Gysgaça maglumat

düzet

Höküm sürdi 1072-1092

Özünden öň: Alp Arslan

Özünden soň: Mahmyt I Seljukly

Çagalary: 1. Berkýaryk

2. Gyýaseddin Tapar

3. Muizeddin Sanjar

4. Nasyreddin Mahmyt

5. Adudeddöwle Ahmet

6. Dawut

7. Mahi-Mülk

8. Sitara

9. Jöwher hatyn

Ýurdy: Seljukly hökümdarlygy

Kakasy: Alp Arslan

Doguldy: 16. 08. 1055.

Öldi: 19. 11. 1092. (37 ýaş) Bagdat

Depin edildi: Yspyhan

Dini: Yslam, Sünni

Lakamy: Muizeddin (gysga), Jelaluddöwle, Abul-fatyh.

Dini ady: Hasan Türkmen

Dakylan ady: Mälik şa

Doly ady: Alp Arslan bin Çagry bin Mikaýyl bin Seljuk bin Dükak[1]. Soltan Jelaluddöwle Weddin Muizzuddin Abulfatyh Mälikşa Seljukly döwletiniň hökümdarydyr (1072-1092) Hökümdarlyk eden döwründe Beýik Seljukly döwleti özüniň iň gülläp ösen döwri we sethetleriniň giňän döwri bolupdyr.[2] Seljukly türkmen döwletiniň serhedi Anadolydan Araplar deňzine, Kawkaziýadan Hindistan serhetlerine çenli uzandy (10. 000.000 km²). Mälikşadan soňra Seljuklylar öňki güýçli döwürlerini getirip bilmediler. Onuň döwründe astrolog Omar Haýýam we lukman Abu Aly Ibn Sina hem-de Nyzamylmülk dagylar syýasat ugurlaryna berk ýapyşypdyrlar.[3] Mälikşa 1055-nji ýyl16-njy Awgustynda dynç güni doguldy. Çagalygy Yspyhan we onuň ýakynlarynda geçdi. Kakasy Alp Arslan onda gaýratly, garadangaýtmaz alamatlary görüp onuň bilen aýratyn gyzyklandy. Mälik şa uzyn boýly, biraz tokkarak we ak tenli, bugdaý reňk adam bolupdyr. Mälikşa kakasy bilen birlikde entek çaga wagtlary Gürjüstana (Gruziýa) bolan ýörüşlere gatnaşdy. Şol ýyllar Garahanlylar hanynyň gyzy Türkan hatyn bilen öýlendi. Alp Arslan 1066-njy ýylda Mälikşany tagt mirasdüşeri edip belledi we «Ykda» hökmünde Yspyhan şäherini oňa berdi. 1071-nji ýylda kakasy Alp Arslan bilen Siriýa ýörüşe çykdy. Kakasy Wizantiýa imperatory Roman Diýogeniň Anadolydaky hereketlerini durdurmak üçin demirgazyk günbatara tarap hereket etdi we Malazgirt söweşinde ýeňiş gazandy. Mälik şa bu wagtlar Siriýadaky Halap galasynda galdy. 1072-nji ýylda ýene kakasy Garahanlylara garşy ýörüşe çykanda ondan galmady. Kakasy şol ýörüşlerinde Garahanly gala serkerdesi Ýusup Horezmi tarapyndan şehit bolupdy. Mälikşa Seljukly goşunlarynyň başyna geçdi we soltan bolandygyny yglan etdi. Çagry begiň ogly bolan, ýagny agasy Kawurt beg Mälikşanyň soltanlyga dalaş etmegini kabul etmedi. Mälikşa ýanynda wezir Nyzamylmülk bilen birlikde günbatar Eýranyň içine goşun çekip ýörüş etdi. Kawurt beg bolsa goşuny bilen 1073-nji ýylyň 17-nji Aprelinde Eýranda ýerleşen Eraka (Karaç) süsňäp girdi. Bu söweşde käbir Türkmen esgerleri Kawurt begiň tarapyna geçdi. Şol sebäpden Mälik şa we onuň goşuny asgyn geldi. Kawurt beg tussag edildi we iki oglunyň gözlerini kör etdiler. Şondan şoň Seljukly döwletindäki emrler Mälik şa tarapyndan buýrulyp soltan hökmünde tanalyp başlandy. 1074-nji ýylda Bagdatda täze Abbasy halyfy Mälik şanyň soltan bolandygyny yglan etdi.

