Merw söweşi
Sarahs söweşinden (1855) soň, ol ýerdäki teke türkmenler Gowşut hanyň baştutanlygynda Mara göçüpdiler. Emma ol ýerde hem asudalyk uzak dowam etmeýär. Garrygala söweşinde Eýran goşunlary türkmenleriň birleşen güýjünden ýeňlenden soň, Nasreddin şa ahmyrly bolup galypdy. Ol Günorta Türkmenistanyň ýerlerini eýelemek niýetinden el çekmedi.
Merw söweşi | |||||
---|---|---|---|---|---|
| |||||
Taraplar | |||||
Türkmenler | Gajar Eýran Hökümdarlygy | ||||
Serkerdeler | |||||
Gowşut Han | Nasreddin Şa | ||||
Güýçler | |||||
10,000 | 70,000 | ||||
Ýitgiler | |||||
6,000 | 30,000 |
1861-nji ýylyň tomsunda Eýrandaky gajar türkmenleriniň hökümdary Nasreddin şa Mara tarap harby ýöriş guraýar. Ol öz garyndaşy Horasanyň häkimi Hemze Mürze Hişmet Döwläniň baştutanlygynda 30 müňe golaý goşuny, 32 top, köp mukdarda ok-däri bilen Mary türkmenleriniň üstüne ugradýar. Gajarlaryň bu ýörişine maryly türkmenler “Gajar urşy” diýip at beripdirler.
Bu uruşda türkmenlere Gowşut han baştutanlyk edipdir. Ol Mary sebitiniň ähli obalaryna gyssagly habar edip, 10 müňe golaý nöker toplapdyr. Gowşut han bu uruşda uly serkerdelik ussatlygyny görkezipdir. Ol duşmany Mary galasynda däl-de, Garaýapda garşylamagy we şol ýerden berk gaýtawul bermegi makul bilipdir.
Eýran goşunlary ýolda uly ýitgiler çekip, iýul aýynyň başlarynda Garaýaba golaý gelipdirler. Türkmenler olaryň geljek ýerleriniň hemmesini öňünden suwa basdyrypdyrlar. Şonuň üçin eýran atlylary, ýükli arabalary ýolda batyp-çomup juda kynlyk bilen ýöräpdir. Türkmenlerin özleri jeňňelliklerde bukulyp, duşman bilen gaça uruş tilsimini ulanyp, olary ysgyndan gaçyrypdyrlar.
Duşman goşuny uly ýitgiler çekip, gözgyny ýagdaýda ahyry Mary galasyna gelip girýär. Bu söweşsiz eýelenen “Mary galasy” diýilýän hakykatda derýanyň çep kenarynda yerleşen Nyýazmet gala bolmaly. Gajar urşundan soň, onuň ady Porsygala bolup galýar. Eýran goşunlary gala girenden soň hiçhili harby hereket etmändirler, gaýtam, goşun serkerdeleri gije toý-meýlis edip, bu «wakany» dabaraly belläpdirler. Diňe agşamlaryna türkmenlere haýbat üçin top atypdyrlar.
Gowşut han urşuň öňüni almak üçin ähli tagallany edipdir. Ol kethudalar we serdarlar bilen maslahat geçirip, iň ynamdar adamlardan düzülen wekillerini Rahmanguly hanyň ýolbaşçylygynda Eýran goşunynyň baştutanynyň ýanyna iberýär. Gowşut hanyň iberen wekilleri duşmana uruşmazlygy, ýaraşygy teklip edýärler. Gepleşik iki günläp dowam edipdir. Türkmenler ýaraşyk baglaşjak bolup elde baryny edipdirler. Eger Eýran tarapy ýaraşygy makullasa, onda goşunda gulluk eder ýaly 1000-e golaý adam bermäge özleriniň, hatda olara pul, mal bermäge hem razydyklaryny aýdypdyrlar. Emma Hemze Mürze türkmenleriň eden tekliplerini kabul etmändir. Şol gepleşikden soň Gowşut han berk durup uruşmalydygy barada karara gelýär. Ol geňeş çagyryp, Eýranyň goşunbaşylaryna ýüzlenip hat ýazdyryp, ony Täçgök serdardan iberýär.
