Türkmenistanyň Gahrymany
Türkmenistanyň Gahrymany diýen at Türkmenistanyň iň ýokary tapawutlandyryş derejesidir we ol döwletiň hem-de jemgyýetiň öňünde bitiren aýratyn görnükli hyzmatlary üçin diňe Türkmenistanyň raýatlaryna dakylýar. [2] Türkmenistanyň Gahrymanyna aýratyn tapawutlandyryş nyşany – Altyn Aý medaly we şahadatnama gowşurylýar.[3]
Türkmenistanyň Gahrymany Baýragy | |
---|---|
Tarapyndan_berildi Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan Turkmenistan | |
Döwlet | Türkmenistan |
Görnüş | Döşüň çep tarapyndan dakynylýar |
Elýeterlilik | Türkmenistanyň we daşary ýurdyň ilaty [1] |
Sebäp | Döwletiň we jemgyýetiň öňünde bitirilen hyzmatlar üçin |
status | Dowam edýär(Aktiw) |
Baglanyşyk | Altyn Aý |
Türkmenistanyň Gahrymany diýen at Türkmenistanyň özygtyýarlylygyny, konstitusion gurluşyny we döwletiň garaşsyzlygyny, hemişelik bitaraplygyny pugtalandyrmak işine goşan ägirt uly şahsy goşandy üçin aýratyn halatlarda gaýtadan dakylyp bilner.
Türkmenistanyň Gahrymanynyň aýratyn tapawutlandyryş nyşany – «Altyn Aý» medaly ordenleriň, medallaryň we hormatly atlaryň döşe dakylýan nyşanlarynyň ýokarsyndan döşüň çep tarapyndan dakynylýar.[4]
«Türkmenistanyň Gahrymany» diýen ady dakmak, Türkmenistanyň ordeni, medaly bilen sylaglamak, Türkmenistanyň hormatly adyny dakmak Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlarynyň, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň halk maslahatlarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň merkezi edaralarynyň teklipnamalary boýunça amala aşyrylýar.[5]
Türkmenistanyň Gahrymanlary
düzet- Saparmyrat Nyýazow (Türkmenbaşy) — 30 sentýabr 1992-nji ýyl, Türkmenistanyň Prezidenti;
- Saparmyrat Nyýazow (Türkmenbaşy) — 27 dekabr 1995-nji ýyl, Türkmenistanyň Prezidenti;
- Saparmyrat Nyýazow (Türkmenbaşy) — 17 iýul 1998-nji ýyl, Türkmenistanyň Prezidenti;
- Saparmyrat Nyýazow (Türkmenbaşy) — 25 oktýabr 1999-njy ýyl, Türkmenistanyň Prezidenti;
- Saparmyrat Nyýazow (Türkmenbaşy) — 18 fewral 2000-nji ýyl, Türkmenistanyň Prezidenti;
- Atamyrat Nyýazow — 4 maý 1992-nji, Türkmenistanyň Prezidentiniň kakasy (aradan çykan);
- Saparmyrat Nyýazow (Türkmenbaşy) — 19 oktýabr 2001-nji ýyl, Türkmenistanyň Prezidenti;
- Myratberdi Sopyýew — 2001-nji ýyldan öň;
- Sadylla Rozmetow — 2001-nji ýyldan öň;
- Gedaý Ahmetow — 2006-njy ýyda [6]
- Weliýew Saparmämmet — 2015-njy ýylda
- Sapyş Çerkezow
- Gurbansoltan eje — 5 iýul 2002-nji ýyl, Türkmenistanyň Prezidentiniň kakasy (aradan çykan);;
- Maýa Kulyýewa — 27 oktýabr 2008-nji ýyl, Türkmen operaçysy;
- Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedow — 25 oktýabr 2011-nji çyl, Türkmenistanyň Prezidenti.
Şuňa meňzeş beýleki medallar
düzetMälikguly Berdimuhamedow medaly
Edermenlik medaly
Gaýrat medaly
Magtymguly Pyragy(medal) medaly
Watana bolan söýgüsi üçin medaly
Harby gullugyň weteranymedaly
Içeri işler edaralarynyň weterany medaly
Watan öňündäki birkemsiz harby gullugy üçin medaly
Birkemsiz gullugy üçin medaly
Çeşmeler
düzetBu syýasat makala ownuk makaladyr. Ony üýtgetmek hem-de ösdürmek arkaly Wikipediýa kömek edip bilersiňiz. |
- ↑ 5-nji madda. Döwlet sylaglary bilen sylaglamak
- ↑ TÜRKMENISTANYŇ IŇ ÝOKARY TAPAWUTLANDYRYŞ DEREJESI –«TÜRKMENISTANYŇ GAHRYMANY» DIÝEN ADY[permanent dead link]
- ↑ 7-nji madda.Türkmenistanyň iň ýokary tapawutlandyryş derejesini dakynmagyň tertibi[permanent dead link]
- ↑ Türkmenistanyň iň ýokary tapawutlandyryş derejesini dakynmagyň tertibi[permanent dead link]
- ↑ DÖWLET SYLAGLARY BILEN SYLAGLAMAGA HÖDÜRLEMEGIŇ WE OLARY GOWŞURMAGYŇ TERTIBI[permanent dead link]
- ↑ Герой Туркменистана