Ahal welaýaty

(Ahal sahypasyndan gönükdirildi)
Ahal welaýaty

Geografiki ýerleşişi

düzet

Ahal welaýaty Türkmenistanyň günortasynda ýerleşip, Köpetdagyň gündogar we merkezi böleklerini we dag etek düzlüklerini, Tejen derýasynyň jülgesini hem-de Garagum çölüniň günbatar bölegini öz içine alýar. Sebitiň çäklerinde Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheriniň ýerleşmegi welaýatyň durmuş-ykdysady ösüşine oňaýly täsir edýär. Ahal welaýaty Türkmenistanyň ähli welaýatlary bilen araçäkleşýän ýeke täk durmuş-ykdysady sebitdir. Welaýatyň tutýan meýdany 97,16 inedördül km bolup, ýurduň çäginiň 19,9%-ni tutýar. Onuň düzümine 9 etrap: Bagtyýarlyk, Ak bugdaý, Baharly, Gökdepe, Kaka, Babadaýhan, Sarahs, Tejen, Altyn asyr; 5 şäher: Büzmeýin, Tejen, Gökdepe, Baharly, Änew; 13 şäherçe, 104 geňeşlik we 278 oba girýär.

Ýer üstüniň gurluşy

düzet

Ahal welaýaty ýer üstüniň gurluşy boýunça günortadan demirgazyga tarap, esasan, 3 bölege (daglyk, dag etegi düzlük we peslik) bölünýär. Olardan peslik bölegi (Merkezi Garagum) welaýatyň meýdanynyň köp ýerini tutup, gadymy Amyderýanyň, getirintgilerinden düzülendir. Ol öz düzümine günorta-gündogarda Tejen derýasynyň deltasyndaky mes toprakly ýerleri, demirgazykda Üňüz aňyrsyndaky Garagumuň bir bölegini alýar. Garagum çöli günortada medeni landşaftly dag eteginiň düzlügi bilen sepleşýär. Bu çölüň hojalyk ähmiýeti uludyr. Ol welaýatyň esasy öri meýdany bolup hyzmat edýär. Ondan başga-da çölde tebigy gazyň, nebitiň we aýna önümçiligi üçin çig malyň gorlary bar. Dag etegi düzlügi Köpetdag gerşine parallel ugurda günorta-gündogardan, demirgazyk-günbatara uzalýar ony baýyrlyklar we Köpetdagdan gözbaşyny alýan çaýlaryň hanalary we deltalary düzýär. Onda akar suwlaryň, mes toprakly ýerleriň barlygy sebäpli, welaýatyň esasy ekerançylyk zolagyna öwrüldi.

Ýerasty baýlyklary

düzet

Ahal welaýatynyň territoriýasy tebigy gaza, nebite baý hasaplanylýar. Sarahs we Tejen etraplarynyň çäginde, Merkezi Garagumda tebigy gazyň uly gorlary bar. Döwletabat we Tejen (Garajaowlak) ýurdumyzdaky uly gaz ýataklaryna degişlidir. Welaýatyň çöllük böleginde tebigy gazyň uly gorlary Syh, Topjulba, Toparjulba, Çemmerli, Goýun, Kyrk guýy, Atasary känlerinde ýüze çykaryldy. Soňky ýyllarda bu sebitdäki Ýylakly, Gutlyaýak, Mydar ýataklarynda nebitiň baý gorlarynyň bardygy anyklanyldy. Bu durmuş-ykdysady sebit gazylyp alynýan baýlyklardan gurluşyk materiallaryna hem baýdyr. Aýratyn hem kwars çägesinin, toýnuň, hek we çäge daşlarynyn, dolomitin, çagyl materiallarynyň gorlary uludyr. Olaryň senagat merkezlerine ýakyn ýerleşmegi welaýatda aýna, demir-beton, sement önümçiliklerini ýola goýmaga müm- kinçilik döredýär. Kwars çägesinin, gipsiň, hek daşynyň Baharlyda, dolomitiň Keletede we Kaka etrabynda, çagyl daşlarynyň Gowşutda, Kakada, Duşakda, kwars çägesinin Babadurmazda baý gorlary bar. Olaryň köpüsi önümçilikde peýdalanylýar.

