Kategoriýa:Bogunaýaklylar

Bognaýaklylar ewolýusiýa netijesinde has ösüp özgeripdirler. Olaryň bedeni, esasan, üç bölüme: kellä, kükrek,garyna bölünip, kutikula bilen örtülendir. Hereket synalary bolan aýaklary, ganatlary oňat ösendir, muskullary, iýmitleniş, bölüp çykaryş, nerw, görüş, eşidiş, ys alyş, köpeliş ulgamlary has çylşyrymlaşandyr. Olar ýaşaýşyň hemme gurşawlaryna ýaýrandyrlar we oňat uýgunlaşandyrlar. Olaryň bir ýarym milliondan gowrak görnüşi bar. Bognaýaklylar tipi birnäçe klaslara bölünýärler.

Olaryň 3 sany esasy klaslary bar. Olar: Leňňeç şekilliler klasy, möý şekilliler klasy,mör-möjekler klasy.

Iýmitleniş ulgamy: 3bölümden: öňdäki, ortaky we yzky bölümlerden ybarat. Öňdäki bölüminde gyzylödek we çeýneýji aşgazan ýerleşýär.Ortaky bölüminde içege we iýmiti bişiriji mäziň wezipesini ýerine ýetirýän-Bagyr bar. Yzky bölüminde bolsa, siňdirilmedik iýmit galyndylary artbujak arkaly daşa çykarylýar.

"Bogunaýaklylar" kategoriýasyndaky sahypalar

Jemi 5 sanysyndan, aşakdaky 5 sahypa bu kategoriýadadyr.