Käkilik
Dag käkiligi (latynça – Alectoris kakelik, rusça – каменная куропатка, iňlisçe – chukar partridge) —Towuklar otrýadynyň sülgünler maşgalasyna degişli guş. Ýelekleri gögümtil-goňur (kelle we ganat ýelekleri gyzgylt). Böwründe kese gara zolaklar bolýar. Çüňki we aýaklary gyzyl.
Agramy 350-den 700 g-a ýetýär. Käkilik günbatarda Alp daglaryndan, Balkan hem-de Sinaý ýarym adasyna, gündogarda Hytaýa hem-de Gimalaý daglaryna çenli ýaýrandyr. Türkmenistanda käkilik Balkan daglarynda, Köpetdagda, Bathyzda, Garabilde, Köýtendagda duş gelýär. Käkilige ýakyn bolan görnüşler Günorta Ýewropada, Demirgazyk Afrikada, Arabystan ýarym adasynda duş gelýär.
Käkilik dagyň gyrymsy agaçly gaýalarynda mesgen tutýar. Ol galyň gar ýaganda, dag etegine düşýär. Ýylda bir gezek köpelýär. Ýerde höwürtgeläp, 9-12 (kähalatlarda 14-17) ýumurtga guzlaýar. Ýumurtgany 23-25 günläp basýar. Käkilik ösümlik tohumy, ýaprak we mör-möjekler bilen iýmitlenýär. Käkilik aw guşy hasaplanýar. Köp awlanýanlygy sebäpli, onuň sany ýyl-ýyldan azalýar. Käkilik döwlet tarapyndan goralýar. Ony ýylyň belli bir möhletlerinde awlamaklyga rugsat edilýär.
Çeşme
düzetTürkmen Sowet Ensiklopediýasy, Tom 5, sah. 112