Howa şertleri

düzet

Welaýatyň klimaty çürt-kesik kontinen tal bolup, oña tomsuň yssy, gysyna bolsa sowuk bolmagy, howanyň cyglylygynyň pesligi, atmosfera ygallarynyň az- lygy häsiýetlidir. Bu sebitlerde howanyň temperaturasynyň uly tapawudy duýulýar. Aýazsyz döwrün dowamlylygy çölde 230 güne, daglyk ýerlerde bolsa 190 güne ýetýär. Howanyň temperaturasynyň seýle ýagdaýy welaýatda ýylylygy ha- layan gök we bakja ekinlerini, aýratyn-da, inçe süyümli go- waçany ösdürip ýetişdirmek üçin oñat şert döredýär.

Suw baýlyklary

düzet

Welaýatyň suw üpjünçiligi Garagum derýasy, Tejen derýasy, Köpetdagdan gözbaşyny alýan çaýlar, ýerasty suwlaryny çykarýan dik guýular we kärizler arkaly amala aşyrylýar. Garagum derýasy welaýatyň çäginden gündogardan günbatara 307 km. aralykda kesip geçýär. Ol welaýatyň suw üpjünçiliginiň gowulanmagyna düýpli täsir etdi. Derýanyň suwuny rejeli peýdalanmak maksady bilen, onuň boýunda göwrümi 750 mln. m. bolan Hanhowuz, Aşgabadyň eteginde Gurtly (49,5 mln. m.) we Gündogar 6,3 mln. m.). Gökdepe etrabynyň çäginde göwrümi 550 mln. m. bolan Köpetdag suw howdanlary guruldy. Olardan iň ähmiýetlisi Hanhowuz suw howdanydyr. Tejen derýasynyň welaýatyň Sarahs we Tejen etraplaryny suw bilen üpjün etmekde ähmiýeti uludyr. 2005-nji ýylda onuň boýunda Türkmenistanyň we Eýranyň bilelikde peýdalanmak maksady bilen göwrümi 1,3 mlrd. m. bolan Dostluk suw howdany guruldy. Aşgabadyň golaýynda sil suwlaryny bir ýere jemleýän, «Bagyr» suw howdany 2010-njy ýylda ulanylmaga berildi. Häzirki wagtda Kaka etrabynyň Gozgangala obasynyň golaýynda «Gozgançaý» suw howdany gurulýar.

Ýer we toprak baýlyklary

düzet

Ahal welayaty uly ýer bay lyklaryna eýedir. Ähli meýdanynyň 74%-i oba hojalygynda peýdalanylýar. Şonun 87%-i öri meýdanlarydyr. Welayatyn ekerançylyk ýerlerinin umumy möçberi 376,4 mün gektara barabar. Geljekde özleşdirmäge ýaramly ýerler günbatar we merkezi Köpetdag etegi düzlüginde, Gäwers düzlügin de 1,2 mln gektara ýetýär. Ahal welaýatynyň çäginde esasy ýaýran toprak görnüşlerinden goňur (dagda), mele çemen topraklary, şorluklary bellemek bolar. Eger düme ekeran cylygy alnyp barylýan ýerlerde gonur topraklar ýaýran bol. sa, suwarymly ekerançylyk ýerlerini aglaba mele topraklar tutýar. Çemen topraklary gözbaşyny Köpetdagdan alýan çaýlaryn, yaplaryň boýunda ýaýrandyr we suwarymly eke rançylykda uly orun tutýar. Takyrlar, esasan, çöllük ýerlerde ýaýrandyr.

Ahal welayatynyň çäginde Türkmenistanyň ilatynyň 14,5%-i ýaşaýar. Ilatyň ortaça ýyllyk ösüş depgini yokary bolmagyna galýar. Ahal welaýaty oba hojalyk önümçiliginiň ösen sebitleriniň biri hasaplanýar. Welayatda ähli ilatyn 67,1%-i oba ýerlerinde, 32,9%-i bolsa şäherlerde we şäherçelerde yaşaýar. Oba ilaty welayatyň çäginde ýerleşyän 104 geñeşlige degişli 278 obada, şäher ilaty bolsa 5 şäherde we 12 şäherçede jemlenendir. Welaýatdaky etraplar ilatynyň sany boýunça düypli tapawutlanýarlar. Welaýatyň çäginde ilat örän endigansyz ýerleşýär. Ilatyň ortaça gürlügi umumy meýdan-çäk boýunça 1 km-e 8,3 adama deňdir. Yöne ilatyň esasy bölegi Köpetdag etegi düzlüginde, Tejen oazisinde, Garagum derýasynyň zolagyndaky işlenilip bejerilýän ýerlerde ýaşaýar. Ol yerlerde ilatyň gürlügi has yokary bolup, tersine, welaýatyň Garagum çölüne ýanaşyan uly böleginde, şeýle-de Köpet- dag dag ulgamynyň çäklerinde ortaça gürlük örän pes dir. Etraplaryň medeni zolaklarynda ilatyň gürlügi 1 km 200-300 adama çenli ýetýär. Aşgabat şäheriniň we beýleki şäherlerin töweregindäki zolaklarda bu görkeziji 500-600 adama çenli artýar.