Hökümdarlygy

düzet

Mälikşa 1072-nji ýylda soltan bolanyndan soňra wezirlik wezipesini Nyzamylmülke berdi. Mälikşanyň hökümdarlyk eden wagtlary Beýik Seljukly döwletiniň iň parlak döwri bolupdyr. Tagta geçeninde jigsi tagty we patyşalygy eýelemek üçin uruş yglan etdi. Mälik şa onuň gozgalaňyny basyp ýatyrdy. Pursatdan peýdalanan Gaznaly we Garahanly türkmen döwletleri birleşip Mälik şanyň garşysyna aýaga galdylar. Mälikşa bu ikisiniň hem üstünden ýeňiş gazandy. Garahanly türkmen döwleti bu ýeňlişden soňra iki bölege bölündi. Gündogar Garahanlylary Garahytaýlylar, Günbatar Garahanly türkmen döwletini bolsa Horezmşalary türkmen döwleti ýykdy[4]. Mälikşa tagta çykanyndan soňra Gaznalylar we Garahanlylar Seljukly türkmen döwletine ýene çozdylar. 1073-nji ýylda Gaznalylar Soltany Ybraýym Alp Arslanyň ölümini pursat bilip Hindiguş daglarynyň demirgazygyndaky Horasan topraklaryny eýeledi. Mälikşa herkete geçip bir çozuşy bilen bu topraklary ýene yzyna aldy. 20 ýaşlarynda Gaznalylar soltany Ybraýym han bilen Mälikşanyň arasynda parahatçylyk gazandy. Serhetler üýtgemedi we birek-biregiň üstüne çozmaly däl edildi[4]. Şondan soňra Mälikşa beýleki goňşy döwletlere garşy syýasy planlary düzdi. Seljukly döwletine täze topraklary goşmak maksady bilen tejribeli söweşçileri ýetişdirdi. Kakasy Alp Arslanyň alyp ýetişip bilmedik Mawerannahra iki sapar öz şahsy esgerleri bilen ýörüşe çykdy. 1073-1073-nji ýyllarda günbatar Garahanlylara tarap herekete geçdi. Olaryň özlerini bolsa Amyderýanyň sag kenaryndan gysyp çykardy we Termez şäherini zabt edip aldy[4]. 1089-njy ýyldaky ýörüşinde Mälik şa Samarkanty eýeledi we ol ýeriniň häkimi Türkan hatynyň ýegeni Ahmet han Kezri tussag etdirýär. Soňra Ýedisuwa (häzirki Gazagystandaky «Jetişu» ýa-da orsça Semireçýe) tarap bardy we Kaşgary dolandyrýan Gündogar Garahanlylar döwletiniň hökümdary Ebu Aly el-Hasan Mälikşaha boýun boldy.[5] 1086-1087-nji ýyllarda Arabystanda Lahsada ýerleşen Karmatylaryň üstüne uly goşun iberdi. Kawkaziýada Mälikşa Gürjüstana tarap üç sapar ýörüş etdi. Soňra 1078-1079-njy we 1086-njy ýylda gazanylan ýeňişlerde Mälik şa özüniň başarnygyny görkezdi. Agyr ýörüşlerden soňra Genjede hyzmata duran Emir Fazyl III Gürjüleriň karoly we onuň etrabyndakylar Seljukly türkmen döwletiniň häkimýetini kabul etdiler. Günorta-gündogar Anadola tarap Diýarbekire täze göçüp gelen Merwany Kürtleri bu ýerlerden göçürmek üçin 1087-nji ýylda weziri Ibni Jahiriň taýynlan plany amala aşyrlyp başlandy. Bu ýerdäkileri Mosul we Halap galalarynyň aralygyndaky «Ukeýle» göçürdi. 1086-1087-nji ýyllarda gyş aýyndaky ýörüşlerde Urfa, Halap, Antakýa we Lazkiýe galalary eýelenip Seljuklylar Ortaýer deňzine çykdylar.[4] Mälikşanyň döwründe Seljuk serkerdeleri Palestinany we Ýemeni hem eýelediler. Mälikşanyň baştutanlygyndaky Seljuk türkmenleriniň akymy dowam edýärdi. Seljuklar ökde söweşiji atarman, çaparman esgerlerdi. Goşunda «Gulam» ady berilen aýratyn ýeňil ýaraglandyrylan urşujylar we hakyna tutma esgerler hem bar eken. Mälikşanyň 46 müň suwarysy bilen hereket edýär eken. Bu esgerlere serkerdelik edýän ökde emirler hem bardy. Mälikşanyň emirleriniň käbirleri:

1. Emir Sawtekin (ö. 1084)

2. Emir Bozan (ö.1094)

3. Emir Porsuk (ö. 1099)

4. Emir Aksungur (ö. 1094)

5. Emir Goharaýyn (ö. 1100)

6. Kumak (...-....)

Mälikşa günbatara tarap gönükdiren syýasatyny Türkmen emirleriniň kömegi bilen amala aşyrypdy. Mälikşa Emir Artygy ilki bilen Palestina we Atsyza garşy söweşe ugratdy. Soňra gündogar Arabystandaky Karmatylara garşy söweşde goşun serkerdesi edip ugratdy. Ýene bir Türkmen asylly bolan Emir Ahmedi Gürjüstana tarap ýollan goşunyna serkerde edip belläpdi. Ýemene ugradan goşunynyň başynda hem Türkmen Emiri Çabak atly adam bolupdyr. Bu serkerdeler Göçüp gelen türkmenlere garaşsyz ýerleri taýynlapdyrlar. Harran we Diýarbekir obalaryna Türkmenler göçüp bardylar. Emma Mälikşa bilen Türkmenleriň arasy sowaşypdyr diýlip hasap edilýär. Sebäbi 1073-nji ýylyň 17-nji aprelinde agasy Kawurt beg bilen başlanan «Karaç söweşinde» Türkmen emirleri Mälikşanyň goşunyny terk edip gidýärler. Mälikşa bolsa Eýrandaky Jebel topraklaryndaky Türkmenleri zorluk bilen göç etdiripdir.

Mirasy

düzet

Mälikşa döwründe Beýik Seljukly türkmen döwletiniň serhetleri Orta ýer deňzi we Mermer deňzinden Kaşgara, Kawkaziýadan Ýemene çenli uzalypdyr. Mälikşa köplenç Yspyhan şäherinde dynç alypdyr. Şol sebäpli Yspyhan Mälikşanyň döwründe Beýik Seljukly döwletiniň paýtagty bolupdyr. Şahsy we döwlet hazynasy bilen goşunynyň entek ulanmadyk ýaraglary Yspyhandan 8 km günortasyndaky Soffa dagyndaky Dezküh (ýada Sahdez) galasynda saklanýar. Soltan Mälik şa ömrüniň ahyrlarynda döwletiň merkezini Bagdat etmeklik kararyna gelipdi. Şol sebäpden 1092-nji ýylda ol ýerde aramgähler saldyrypdyr. Mälikşanyň ýurdunyň her taraplary bir standart görnüşde dolandyrylýardy. Emir Sawtekin Genje şäherine, Emir Atsyz Horezm şäherine, Emir Goheraýyn Bagdada, Emir Ýagy-Basan Antakýa, Emir Aksungur Halap şäherine, Emir Bozan Urfa, Emir Çökermiş bolsa Musul dolandyryjysy eken. Hökümdarlykdaky galan ýerlere bolsa Seljukly maşgalasynda terbiýe alan häkimler ýetişdirilýärdi. Olaryň käbirine bolsa «Mälik一 patyşa» diýlip atlandyrylýardy. Walwaleý (Gunduz) welaýatyna agasy Osman bin Çagry, Toharystana jigsi Aýazy (ö.1073), soňra ogly Tekiş bin Aýaz (ö. 1084), soň onuň ogly Ahmet bin Tekiş Hyrada jigsi Böribars, Kermana (gozgalaň başladan agasy Kawurt begiň ogullary) giýewleri Soltanşa we Turanşa, Azerbeýjana giýewsi Ysmaýyl bin Ýakudy bin Çagry we Siriýada jigsi Tutuş häkim hökmünde taýynlanypdyr. Mälikşa aw-awlamany gowy görýär eken. Syýahat edip aýlanmaklyk onuň göwnüni açypdyr. Mälikşa alymlary we bilim adamlaryny gorardy. Gazaly, Mahmyt Kaşgarly, Omar Haýýam we Ibn Sina ýaly alym şahyrlara kömek ederdi. Bagdatda soltan Mälikşa mesjidini bina etdirdi. Yspyhanda bir rasathana, kä ýerlerde kerwensaraýlar, köpriler, ymarat, gala, mesjit medreseler bina etdiripdir. Emma Mälikşanyň gurduran binalarynyň hiç biri biziň günlerimize çenli gelip ýetmändir. Yspyhan we Nyşapurda onuň adyna gurulan binalaryň taslama kitaplary tapyldy. 1074-nji ýylda Omar Haýýam Mälik şa üçin Jelaly kalendaryny döretdi. Bu ýyl hasaby Yspyhandaky obserwatoriýada saklanypdyr[6]. Söwda-satykdan alynan bergileriň käbirlerini aýyrtdy. Ermeni Patriginiň islegi bilen haçparazlary, monastyrlary we ruhanylary bergiden azat etdi. Haç ýollarynda guýulary gazdyrdy we bu ýollaryň howpsuzlygyny ýola goýdy.