Türkmenler duşman goşunlaryny galadan çykaryp, açyk meýdanda uruşmak üçin üstüne häli-şindi çozuş edip, ýene-de öz berkitmelerine gaýdyp gelipdirler. Türkmenler ahyry bir ýeser pirim oýlap tapypdyrlar. Olar Nyýazmet galanyň üç tarapyna üç süri geçini eltipdirler. Geçileriň hemmesiniň şahyna garaýaga batyrylan esgi we keçe ýyrtyklaryny daňyp çykypdyrlar. Galanyň diňe derýanyň kenaryna tarap açylýan demirgazyk denvezesiniň gabadynda, derýa boýundaky gamyşlyklarda türkmen ýigitleri bukuda ýatyp garaşypdyrlar. Gijäniň ýarymynda üç süri geçiniň şahlaryndaky garaýagly esgilere, keçelere ot degrip, üçtarapdan gykuwlap galanyň üstüne sürüpdirler. Bu ýagdaýy görüp, duşman goşunlary demirgazyk derwezeden çykyp gaçmakçy bolýar. Ol ýerde-de bukuda ýatan türkmen ýigitleri duşmanyň üstüne hüjüm edýär.
Gajar goşunlary galadan çykyp, Goşa seňňer galasynyň golaýyna gelipdirler. Gowşut han ýaraşyk baglasjak bolup ýene-de synanyşyk edipdir. Bu gezek ol ozal Eýran zyndanynda ýatan, pars dilini bilýän Saparek hany bir topar adam bilen duşmanyň düşelgesine iki gezek iberipdir. Emma Gowşut hanyň bu iň soňky diplomatiki synanyşygy-da şowsuz bolupdyr.
Yaraşyk meselesi başa barmansoň, söweş ýene-de dowam etdirilýär. Türkmenler gaýduwsyz edermenlik görkezip, duşmanyň daşyny gabapdyr. Söweş örän gazaply bolup, 4-5 sagada çekipdir. Jerendepe diýen ýerde söweş has-da gazaply bolupdyr. Şonda 7-8 müň türkmen atlysy söweşe gatnaşyp, gajar goşunlarynyň bir müňe golaýyny gyrypdyr, ýüzlerçesini ýesir alypdyr. Söweşde Täçgök serdar, Amansähet serdar öz nökerleri bilen aýratyn gahrymançylyk görkezipdirler. Uzak gün dowam eden bu söweşde gajarlaryň belli serkerdesi Muhammethasan hem öldürilipdir.
Jerendepede bolan gazaply söweşden soň gajar goşunlary yza çekilýär. Türkmenler ýene-de gajar goşunynyň esasy güýjüniň üstüne duýdansyz hüjüm edýär. Bu gazaply söweş alty sagada golaý dowam edýär. Bu söweş gajar urşunyň ykbalyny çözüpdir. Türkmenler duşmanyň nökerleriniň ep-eslisini ýok edýärler we bir bölegini ýene-de ýesir alýarlar. Şol ýesir alnan adamlaryň arasynda fransuz topografy we suratçysy Gulibef de Blokwil hem bar eken. Ol bendilikden boşadylandan soň, bu uruş barada «On dört aýlap türkmenleriňkide ýesirlikde» atly ýatlama kitabyny ýazypdyr. Onda türkmenleriň gaýduwsyzlygy, batyrlygy we gylyk-häsiýetleri, däp-dessurlary görkezilipdir.
Şol aýgytlaýjy söweşden soň Hemze Mürze az-owlak nökeri ýanyna alyp, ýurduna gaçmak bilen bolýar. Gajar goşunlarynyň galan bölegi hem dowla düşüp, ähli goşlaryny, ýaraglaryny taşlap gaçyp başlaýarlar. Türkmenler olary Sarahsa, Çemenebide çenli kowalap, ownuk söweşler edipdirler. Yzlaryndan ýetip 2500 ýesir we köp olja alypdyrlar. Şeýlelik bilen, gajarlaryň Mara gelen goşunlary türkmenler tarapyndan derbi-dagyn edilýär. Abdysetdar Kazynyň “Jeňnama" eserinde berilýän maglumatlara görä, türkmen taýpalary bu uruşda-da özara birleşipdirler. Ahaldan Nurberdi hanyň baştutanlygynda ep-esli goşun kömege gelipdir. Umuman, Abdysetdar Kazynyň “Jeňnama” eseri Garrygala we Mary söweşleriniň taryhyny öwrenmekde ynamdar çeşme bolup hyzmat edýär. Şonuň üçin bu eseriň örän uly taryhy ähmiýeti bardyr.
Şeýlelikde, Sarahs, Garrygala we Mary söweşlerinde türkmenleriň gahrymançylykly ýeňşi Günorta Türkmenistanyň ilatynyň özbaşdaklygyny, erkana durmuşyny üpjün edipdir. Emma bu özbaşdaklyk uzak dowam etmeýär. Indi Türkmenistana öňküler bilen deňeşdirip bolmajak başga bir uly howp patyşa Russiýasy tarapyndan abanýardy.
Çeşme
düzetA.Nuryýew, M.Moşew. Türkmenistanyň taryhy. XVII-XX asyrlar. Orta mekdepleriň IX synpy üçin synag okuw kitaby. - A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2009.
Başgaça ady: mary - gajar söweşi, gajar urşy