Senagaty

düzet

Ahal welaýatynyň ykdysadyýeti oba hojalyk-senagat häsiýetine eýedir. Onuň ähmiýeti diňe önümçiligiň sebitara ýerleşdirilişindäki we zähmet bölünişigindäki orny bilen däl-de, eýsem döwletiň paýtagtynyň onuň çäginde ýerleşýändigi bilen hem kesgitlenýär. Eýeleýän meýdany boýunça (19,8%) welaýat ýurtda Balkan welaýatyndan soň ikinjidir. 2012-nji ýylyň başyna onda ýurduň ilatynyň 14,5%-i ýaşaýar (dördünji orun). 2012-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna welaýatyň oba ilaty onuň umumy sanyndan 58%-e deň boldy.

2011-nji ýylda oba hojalyk önümleriniň umumy möçberinde welaýatyň tutýan bölegi 24,9% boldy (ýurduň welaýatlarynyň arasynda birinji orun). Sebitde ekerançylyk ösendir we ol esli derejede şäher etegine mahsus ýöriteleşme bilen tapawutlanýar. Bugdaý öndürmek, pagtaçylyk, gök ekerançylyk, üzümçilik, et-süýt berýän maldarçylyk we ýüpekçilik oba hojalygynyň ýöriteleşdirilen esasy ugurlary bolup durýar. Gök önümleri (ýurt boýunça umumy ýygnalan hasylyň 35,8%-i), azyklyk bakja (35,9%) we üzüm (78,8%) öndürmekde welaýatyň oba hojalygy birinji orunda durýar.

Düýeleriň (35,2%) we guşlaryň (25,8%) baş sany boýunça sebit ýurtda öňdäki orunda durýar. 2011-nji ýylda dowarlaryň sany olaryň ýurt boýunça umumy baş sanyndan 26,3%-e (ikinji orun), gara mallaryň baş sany bolsa 12,6%-e deň boldy.

Ahal welaýaty ahalteke bedewlariniň gadymy mekanydyr, olaryň baş sany köpelýär.

