Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti
Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersiteti ýa-da "Türkmen Döwlet uniwersiteti" Türkmenistanda iň baýry ýokary okuw jaýy bolup, ol Aşgabat şäherinde ýerleşýär. Uniwersitet 1951-nji ýylda işe başlady. Şu wagtky rektory Baýramgül Motyýewna Orazdurdyýewa. Uniwersitet häzirki wagtda 8000-den gowrak talyba ýokary bilim beryär.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti | |
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti | |
Görnüş | uniwersitet |
---|---|
Rektor | Öwezsähedow Orazgeldi Kakabaýewiç |
Gurlan ýyly | 1931 |
Talyp sany | 8041 |
Fakultetler | 12 |
kafedra | 37 |
salgy | 744000, Aşgabat şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 31. |
Taryhy
düzet1931-nji ýylda gurulan ýokary okuw jaýynyň ilkinji ady Aşgabat Pedagogika instituty diýilip atlandyrylýar. 1993-nji ýyldan soňra türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň ady dakylýar. Ýewropa uniwersitetleriniň asassosiasiýana 1989-njy ýylda agza bolýar.[1]
Fakultetler
düzet- 1. Matematika we mehanika (hünärler: matematika; amaly matematika we informatika). 2. Fizika we astronomiýa (hünärler: fizika; radiofizika we elektronika). 3. Informatika we hasaplaýyş tehnikasy (hünär: maglumat ulgamlary we tehnologiýalary). 4. Biologiýa ylymlary (hünär: biologiýa). 5. Himiýa (hünär: himiýa). 6. Ýeri öwreniş ylymlary (hünärler: geografiýa; kartografiýa; meteorologiýa; ekologiýa). 7. Psihologiýa ylymlary (hünär: psihologiýa). 8. Taryh we arheologiýa (hünärler: taryh; arheologiýa). 9. Filosofiýa we etika (hünär: filosofiýa). 10. Ylahyýet (hünär: ylahyýet). 11. Syýasat ylymlary we sebit öwreniş (hünärler: syýasaty öwreniş; gündogary öwreniş). 12. Dil bilimi we edebiýaty öwrenmek (hünärler: türkmen dili we edebiýaty; iňlis dili we edebiýaty; nemes dili we edebiýaty; fransuz dili we edebiýaty; italýan dili we edebiýaty; arap dili we edebiýaty; türk dili we edebiýaty; pars dili we edebiýaty; hytaý dili we edebiýaty). 13. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we maglumat-kitaphana işi (hünär: žurnalistika). 14. Hukuk işi (hünär: hukuk öwreniş).
- Pedagogika we psihologiýa
- Türkmen dili
- Türkmen edebiýaty
- Konstitusiýa we halkara hukugy
- Raýat we jenaýat hukugy
- Iňlis dili
- Nemes we fransuz dilleri
- Daşary ýurt edebiýaty
- Arap, pars we türk dilleri
- Amaly matematika
- Umumy matematika we matematiki derňew
- Nazary we tejribe fizikasy
- Umumy fizika
- Biologiýa
- Himiỳa
- Geografiýa
- Daşky gurşawy öwreniş
- Türkmenistanyň taryhy
- Dünỳä taryhy
- Arheologiỳa we etnologiỳa
- Hünär ugrundan dil taỳỳarlygy
- Dünýä tejribesini öwreniş
Uniwersitet meýdany(Kompus)
düzet2017-nji ýylda fransuz firma "Bouygues" jemi 13,500 m² deň bolan TDU-yň täze binasyny bilen kitaphanasyny $40 million amerikan dollara gurdy.[2]
2008-nji ýylyň Senýtabr aýynda fizika we matematika fakulteti açylýar. Açylyş dabarasyna Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşýar.[3]
2011-nji ýylyň Senýabr aýynyň 1 güni geografiýa fakultetiniň täze binasy bilen umumy ýaşaýyş jaýy açylýar.Täze bina 800 talyp sany göwrümli. [4]
Ugurlar we hünärler
düzetNr. | Ugur | Hünär |
---|---|---|
1. | Fizika we matematika | matematika; amaly matematika we informatika; fizika; radiofizika we elektronika |
2. | Kompýuter tehnologiýasy | maglumat ulgamlary we tehnologiýalary |
3. | Tebigy bilimler | biologiýa; daşky gurşawy öwreniş; geografiýa; himiýa; kartografiýa; meteorologiýa; psihologiýa |
4. | Ynsanperwerlik-durmuş bilimleri | taryh; gündogary öwreniş; syýasaty öwreniş; arheologiýa; ylahyýet |
5. | Dil we edebiýat | türkmen dili we edebiýaty; iňlis dili we edebiýaty; nemes dili we edebiýaty; fransuz dili we edebiýaty; italýan dili we edebiýaty; arap dili we edebiýaty; türk dili we edebiýaty; pars dili we edebiýaty; hytaý dili we edebiýaty; žurnalistika |
6. | Hukuk işi | hukuk öwreniş |
Çeşmeler
düzet- ↑ Туркменский государственный университет имени Махтумкули
- ↑ КОМПАНИЯ «БУИГ» ВОЗВЕДЕТ НОВОЕ ЗДАНИЕ ТУРКМЕНСКОГО ГОСУНИВЕРСИТЕТА И ДВОРЕЦ ПРЕССЫ [permanent dead link]
- ↑ [1]
- ↑ В ТГУ им. Махтумкули открыто новое здание географического факультета
- ↑ "MAGTYMGULY ADYNDAKY TÜRKMEN DÖWLET UNIWERSITETI". Ylymlar akademiýasy. Retrieved 09 July 2017. Check date values in:
|access-date=
(help)