапенка, В. В. Куйбіди. — 5-е вид. — Корсунь-Шевченківський: ФОП Гавришенко В. М., 2015. — С. 751. — 912 с. ISBN 978-966-2464-48-1
  2. Малинов А. В. Философские взгляды Григория Сковороды. — СПб., 1998. — С. 10.
  3. Сковорода Григорий Саввич // Энциклопедия Кругосвет
  4. Чижевський Д. Філософські твори: У 4 т. — Т. 1: Нариси з історії філософії на Україні. Філософія Григорія Сковороди. — К. : Смолоскип, 2005—402 с.