2011-nji ýylda ýurduň senagat önümçiliginiň 18,7%-i şu sebitiň paýyna düşdi (üçünji orun). Welaýatyň senagaty üçin gaz pudagynyň ýokary ösüş depgini häsiýetlidir. 2011-nji ýylyň jemleri boýunça gaz gazyp çykarmakda sebit Türkmenistanda ikinji orny eýeledi (29,3%). Gaz pudagyndan başga-da, himiýa (mineral dökünleri öndürmek), dokma, azyk we gurluşyk materiallary senagatlary ýöriteleşdirilen pudaklardyr. Mineral dökünleri (56,8%) we aýakgap (63,3%) öndürmekde yurt boýunça welaýata öňdebaryjy orun degişlidir. Gurluşyk materiallary senagatynyň kärhanalary ýurtda ýeke-täk sement öndürijiler bolup durýar we magdan däl gurluşyk materiallaryny öndürmekde (63,0%) öňdebaryjy orny eýeleýär. 2011-nji ýylda welaýatyň önümçilik kuwwatlyklaryny, infrastrukturasyny we sosial ulgamyny ösdürmäge gönükdirilen düýpli maýa goýumlarynyň paýy olaryň tutuş ýurt boýunça umumy möçberiniň 5,5%-ine deň boldy (bäşinji orun). Döwlet eýeçiligine degişli bölegiň obýektlerini işe girizmegiň düzüminde önümçilik däl maksatly obýektleriň işe girizilişi agdyklyk etdi (63,3%). Welaýatyň ulag ulgamyna awtomobil, demir ýol we geçiriji turba ulaglary girýär. 2011-nji ýylda ýurduň umumy ýük dolanyşygynyň 16,3%-i we ýolagçy dolanyşygynyň 11,0%-i onuň paýyna düşdi (sebitleriň arasynda, degişlilikde, dördünji we altynjy orunlar). Bölek satuw söwda haryt dolanyşygynyň möçberi boýunça 2011-nji ýylda welaýat ýurduň sebitleriniň arasynda dördünji orny eýeledi (10,4%). 2011/2012-nji okuw ýylynda Ahal welaýatynda 247 sany orta mekdepde 132,8 müň okuwçy okady. 2011-nji ýylda Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň ulgamy boýunça maşgala lukmanlarynyň sany 352 adam, orta saglygy goraýyş işgärleriň sany 2,4 müň adam boldy. Hassahana orunlarynyň sany 2,0 müň birlige deň boldy. 2011-nji ýylda ýaşaýyş jaýlarynyň umumy meýdany bilen üpjünçilik 1 adama hasaplananda 19,0 inedördül metre deň (ýurt boýunça dördünji orun). Sebitde ençeme saglygy dikeldiş resurslary bar, şol ýerlerde döwrebap şypahana edaralary we dynç alyş zolaklary döredilendir (“Arçman”, “Gökdere”, “Ýyly suw”). Welaýatyň çäklerinde ekerançylyk medeniýetiniň dürli eýýamlarynyň, parfiýalylaryň we beýik seljuklaryň hökümdarlyk eden wagtlarynyň taryhy ýadygärlikleri bar, ol ýerlere syýahatçylyk gatnaw ugurlary açyldy (Nusaý, Sarahs, Altyndepe). Ahal welayatynyň hojalygy köp ugurly bolup, onda gaz senagaty, himiýa, gurluşyk materiallary, yeňil we azyk se. nagat pudaklary, däneçilik we pagtacylyk, miweçilik we üzümçilik esasy ýöriteleşiş pudaklary hasaplanýar. Şol pudaklaryň öndürýän önümleriniň köpüsi boýunça welaýat ýurdumyzda görnükli orun eýeleýär. / Senagaty. Ahal welayaty ýurdumyzda senagat önüm- çiliginin in ösen sebitleriniň biri hasaplanýar. Senagat üçin mineral çig mallaryň dürli görnüşlerinin uly gorlarynyň bol magy, oba hojalyk çig malynyň öndürilişinin artmagy, zäh- met baýlyklary, demir ýol we awtomobil yollary bilen üpjün- ligi, şeýle-de ýurdumyzyň esasy