Gutulmyş
Gutulmyş, (Arap elipbiýinde قتلمش) doly ady Umeýr ibn Şuýýim ibn Amr Arslan Yabgu ibn Gutulmyş, Türkmen hökümdar. Arslan Ýabgunyň ogly we Beýik Seljukly döwletiniň Soltany Togrul begiň doganoglanydyr.
Gutulmyş | |
Şahsy maglumatlar | |
---|---|
Ölüm | 1063-nji ýylyň 7-nji dekabry, Reý, Eýran |
Milleti | Türkmen |
Çaga(lary) | Süleýman Şah |
Kakasy | Arslan Ýabgu |
Garyndaşlary | Mugallymy we gaýynatasy Ali Taýlu |
Harby hyzmatlary | |
Dostlyk | Beýik Seljukly döwleti |
Hyzmat eden ýyllary | 1061-e çenli |
Dereje | Serkerde, Seljukly şazadasy |
Uruşlar/Çaknyşyklar | Diwin söweşi
Pasinler söweşi Büweýhileriň Türk serkerdesi bilen çaknyşyk Damagan söweşi |
Togrul beg we Çagry begiň daýysy Arslan Ýabgunyň oglydyr, Togrul begiň doganoglanydyr.
Gelip çykyşy
düzetTogrul we Çagry begiň atasy Seljuk beg ýogalandan soňra onuň taýpasynyň, ýagny Seljuklaryň baştutany ogly Arslan Ýabgu bolýar. Bir taryhy rowaýatda ol "mertligi, uruşjaňlygy we ýyldyrym tizligi bilen duşmanyň üstüne çozmasy ýaly häsýetleri sebäbi hemme kişiň çekinýän Arslan Ýabgusy" şeklinde taryp edilýär. Ine şu sebäpli Gaznaly Mahmyt we Garahanlylar olaryň has güýçlenmeginden gorkýarlar. Gaznaly Mahmyt bir aldaw hereketine baş goşýar. Ony bir toý üçin diýen bolup Samarkanda çagyrýar. Arslan Ýabgu baranda ony ogly Gutulmyş we ýanyndaky türkmenler bilen birlikde Galanjar galasyna tussag edýär. Oňa bagly ençeme türkmen şo ýerde öldürilýär. Galanlary bolsa lidersiz bir şekilde dargaýar. 1030-njy ýylda Gaznaly Mahmyt ölýär we ýerine ogly Mesut geçýär. Seljuklaryň öňde gelen ýigitleri Togrul we Çagry ondan daýylary Arslany goýbermegini isleýärler. Ýöne Mesut ony goýbermeýär. Arslanyň ogly Gutulmyş bir ýoluny tapyp gaçýar we Buhara gelýär. Bu ýerde emrindäki Oguzlar bilen birlikde kakasyny halas etmek üçin herekete geçýär. Ýöne Seljuklar näçe jan etsede Mesut Arslany goýbermeýär. Arslan Ýabgu 7 ýyl tussagda galyp 1032-nji ýylda şo galada ölýär. Kakasynyň ölmesi sebäpli doganoglanlary Togrul we Çagry begler bilen birlikde bolýar. Altynjan Hatyn romanynda aýdylyşyna görä, Togrul beg daýysy Arslan Ýabgunyň ölümine gynanyp dälliräp, bir otagda ençeme gün aç-suwsuz galýar.
