Maýa Kulyýewa
Maýa Kulyýewa (d. Maý 1, 1920) Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň halk artisti Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda eneden doguldy. 1938 — 1941-nji ýyllarda Moskwanyň P.I.Çaýkowskiý adyndaky döwlet konserwatoriýasynda okap, opera teatrynyň aýdymçysy hünärini ele aldy. [1]
Maýa Kulyýewa | |
Maýa Kulyýewa | |
Doglan wagty we ýeri | Maý 1, 1920 Büzmeýin,Aşgabat |
---|---|
Aradan çykan wagty we ýeri | Aprel 27, 2018 | (98 ýaş)
Käri | Operaçy , Opera aýdymçy , Aktrisa, |
Milleti | Türkmen |
Uçurym ýeri | Moskwanyň P.I.Çaýkowskiý adyndaky döwlet konserwatoriýasy |
Periýod | 1941-2018 |
Maýa Kulyýewanyň ajaýyp sesi, artistlik zehini, drama ukyby aýdymçy zenana uly meşhurlyk getirdi. Ol öz aýdymlary bilen dünýä ýüzüne aýlanyp, türkmen aýdym-saz sungaty bilen tanyşdyrdy.
Ol zähmet ýoluna 1941-nji ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet akademiki opera we balet teatrynyň ikinji derejeli artisti bolup başlady.[2] 1945 — 1992-nji ýyllarda şol teatryň ýokary derejeli opera solisti, 1992 — 2001-nji ýyllarda baş režissýory, oýun goýujy režissýory, 2010-njy ýyldan bäri Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň sahna ussady derejesi boýunça drama artisti wezipelerinde işledi.
Opera sungaty
düzet- «Zöhre -Tahyr » — Adrian Şapoşnikow we Weli Muhatow — Zöhre we Mahym
- «Sona» A.Agajykow — Sona
- «Şasenem-Garyp» Adrian Şapoşnikow we Daňatar Öwezow — Şasenem
- «Aýna» Adrian Şapoşnikow we Daňatar Öwezow — Aýna
- «Ýusup-Ahmet» Aşyr Kulyýew we B.Şehtera
- «Abadan» Ýuliý Meýtus we Aşyr Kulyýew — Abadan
- «Leýli -Mejnun » Ýuliý Meýtus we D.Öwezow — Leýli
- «Bägül we Bilbil» — Adrian Şapoşnikow — Gunça
- «Ajap gelin» Ýikalaý Korsakow — Marfa
- «Ýewgeniý Onegin(Opera)» Piýotr Çaýkowskiý — Tatýana
- «Faust (Operaа)» [[Şarl Fransua Guno] — Margarita
- «Madam Batterflaý» Jokomo Pulççini — Çio-Çio-San
- «Karmen (opera)» Jorj Bize — Mikaýela
- «Masgarabazlar(opera)» Rujero Leonkawallo-Nedda
Filmografiýasy
düzet- Jadyly hrustal (aýdym-sazly film)1945
- Çopanyň ogly — Şeker1954
- Gün wagty — Baharyň ejesi1979
- Şa ýalyň şahsy durmuşy 1993
Hormatly atlary we baýraklary
düzet- Türkmenistanyň Gahrymany (2009) [3]
- Türkmenistanyň at gazanan artisti (1943)[3]
- Türkmenistanyň halk artisti (1952)[4]
- SSSR-iň halk artisti (1955) [5]
- Altyn Aý medaly(2009)
- Lelin ordeni
- Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna medaly
- Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan
- Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna ýubileý medaly,
- Magtymguly Pyragy medaly
- Türkmenistanyň PrezidentiniňTürkmeniň Altyn asyry atly bäsleşiginiň ýeňijisi (2007)[3]
Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň halk artisti, sazly sahnada ajaýyp keşpleriň ençemesini döredip, halkymyzyň çyn ýürekden söýgüsine, abraýa hem-de hormata mynasyp holan artist, türkmen operasynyň ady rowaýata öwrülen aýdymçysy Maýa Kulyýewa 2018-nji ýylyň 27-nji aprelinde 98 ýaşynda aradan çykdy.
Çeşmeler
düzetBu biografiýa makala ownuk makaladyr. Ony üýtgetmek hem-de ösdürmek arkaly Wikipediýa kömek edip bilersiňiz. |
Bu biyografiýa sisaýetçi makala ownuk makaladyr. Ony üýtgetmek hem-de ösdürmek arkaly Wikipediýa kömek edip bilersiňiz. |
Bu biyograiýa müzisyenler makala ownuk makaladyr. Ony üýtgetmek hem-de ösdürmek arkaly Wikipediýa kömek edip bilersiňiz. |
Bu şarkycy makala ownuk makaladyr. Ony üýtgetmek hem-de ösdürmek arkaly Wikipediýa kömek edip bilersiňiz. |
- ↑ "Кулиева Мая - это... Что такое Кулиева Мая?". The Great Soviet Encyclopedia. Archived from the original on 1 December 2017. Retrieved 27 November 2017.
- ↑ "Мая Кулиева". Кино-Театр.Ру. Archived from the original on 2020-11-26. Retrieved 2021-10-25.
- ↑ 3.0 3.1 3.2 "Türkmenistanyň halk artisti Maýa Kulyýewa aradan çykdy" Check
value (help). Archived from the original on 2008-10-28. Retrieved 2021-10-25.|url=
- ↑ Центр изучения Центральной Азии, Кавказа и Урало-Поволжья[permanent dead link]
- ↑ "Указ Президиума Верховного Совета СССР от 28 октября 1955 года «О присвоении почетного звания народного артиста СССР работникам искусств Туркменской ССР»". Archived from the original on 2018-04-29. Retrieved 2018-05-02.