senagat merkezi Aşgabat şäheriniň welaýatyn çäginde ýerleşmegi bu ýerde senagat önümçiliginin ösmegine itergi berýär. Yurdumyzda öndüril- ýän senagat önümleriniň öndürilişinin umumy möçberinde welaýatyň paýy 16%-den geçýär. Ahal welayatynyň senagat önümçiliginin düzüminde ýangyc-energetika toplumy esasy orun tutýar. Jemi sena gat önüminiñ 78,3%-i bu toplumyň paýyna düşyär. Sonra önümiň möçberi boýunça işläp bejerýän senagaty (ýeňil we azyk senagat pudaklary- 20,4%) tapawutlanýar. Welaýatyň etraplary boýunça senagat önümçiliginin ge- rimi we pudaklaýyn düzümi birmeňzeş däldir. Öndürilýän ähli senagat önüminin 72,2%-i (tebigy gazy cykarmagyn hasabyna) Sarahs etrabynyň paýyna düşyär. Yöne Abadan şäherinde, Ruhabat we Baharly etraplarynda senagat önüm- çiligi köp ugurlydyr. Şeýle-de bu etraplarda soňky yllarda senagatyň ösüş bady yokary. Onuň esasy sebäbi, bu yer. lerde täze senagat kärhanalarynyň gurulmagy bolup durýar. Ahal welaýatynyň meýdan-çäginde mawy yangyjyn uly gorlary jemlenendir. Häzirki güne çenli welaýatda tebigy gazyň we nebitiň 30-dan gowrak ýataklarynyň bardygy anyk lanyldy. Olaryň bir bölegi häzirki wagtda peýdalanylýar. Sarahs etrabynyň çäginde ýerleşýän Döwletabat ýurdumyz- da in uly gaz känleriniň biri hasaplanýar. Welaýatda tebigy gazyň cykarylyşy 2011-nji ýylda 19,4 mlrd m-e deň boldy. Çykarylýan gaz kondensatynyň möçberi-de ýylsaýyn art yar (62,2 mün tonna). «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşinin 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda Ahal welaýatynda ýangyc-energetika toplumyny ösdürmek boyunça uly wezipeler goýulýar. Geljekde Mer kezi Garagumda we Sarahs etrabynyň çäginde tebigy gazy suwuklandyrýan desgalar, nebiti gaýtadan işleýän kärhana işe giriziler. Welaýatyň senagat önümçiliginde elektroenergetika pudagynyň ähmiýeti-de barha artýar. Yurdumyzda öndüril- ýän elektrik energiýasynyň 15,7%-i onun paýyna düşyär. 2011-nji ýylda 2996,9 mln KWt elektrik energiýasy öndü- rildi. Welaýatyň çäginde 2 sany ýylylyk elektrik stansi ýasy işleýär. Abadan şäherindäki gaz turbinaly elektrik stansiýasynyň durky täzelenip, kuwwatlylygy artdyryldy. 2011-nji ýylda bolsa Akbugdaý etrabynda «Ahal-1» gaz tur binaly elektrik stansiýasy ulanylmaga berildi. Ahal welaýatynyň çäginde dürli mineral gurluşyk ma- teriallarynyň, ýagny sement, aýna çig malynyň, dolomitiň, çagyl-çäge garyndysynyň, gurluşyk daşlarynyň we hek daşynyň uly känleri ýerleşýär. Olar gurluşyk materiallary senagatyny ösdürmek üçin esas bolup durýar. Gurluşyk ma- iteriallary senagatynyň ösdürilmegine itergi berýän şertleriň biri-de welayatyň çäginde ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat şäherinin ýerleşmegidir. Garaşsyzlyk ýyllarynda Aşgabat şäheri we onuň töweregindäki ilatly ýerler hakyky gurlu syk meýdançasyna öwrüldi. Elbetde, bu ýerde uly möçberde alnyp barylýan gurluşyk işleri dürli görnüşdäki gurluşyk materiallarynyň önümçiligini gineltmekligi talap