Durmuşy barada
düzet1040-njy ýylda Daňdanakan urşundan soň Bizanslylar Debil şäherine çozýarlar ýöne Gutulmyş ol çozuşy duzurýar. 1045-nji ýylda Kawkaza girýär. Gutulmyş, Diýarbekir we Musul taraplarynyň işini görüp ýören kakasyna degişli Oguzlary ýanyna alyp 18 müňlik goşun toplaýar. Şo ýylyň güýzünde 25 müňlik Bizans goşununy Diwin diýen ýerde edil ýok edýär. Ermeni goşunbaşy Wahram hem bu uruşda öldürilýär. Bu Diwin uruşunda Bizanslylar gaty uly ýitgi çekdi, Seljuklaryňky bolsa gaty azdy. Soňra Gutulmyş Togrul bege bir hat ugradyp bu töwerekleriň baýdygyny we Rimlileriň aýallar ýaly gorkakdygyny şo sebäpli bu ýeriň aňsatjak basylyp alynjagyny aýtdy. Türkmenleriň baş goşununyň baştutany bolan Musa Ýabgunyň ogly Hasan Erzurum töwereklerinden aýlanyp Wan kölüniň ýakynlaryna girdi. Gruz şasynyň goýberen goşuny Hasana duzak gurdy we Hasan we ençeme türkmen esgeri öldürildi. Seljukly soltany Togrul beg şehit bolan Hasanyň we Seljukly esgerleriniň aryny almak üçin Ybraýym Ynalyň Anadola çozmasyny buýruk berdi. Gutulmyş hem olara goşuldy we 1048-de Anadola girdiler. Şo döwürde ýaşan bir ermeniniň aýtmagyna görä, Türk milletiniň gorkunç çozuşlary Erzuruma döküldi. Seljuklaryň 50 müňlik goşuny bardy. Olaryň bir toparyna Ybraýym Ynal bir toparynada Gutulmyş baştutanlyk edýärdi. 1048-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Seljukly goşuny 70 müňlik Bizans goşuny bilen garşylaşdy. Pasinlerde bolan bu uruşda Seljuklylar goşunyň baş bölümini dargadyp IV. Liparidi we ençeme esgeri, birtopar oljany alyp çekildiler. Togrul beg 1055-nji ýylda uly bir pilli goşun bilen Bagda-da geldi. Şol wagt ýanynda Gutulmyşam bardy. Şol wagtlar Büweýhileriň Türk serkerdesi Arslan el-Besasiri Musula çozýar. Togrul beg Musuly goramak üçin Gutulmyşy goýberýär. Gutulmyş Arslan el-Besasiriniň üstüne çozsada ýeňmäni başarmaz. Soň Togrul beg Musula gelip Gutulmyşam ýanyna alyp Bagdada gelýär. Anadolyda basmaçy türkmen begleri yzygyderli çozuşlar edip rimlilere we Bizanslylara gorky salýardy, baran ýerlerini ýakyp ýykýardylar. Bulara Gutulmyş liderlik edýärdi. 1058-nji ýylda Ybraýym Ynal Togrul bege garşy gozgalaň etdi. Ol özüne eýleki liderler ýaly zat berilmedigini aýtýardy. Togrul beg Ybraýym Ynalyň üstüne goşun bilen ýöredi. Ýöne Togrul beg ýeňilip tussag edildi. Çagry beg bu habary alanda gaty hassalanypdy, uruşmana ýagdaýy ýokdy. Şo sebäpli ogly Süleýman we Alp Arslany köplik bir goşun bilen kömege ugratdy. Ybraýym Ynal bu goşundan ýeňildi we Alp Arslan ony tutup Togrul bege getirdi. Togrul beg ony bagyşlady. Soňky ýyllarda Togrul bege Ybraýym Ynalyň gozgalaň etjekdigi maglumatlary gelýärdi. Togrul beg bir çozuşa gidende Ybraýym ýene gozgalaň etdi. Bu gozgalaňda-da Ybraýym Ynalyň 30 müňlik goşuny ýeňildi. Ýöne bu gezek bagyşlanman 1059-njy ýylda öldürildi. 1060-da Togrul begiň aýaly Altynjan Hatyn we jigsi Çagry beg hassalanyp aradan çykýar.
