Hajathana edepleri (Yslam)

Yslamda hajathanada berjaý etmeli amallar

Kada äl-häjet (arap. قضاء الحاجة‎‎ — hajathana edepleri).

Ýapon hajathanasy.
Hajathanada köp oturmaly däl, sebäbi gemorroý edýär. Şonuň üçin häzirki döwürde unitaz ulanýarlar, ýöne olar mejbury diňe şäherdäki etaž jaýlarda gerek. Sebäbi oba ýerler üçin oturgyç ulanyp bolýar.
Dolan hajathanaň ýerinden oturdylan bag.
Oba hajathanalary ýaly ýapon hajathanasy.

Hammam adaby

düzet

Hammama giren adam üçin wajyp hem dykgat etmeli zatlary şulardyr:

  1. Owrat ýeriňi açmazlyk. Musulmanyň dyz we göbek aralygy owratdyr, onuň başga kişä görkezilmegi haramdyr. Hammamda owrat ýeriňi açmak haramdyr, (Nesaýy, «Hakim»).
  2. Başganyň owrat ýerine seretmezlik.
    Pygamberimiz bu barada şeýle aýdypdyr: «Allaha we ahyret gününe ynanýan kişi hammama izarsyz (uýat ýerlerini örtmän) girmesin...» (Tirmizi, Nesaýy).
    Bu mesele bilen baglanyşykly Ymam Agzamyň başyndan geçen bir wakany şeýle gürrüň berýärler:
    Bir gün Ebu Hanife hezretleri hammama gidýär. Juma namazy üçin gusul almak isleýär. Onuň ýanyndaky adam owrat ýerini açyp ýuwunýar eken. Ymam Agzam ony görmejek bolup gözlerini ýumýar şol aralykda suw akydynýan gabyny ýitirýär. Gözleri ýumuk sermenip duran Ymam Agzamy gören beýleki adam suw gabyny onuň eline berip: «Eý, Ymam! Siziň gözüňiz haçan kör boldy?» diýip soraýar. Ymam Agzam onuň bu sowalyna: «Seniň uýat ýerleriň açykdygyny görenimden bäri. Eger haýa edip, örtünseň, gözüm açylar diýip umyt edýärin» diýýär.
  3. Hammama girmezden «Allahumme inniý ä’uzu bike minel-hubsi wel-habais» (Buhary, Muslim) dogasyny okamaly we işiginden çep aýagyňy ädip girmeli.
  4. Hammamda adam az bolýan wagty gitmek.
  5. Suwy gereginden artyk döküp, isrip etmezlik.
  6. Hammamda salamlaşmazlyk.
  7. Köp gürleşmezlik.
  8. Kuran sesli okalmaz, emma içinden «besmele» aýdylyp biliner.

Aýallaryň hammama gitmegi

düzet

Pygamberimiz: «Öýünde hammamy bolan maşgalasynyň umumy hammama gitmegine rugsat berse, halal bolmaz» (Ebu Dawud) diýipdir. Emma zerurlyk ýagdaýynda aýallar hem hammama gidip biler. Hezreti Aişe enemiz hassalykdan açylmak niýeti bilen umumy hammama gidipdir.

Hammama gidilende aýallar hem özaralarynda göbek bilen dyz aralygyny bir-birine görkezmeli däldir. Iň laýygy – umumy hammamda bolýan bir adamlyk ýörite otaglaryň birini saýlamakdyr.

Istinja we istibra

düzet

Istinja

düzet

Istinja – hapadan tämizlenmek islemek diýmekdir. Dini taýdan kiçi we uly hajaty edeniňden soň, owrat ýerleriňi tämizlemek diýmekdir. Bu tämizlik müekked sünnetdir.

Istinja suw bilen kylnyşy ýaly, suw bolmadyk ýagdaýda ownuk daş ýa-da kesek, ýörite edilen nem sorýan kagyzlar bilen edilip bilner. Ýöne süňk, aýna, ýazgyly kagyz, ýüpek ýaly gymmat bahaly mata bölekleri we Zemzem suwy bilen istinja kylmak mekruhdyr. Mundan başga-da, ýazmak üçin ulanylýan arassa kagyzyň hem gadyryny gaçyrmazlyk dogrudyr. Çünki isrip – haramdyr.

Istinja kylmakda iň laýygy ilki kesek, daş ýa-da hajathana kagyzy bilen süpürinip, suw bilen ýuwunanyňdan soň, mata ýa-da hajathana kagyzy bilen gurunmakdyr.