edýär. Yurdumyzda öndürilýän sementiň agramly bölegi, gurluşyk kerpijinin 10,2%-inin, ýygnama demir-beton gur. namalarynyň we önümleriniň 20,6%-iniň, magdan däl gur. luşyk materiallarynyň 60,6%-inin Ahal welaýatynda öndü- rilýändigi bu pudagyň ähmiýetiniň uludygyny görkezýär. Welayatyn çäginde gurluşyk materiallaryny öndürýän 24 kärhana ýerleşyär. Olaryň esasy bölegi Abadan şähe- rinde, Baharly we Ruhabat etraplarynda jemlenendir. Döw letimizde ilkinji mermer zawody Owadandepede işe girizildi. Yurdumyzyň halk hojalygynyň demir we demir önüm- leri bilen üpjünligini gowulandyrmak maksady bilen, metal galyndylarynyň (lomuň) esasynda işleyän metallalurgiýa zawody Ruhabat etrabynyň demirgazygynda Owadandepe. de guruldy. Himiýa senagaty Ahal welaýatynda garaşsyzlyk ýyl- larynda ösdürilip başlanyldy. Onun esasy kärhanalary 2004-nji ýylda işe girizilen Tejenin karbamid zawody, Yaşlyk şäherçesindäki Kagyz kombinaty we Ruhabat etrabyndaky turba zawodydyr. Karbamid zawody ýurdumyzyň oba ho- jalygyny azot dökünleri bilen üpjün edýär. 2011-nji ýylda kärhanada 128,9 mün tonna karbamid öndürildi. Geljekde kärhananyň önümçilik kuwwatyny artdyrmak göz önünde tutulýar. Yaşlyk şäherçesinde dünýä ülňülerine layk gelýän kagyz önümlerini öndürýän kärhana işleýär. Ol gowaça galyndylaryny we däne ýygnalandan sonra galýan samany çig mal hökmünde gaýtadan işleyär. Kärhananyň kuwwat- lylygy ýylda 30 mün tonna kagyz öndürmekden ybaratdyr. Yurdumyzyň suw hojalygynyň we ýaşaýyş-jaý jemagat hojalygynyň edara-kärhanalaryny plastmassa turbalary bi- len üpjün etmek maksady bilen gurlan turba zawody häzirki zaman enjamlary bilen abzallaşdyrylan. Yenil senagaty özüne 27 kärhanany birleşdirýär. 2011-nji ýylda pudagyň kärhanalarynda 73,8 mün t pagta süýümi,42.6 mln m nah matalar, 2,8 mln sany örülen önümler, 3,829 mln jübüt jorap öndürildi. Garaşsyzlyk ýyllarynda öz ýerli çig malymyza esaslanýan, dünýä ülňülerine laýyk gel- yän ýokary tehnologiýaly dokma kärhanalarynyn onlarçasy guruldy. Düzümine 25 kärhanany birleşdirýán azyk senagat pudagy Garaşsyzlygymyzyň gysga döwründe uly ösüşe eye boldy. Yurdumyzda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek ba- batynda maksatnamalary çāklerinde häzirki zaman kär hanalary işe girizildi. Häzirki günün talaplaryna layk gelýän galla önümleri kombinatlary (Ruhabat etrabynda, Tejen şäherinde, Anew, Kaka şäherçelerinde), Ruhabat etrabyndaky çagalar iýmiti zawody, miwe şirelerini we to mat goýultmasyny öndürýän «Ruhubelent» kärhanasy we başgalar munuň aýdyň mysalydyr. Ahal welayaty üzümdarçylygyň, miweçiligin ösen sebiti hasaplanylýar. Şoña baglylykda ýurdumyzda çakyr önümle- rini we şerbetli içgileri öndürýän kärhanalaryň 10-usyndan 5-si onuň çãginde ýerleşyär. Olara Abadan şäherindäki çakyr zawody, «Gökdepe» (Gökdepe etraby), «Zähmet», «Owadandepe» (Ruhabat etraby), «Änew» (Ak bugdaý et- raby) çakyr kärhanalary degişlidir. Olarda 40-dan gowrak görnüşdäki çakyr önümleri öndürilýär.