Ölümi

düzet

Bir şyga çeşmesine görä Mälikşa Yslam içinde aýrylan mezhepleriň sebäbini we hakykysyny ykrar etmek üçin, Bagdatdaky Nyzamyýe Medresesinde 10 sany takwa ylymly-bilimli dini adamlary ýygnak etdiripdir.[7] Soltan Mälikşanyň öziniň baştutanlygynda we bitarap bolup Nyzamylmülkiň gatnaşmagynda Nyzamylmülkiň mollasy bolan Mukatil bin Atiýýe bilen birlikde bu konferensiýa 3 güne çekdi. Japary alymlary Mälikşanyň bütin soraglaryna Gurhany Kerimden we Hadysy şeriflerden delil getirendiklerini görüp, haýran galypdyr we şu wagta çenli düşünjesiniň ýalňyş bolandygyny görüp Şyga mezhebine geçendigini konferensiýada aýdypdyr.[7] Soňra Nyzamylmülk we käbir mejlisdäki adamlar hem Japary mezhebine geçipdirler.[7] Şol günden soňra käbir Sünni alymlar Soltan Mälikşany we weziri Nyzamylmülki yzarlap başlaýarlar. Şol yzarlamalar sebäpli hijri 485-nji ýylyň Remezan aýynyň 12-sine (1092-nji ýylyň oktýabry) Nyzamylmülki we yz ýanyndan Soltan Mälikşany 37 ýaşynda öldürtdiler.[7] Käbir çeşmelerde bolsa olaryň bu mesele bilen asla baglanyşykly däldigini we Mälikşanyň hem syrkawlykdan ölendigini aýdypdyr. Käbir çeşmeler Nyzamylmülki Hasan Sabbahyň emrindäki Haşhaşylar tarapyndan öldürilendigini ýazypdyrlar.[8] Öz döwründe ýazylan möhüm senelerde we taryhçylaryň eserlerinde näme üçin we nähili ölendigi hakynda gapma-garşylykly maglumatlar bar.[9] Taryhçy Ebul Feda Soltan Mälikşanyň 1092-1093-nji ýylda (hijri 485) Bagdatda aw şikar wagtyndan soň syrkawlap ölendigini ýazypdyr. Möhüm seneleri ýazyjy, taryhçy Hamdullah Mustewfi Kazwini «Taryhy Guzide» atly eserinde Mälikşanyň 1092-nji ýylyň Noýabrynda (Hijri. 585. Şowwal) 38 ýaşynda Bagdatda ölendigini ýazypdyr. Ermeni möhüm wakalary ýazyjy, taryhçy Wardana görä 1092-nji ýylda «Ýaraşmagy gowy görýän soltan öz aýaly tarapyndan zäherlenip öldürildi we kakasy Alp Arslanyň ýanynda Merw şäherinde depin edilendigini» ýazypdyr. Möhüm wakalary yzarlan Kyrak Ganjaketsiň ýazan Ermeni taryhy eserinde Mälikşanyň 20 ýyl höküm sürendigini, Ermeniler üçin gowy şertleri döredendigini, soňra bolsa aýaly tarapyndan zäherlenip öldürilendigini ýazypdyr. Urfaly Matia atly Hristiýan taryhçysy bolsa Mälikşanyň 1092-nji ýylyň fewral aýynyň 25-ine ýa 27-sine Bagdatdaky aýaly Samarkant soltanynyň gyzy tarapyndan zäherlenip öldürilendigini we kakasy Alp Arslanyň ýanynda Marandda depin edilendigini ýazypdyr.[9]

Salgylanmalar

düzet
  1. Fazlulla Reşideddin (2010). "Üçünji Patyşa Soltan Jelaludöwle wed-din Mälikşa Ebul Feth bin Alp Arslan Muhammet bin Dawudyň Zikri" (Türkçe). ISBN 978-975-8839-76-6.
  2. Tettweti, Abdurreşid (1875). Fehrengi Reşidi.
  3. Mahmud, Ahmed bin (1977) (Türkçe). Selçukname.
  4. 4.0 4.1 4.2 Bosworth, Clifford E. “Malik-Shāh" ed. M. Th. Houtsma we başgalar. (1936) Encyclopaedia of Islam C.3, s. 272-74.
  5. Boshworth, 1968, s.. 92-93
  6. S. Aýdyn. (1960) The Observatory in Islam, Ankara:Türk Tarih Kurumu, s.161-166
  7. 7.0 7.1 7.2 7.3 Mukatil bin Atiýýe - "Bagdat alynlarynyň konferensiýasy" kitaby, B. 2-Konferensiýanyň başlangyjy, S. 16., B. 12.S.94-95., B. 12. S. 96. (türkçe)
  8. Larousseniň uly Ensiklopediýasy
  9. 9.0 9.1 Cawley, Charles, (2008-07) West Asia & North Africa, Chapter 5. Iran and Iraq. Seljukid Sultanat,Foundation for Medieval Genealogy TURKS.htm#_Toc179089990