Kunut (arap. القنوت‎‎ — takwalyk). Witr namazynda okalmasy wajyp bolan doga.

Arapýasy

düzet
  1. اَللَّهُمَّ اِنَّا نَسْتَعِنُكَ وَنَسْتَغْفِرُكَ وَنَسْتَهْدِيكَ، وَنُؤْمِنُ بِكَ وَنَتَوبُ اِلَيْكَ، وَنَتَوَكَّلُ عَلَيْكَ وَنُثْنِى عَلَيْكَ الخَيْرَ كُلَّهُ نَشْكُرُكَ وَلاَ نَكْفُرُكَ وَنَخْلَعُ وَنَتْرُكُ مَنْ يَفْجُرُكَ
  2. اَللَّهُمَّ اِيَّاكَ نَعْبُدُ وَلَكَ نُصَلِّى وَنَسْجُدُ وَاِلَيْكَ نَسْعِى وَنَحْفِدُ نَرْجُو رَحْمَتَكَ وَنَحْشَى عَذَابَكَ اِنَّ عَذَابَكَ بِالْكُفَّارِ مُلْحِقٌ

Okalşy

düzet
  1. Allahumme innä neste-y’nuke we nestagfiruke we nestehdi:k. We nukminu bike we netubu ileýk. We netewekkelu aleýke we nusniý aleýkel-hoýro kullehu neşkuruke we lä nekfuruk. We nähle’u we netruku meý-ýefjuruk.
  2. Allahumme iýýäke na’budu we leke nusolliý we nesjudu we ileýke nes’a. We nahfidu nerju: rohmeteke we nahşä azäbeke inne azäbeke bil kuffäri mulhyk.

Terjimesi

düzet
  1. Allahym! Biz Senden bize ýardam bermegiňi, bizi bagyşlap ýalkamagyňy, bize hidaýet bermegiňi dileýäris. Saňa iman edýäris. Toba edýäris. Saňa töwekgül edip, bil baglaýarys. Seni hemişe ýagşy duýgular bilen ýatlaýarys. Saňa şükür edýäris. Seni inkär etmeýäris. Saňa isýan edýänler bilen baglanyşygymyzy keseris.
  2. Allahym! Biz diňe Saňa ybadat edýäris. Seniň razylygyň üçin namaz okap, sejde edýäris. Seniň rahmetiňe gowuşmak üçin gaýrat edýäris. Seniň rahmetiňi tama edip, azabyňdan gorkýarys. Seniň azabyň käfirlere hökman ýeter.

Salgylanmalar

düzet