Oba hojalygy

düzet

Ahal welayatynda oba hojalygy ykdysadyýetin esasy pudaklarynyň biridir. Halk hojalyk pudaklarynda işleyän ilatyň 60%-e golaýy oba hojalyk önümçiliginde mesgul lanýar. Taryhy maglumatlara görä, Köpetdag etegindäki düz- lük dünyäde ilkinji emele gelen gadymy ekerancylyk we maldarçylyk sebitlerinin biri hasaplanýar. Bu ýerlerde dünyä edebiýatynda Jeýtun, Änew, Göksüýri medeniýeti ti ady bilen belli bolan ekerançylyk, senetçilik merkezleri döräpdir. Şol irki ykdysady-medeni merkezlerinin dörän döwürlerini taryhçylar bizin eýýamymyzdan önki 5-6 mün ýyllyga degişli edýärler. Ekerançylyk Ahal welaýatynda Bamy-Mäne aralygynda we Tejenin golaynda Göksüýrüde has ösüpdir. Bu ýerlerde ýaşan ata-babalarymyz ýerlerini dagdan gelýän ýagys sil suwlarynyň hasabyna ekipdirler. Olar dine bir ýagys suwunyň gelen ýerine ekin ekmän, eý- sem, emeli suwaryş arkaly hem ekerançylygy ösdüripdirler. Şeylelikde, bu ýerlerde oturymly ekerançylyk-maldarçylyk medeniýeti döräpdir. Ata-babalarymyzyň gadymy döwürlerden bäri peý- dalanan mes toprakly meýdanlarynda, olaryň hojalygy ýöretmek boýunça toplan baý tejribeleriniň esasynda oba hojalyk önümçiligi bizin günlerimizde has kämilleşdi we uly önümçilik pudagyna öwrüldi. Tebigy şertler welayat- da oba hojalygyny ösdürmäge uly mümkinçilikler dö- redýär. Garaşyzlyk ýyllarynda welaýatda oba hojalygynyň ekerançylyk pudaklarynda uly özgerişlikler bolup geçdi. Welayatyn ähli ekin meýdanlarynyň möçberi 376,4 mün gektara barabar. Soňky ýyllarda däneli ekinleriň meýdany artdyryldy. 2011-nji ýylda onuň möçberi 229,5 müň gektar- dan geçdi. Gowaça ekilýän ýerlerin möçberi-de köpeldi. Häzir- ki wagtda 125 mün gektara golaý meýdanda gowaça, esa. san-da, onuň inçe süyümli görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. Döwletimizde öndürilýän dänänin üçden birine gola. ýyny, pagtanyň bolsa 20,6%-ini Ahal welaýaty berýär. Wela ýatyň hojalyklarynda gök we bakja ekerançylygy, miweçilik we üzümçilik hem ösdürilýär. 2011-nji ýylda welaýat bo- ýunça öndürilen bakja ekinlerinin we kartoşkanyň 93 %-i hususy hojalyklaryn paýyna düşyär. Şonun üçin-de bu ekinleriň hasyllylygy-da ýylsaýyn artýar. Ahal welayatynda maldarçylygyň ösüşi ekerancylygyn geografiýasy we öri meýdanlary bilen baglanysykly. Wela ýatyň oazis böleginde gara mallary, gusçulyk, gylýalcylyk, ýüpekçilik ösdürilip yetişdirilýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda däneli ekinlerin meýdanynyň artdyrylmagy maldarçylygyn ösmegine uly itergi berdi. Sonky ýyllarda maldarcylyk hu- susy hojalyklarda has çalt depginler bilen ösdürilýär. Durmuş-ykdysady sebitinde dowardarcylygy ösdürmek üçin gowy mümkinçilikler bar. Demirgazygynda Garagum çöli, günortasynda Köpetdag eteginin düzlügi we baýyrlyk- lar, daglar bolup, olaryň öri meýdanlarynyň hasyllylygy yo- karydyr. Yurdumyzdaky dowarlaryn 26,3 %-i (4513 mün baş sany) Ahal welayatynyň paýyna düşyär. Welayatda gara mallaryň sany 2011-nji ýylda 279 müne golaýlady. Mallaryň baş sany boýunça Sarahs, Tejen, Baba- daýhan, Baharly, Ak bugdaý, Ruhabat etraplary tapawut- lanýarlar. Ahal welaýatynda düýedarçylygy, gylýalcylygy ösdür- meklige hem uly üns berilýär. Olaryň baş sany ýylsaýyn köpelýär. Welaýatyň hojalyklarynda 43,7 mün baş düye we 6,2 mün baş gylýal bar. Ahal welayaty ahalteke atlarynyň watany hasaplanýar. Sonky ýyllarda bu pudak uly ösüşe eye boldy.

Ulaglar ulgamy

düzet

Welayatyň durmuş-ykdysady tay dan ösmeginde ulaglar ulgamynyň, ýagny ulag yollarynyň we ulaglaryn dürli görnüşlerinin işinin guralyşynyň uly äh- miýeti bardyr. Ahal welayatynda hem ýurdumyzda bolsy ýaly, kämil ulaglar ulgamy döredildi. Ilatyň ýerleşişinin häzirki meýdan-çäk şekilinin eme le gelmegi köp derejede demir yollaryň geçmegi bilen baglanysyklydyr. Welayatyn gür ilatlaşan dag etek düzlügi boýunça günbatardan gündogarlygyna uzaboýuna Türkmenbaşy-Aşgabat-Mary-Türkmenabat demir ýoly geçyär. Ol ýurdumyzyň esasy ýük we ýolagcy gatnawynyň möhüm damary bolup durýar. 1996-njy ýylda uzynlygy 132 km bolan Tejen-Sarahs demir yoly ulanylmaga berildi. Sarahsda 2,5 mln t ýüki geçirip bilýän halkara menzili guruldy. 2006-njy ýylda gurlan, uzynlygy 560 km bolan Aşgabat Garagum-Daşoguz demir ýolunyň ýarysyna golaýy Ahal welaýatynyň meýdan-çäginden geçyär. Bu bolsa welaýatyň demirgazyk çöllük böleginiň durmuş-ykdysady taýdan ös- dürilmegine uly itergi berýär. Demir yolun geçmegi bilen bu ýerlerin hojalyk taýdan özleşdirilmegi uly gerime eye bolar. Ahal welayatynyň hojalyk toplumynyň we ilatynyň ös- meginde awtomobil ulaglarynyň täsiri hem örän uludyr. We- layatyn çäginde ýurdumyzyň paýtagty Asgabat şäherinin ýerleşmegi awtomobil yollary bilen üpjünligin gowy bolma gyna yardam edýär. Welaýatyň ähli etraplary, şäher we oba ilatly yerleri awtomobil yollary bilen birleşdirilendir.