Istibra

düzet

Buşugandan soň, erkek kişiniň peşew damjalarynyň doly kesilmegine garaşmagyna istibra diýilýär. Muny etmek wajypdyr. Istibra, esasan, hajathanadan çykylmanka edilmeli.

Istibra etmegiň – peşew damjalaryny doly kesmegiň dürli ýollary bardyr. Peşew damjalary käbir adamlarda çalt, käbirlerinde uzak wagtdan soň kesilýär. Her kes öz ýagdaýyna görä, taharet almazyndan öň, peşew damjalarynyň kesilmegine garaşmaly, üsgürmeli, hajathanadan çykanyňdan soň, derrew taharet kylman, biraz ýörmeli, hereket etmeli, soňra taharet kylmalydyr.

Istibra etmek taharetiň syhhatyna päsgel bermezlik üçindir. Eger-de buşuganyňdan soň, derrew taharet kylynsa, peşewiň damanyndan ýa-da dammanyndan habaryň bolmasa-da, taharet bozular. Okalan namaz hem sahyh bolmaz. Şonuň üçin istibra meselesine gaty jür bolmalydyr. Ýöne bu meselede öte was-waslyk hem dogry däldir.

Pygamberimiz bir hadysy şerifinde: «Peşewden seresap boluň, çünki gabyr azabynyň köpüsi şol sebäplidir» diýmek bilen, buşuganyňdan soňky istibranyň ähmiýetini nygtapdyr.

Istinjanyň we istibranyň düzgüni Hajathana girmänkäň, eliňde Allahyň ýa-da Pygamberimiziň ady ýazylan ýüzük, jübüňde aýat, Kurandan bir bölek ýazylan sahypa bar bolsa, olary aýyrmaly ýa-da suw geçirmeýän bir zada salmaly. Muňa mümkinçilik bolmasa, ýüzügiň ýazgyly ýerini owujyň içine öwürmäge-de rugsat edilýär.

Şeýle he m «Bismillä» diýip, şu dogany: «Allahumme inniý ä’uzu bike minel hubsi wel habais» (Buhary, Muslim) okamak mustahapdyr.

Manysy: Allahym, hapysa şeýtanlardan Saňa sygynýaryn.

Hajathana sol aýagyň bilen girip, sag aýagyň bilen çykylýar.

Hajathanada kybla bakyp hem, arkaňy öwrüp oturmak hem bolmaýar. Bular mekruhdyr. Ýöne jaýlarda hajathana kybla bakdyrylyp salnan bolsa, nalaçlyk sebäpli munuň zeleli ýokdur.

Hajathanada zerurlyk bolmasa gürlemeli däl, zikir edilmeýär, salam bermek hem, almak hem bolmaýar.

Hajathanada tüýkürmek, sümgürmek, hapa galdyrmak biedeplikdir.

Keýpine dik durup buşugmak dogry däldir. Ýöne zerurlyk bolanda muňa rugsat edilýär. Oturyp buşugmak tämizlik we saglyk jähtinden iň laýygydyr. Bu ýagdaýda peşew haltasy doly boşaýar hem soňra damja gelmesi az bolýar.

Hajathanada nejasete hem owrat ýeriňe bakmaly däldir. Bu gözüň nuruny alar. Hajathanadan çykanyňda: «Älhämdulillähillezi ezhebe annil-eza we afaniý» diýmelidir.

Manysy: Menden yzany gidirip, maňa afiýet ihsan eden Allaha hamd bolsun.

Istinjanyň mekruhlary

düzet

Şemala garşy, köl, derýa, çeşme we ş.m.leriň suwuna, agajyň düýbüne, kölegelik ýerlere, mör-möjekleriň hinine, ýol üstüne meýdan etmek mekruhdyr. Adamlaryň geçýän, dynç alýan ýerlerini hapalap, olaryň gargyşyna sebäp bolmazlyk üçin, hadysy şeriflerde şeýle ýerlerde meýdan etmek gadagan edilendir. Köpçüligiň hajathanasynda hapa yzlaryny galdyrmak hem hadysda gadagan edilendir.

Istinjada we istibrada tämizlik hemişe çep el bilen edilmeli, sag eli ulanmak mekruhdyr. Istinja kylanyňda suw syçratmaly däldir.

Istanja edip bilmezlik derejede ýarawsyz bolan kişi, ýanýoldaşy ýa-da mähremi bolmasa ýagdaýyna görä bolar.

Salgylanmalar

düzet