Togrul bege garşy gozgalaňy
düzet1061-de Gutulmyşam Togrul bege garşy gozgalaň edýär. Sebäbem Çagry begiň ogly Süleýmany mirasdüşer etmesidi. Gutulmyş Gaznalylara tutulmanka Oguzlaryň başynda kakasynyň durandygyny, şo sebäpli tagtyň özüniňkidigini aýtýardy. Togrul beg Gutulmyşyň üstüne goşun goýbersede goşun Gutulmyşdan ýeňilýär. Şo sebäpli ýörite Togrul begiň özi Gutulmyşyň bolýan galasyny gabaýar. Ýöne bulam başa barmaýar. Togrul beg muňa weziri Kunduryny baştutan belleýär. Soňky wagtlarda ylalaşyk görüşmeleri başlar we Gutulmyş käbir şertleri aýdar : 1. Soltan özüne hiç hili zyýan bermejekdigine talak bilen kasam eder. 2. Gozgalaňy sebäpli özünden zat islenmeli däl. 3. Süleýmanyň gyz jigsi bilen öýlenmegine garşy çykylmaly däl. 4. Häkimiýetine gaty baý bir welaýat berilmeli. Bu şertleriň 3-si kabul edilsede 1-nji şert kabul edilmez, sebäbi talak bilen Soltanyň hiç kime kasam etmejekdigi aýdylar. Ýöne Gutulmyş munyň kabul edilmegini islär, şo sebäpli ýene gatnaşyklar kesilýär. Kundury gababy dowam edip durka 1063-de Togrul beg hassalanyp aradan çykýar. Soltanyň ölümi bilen weziri Kundury paýtagta gelýär. Gutulmyşam galasyndan aýrylyp Reý töwereklerinde ýaşaýan türkmenleri öz hyzmatyna alýar. Gutulmyşyň jigsi Resul Teginem oňa goşulýar we Reýe ýöremegini maslahat berýär. Şeýlelik bilen Çagry begiň ogullary Süleýman we Alp Arslan bilen, Arslan Ýabgunyň ogullary Gutulmyş we Resul Teginiň arasynda tagt çekeleşigi başlaýar.
Damagan söweşi
düzetIň soňunda Gutulmyş 50 müň kişilik goşun toplaýar we Reýe ugraýar. Edil şol wagtlarda Alp Arslan hem goşun tutup Reýe gaýdan eken. Wezir Kundury, Alp Arslanyňam goşun tutup Reýe gelýändigini bilenden soň Süleýman ýerine Alp Arslanyň adyna wagyz okadýar we Alp Arslanyň ýanynda ýer alýar. Şol wagt Kundurynyň Gutulmyşyň üstüne goýberen goşuny ýeňilýär. Şo ýylyň 15-nji noýabrynda Gutulmyş Reýe ilkinji baryp şäheri gabaýar. Edil şol wagtlar Alp Arslanyň baş serkerdesi Hajyp Erdemiň Damgana gelendigini öwrenenden soň Reýden aýrylyp Damgana tarap ugraýar. Dihinemek diýen ýerde Gutulmyş Hajyp Erdemiň goşununy ýeňýär. Gutulmyş Dihinemekde goşununy goýýar we palçylaryň uruş gününi ugursyz görmeleri sebäpli akar suwy Alp Arslanyň ýoluna öwürýär, maksady bu ýeri palçyk edip 10 km aňyrdaky Alp Arslanyň ýoluny kesmekdi. Ýöne diýeni başa barmaýar, Alp Arslan goşuny bilen ol ýerden geçýär we iki Seljukly goşuny garşylaşýar. Şo ýerde iki goşun biri-birine girýär. Bolan uruşda Gutulmyşyň goşuny ýeňilýär. Goşunyň ýeňilmegi bilen jigsi Resul Tegin we ogly Süleýman Şah serkerdeleri bilen bile Alp Arslana ýesir düşýär.
Ölümi
düzetGutulmyş gaçýar, we bir rowaýata görä dargan goşununyň galanlaryny toplajak bolup durka çukur bir meýdanda atyndan düşip ölýär. Bu bolan hemme zatlardan soň Alp Arslan Gutulmyşyň ölümine gaty gynanyp aglaýar. Onuň üçin ýas tutýar. Gutulmyş Reýde Togrul begiň mazarynyň ýanyna gömülýär.
Salgylanmalar
düzethttps://www.ylymly.com/2020/03/08/seljuklylaryn-nesil-daragty Archived 2021-08-08 at the Wayback Machine
http://kitapcy.com/news/2020-01-03-9985
http://talyplar.com/posts/28409 Archived 2021-08-08 at the Wayback Machine
http://merw.news/tm/seljuk-dowleti-doredilyar-muhammet-togrul-beg Archived 2021-01-15 at the Wayback Machine
Jumageldi Mülkiýew - Seljuklar romany bölekler