Durmuş taýdan ösüşi

düzet

Garaşsyzlyk ýyllarynda sebitin durmuş taýdan ösüşi uly sepgitlere ýetdi. Welayatda durmuş maksatly desgalaryň uly toplumy hereket edýär. Täze dowürde Gökdepe etrabynda «Ene mähri» hassahanasy, köpugurly hassahana, Abadan şäherinde 10 mün orunlyk stadion, Ruhabat etrabynyň Gypjak, Baba- arap, Yzgant obalarynda dünýä ülnülerine laýyk gelýän saglyk öyleri, mekdepler, çagalar baglary, sowda merkez leri we beýleki medeni-durmuş maksatly desgalar gurlup ulanylmaga berildi. Olardan başga-da Ahal welaýatynda 4 stadion, 130 sport desgalary bar. Welayatyn çäklerinde 3 muzey we 1 teatr hereket edýär. 2012-nji ýylda welayatda 6 mekdep, 11 sany çagalar baglary guruldy. 2013-nji ýylda 28 mekdebin, 28 çagalar baglarynyň gurluşygy dowam edýär.

Durmuş-ykdysady aýratynlyklary

düzet

Döwletimizde yglan edilen uzak möhletleyin maksatnama- laryň çäklerinde Ahal welaýatyny durmuş-ykdysady taydan ösdürmek babatda uly wezipeler goýulýar. Geljekde baý nebit we gaz gorlarynyň esasynda welaýatda ýangyç senagaty uly ösüşe eýe bolar. Şonuň esasynda onuň çäginde nebi ti gaýtadan işleýän zawod, iki sany gazy suwuklandyrýan kärhana gurlar. Her bir etrapda yenil we azyk senagatynyň kärhanalaryny gurmak göz önünde tutulýar. Oba hojaly- gynda däneçilik we pagtacylyk bilen birlikde gök-bakja eke. rançylygyny, miweçiligi we üzümdarçylygy, maldarçylygy ösdürmek boýunça uly wezipeler bellenilýär. Welayatda obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherlerin we etrap merkezlerinin ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça işler üçin hem uly maliye serişdeleri harçlanylar. Şoňa baglylykda 2008-2020-nji ýyllarda wela ýatyň etraplarynda 98 sany mekdebe çenli çagalar edara. lary, 30 sany orta mekdepleri, 77 sany medeniyet öyleri, 40 sany sport mekdepleri, 32 sany sport desgalary, şeýle-de durmuş-medeni maksatly desgalaryň uly toplumy gurlar. Ahal durmuş-ykdysady sebitinin çäginde ýerleşyän et- raplar, şäherler tutýan meýdany, tebigy şertleri, ilatynyň sany, hojalygynyň ýöriteleşiş ugurlary boýunça biri-birinden tapawutlanýarlar.

Ahal welaýatynyň administratiw bölünişi

düzet
Etraplar Şäherler Şäherçeler Geňeşlikler Oba ilatly ýerleri
7 - 9 82 231

Etraplar:

  1. Ak bugdaý etraby
  2. Babadaýhan etraby
  3. Bäherden etraby
  4. Gökdepe etraby
  5. Kaka etraby
  6. Sarahs etraby
  7. Tejen etraby

http://www.stat.gov.tm/content/info/turkmenistan/turkmenistan/ Archived 2013-03-28 at the Wayback Machine http://www.stat.gov.tm/assets/klasifikator/t_admin_delenie_20130101.pdf[permanent dead link]

  Türkmenistanyň welaýatlary  
 
1-Ahal welaýaty (Änew) | 2- Balkan welaýaty (Balkanabat) | 3- Daşoguz welaýaty (Daşoguz) | 4- Lebap welaýaty (Türkmenabat)
5- Mary welaýaty (Mary)