Haumea Koýperiň guşaklygynda ýerleşýän asman jisimidir. Ol kiçi planetalar toparyna degişlidir. Haumeanyň massasy Plutonyň massasynyň 1/3-dir. Ol ilkinji gezek 2004-nji ýylyň 28-nji dekabrynda ABŞ-daky Caltech obserwatoriýasynda, Michael E. Brown başlyklygyndaky topar tarapyndan tapyldy. 2005-nji ýylda Ispaniýadaky Polomar obserwatoriýasynda Jose Luis Ortiz Moreno başlyklygyndaky topar tarapyndan hem tapyldy. (Emma ikinji tapylyş resmi däldir).

(Muhammetnyýaz Jumanyýazow)