Türkmen taryhy biziň eýýamymyzdan öňki 2000 ýyllarda başlaýar. Türkmenistan taryhda uly yz galdyran döwletleriň biridir

Türkmenistanyň taryhy
Sahypalar

Oguz han
Gorkut Ata
Görogly
Magtymguly
Turkmenbaşy

Gadymy taryh

düzet

Biziň eýýamymyzdan 2000 ýyldan mundan ozal Türkmen ýerlerinde ilkinji Türkmen etnikasy ýagny Änew medeniýeti döreýär. Änewde gazuw agtaryş işlerinde ilkinji Ak bugdaý tapylandyr.

Biziň eýýamymyzdan öňki 2000-1500 ýyllarda bolsa Margiana şu wagty Mary welaýatyda döreýär.

Altyndepede geçirilen gazuw agtaryş işlerinde altyn çaýylan goýun we möjek kellesi tapyldy

Orta Asyr

düzet

Beýik Seljuk Türkmen döwleti

düzet
 
Seljuk Türkmenleriň baýdagy

750-nji ýylda Seljuk beg ýolbaşçylygynda Beýik seljukly türkmen döwleti döreýär.

1040-nji ýylyň 23-nji maýynda Seljukly Türkmen döwleti we Gaznalylaryň arasynda söweş bolýa, bu söweşe Dandanakan söweşi diýip atlandyrylýar. 20,000 seljuk esgeri, 50.000 adamlyk Gaznawy goşuny Merw bilen Sarahsyň aralygyndaky Dandanakanda urşdy. Bu urşda Seljukly ýeňiş gazandy.

Seljukly türkmenleri 1038-nji ýyldan 1055-nji ýyla çenli Horasany, Günbatar Eýrany we Yragy basyp aldy.

Abbasid imperiýasy Seljuk Türkmenleri tarapyndan basylyp alynan soň Abbasy halyfy Al Kaim Togrul begi soltan we "Gündogaryň we Günbataryň şasy" diýip ykrar etmäge mejbur boldy.

1071-nji ýylda Seljukly Türkmenleri bilen Wizantiýalaryň arasynda söweş bolýar , bu söweşe Malazgirt söweşi diýip atlandyrylýar. Alp Arslanyň kömegi bilen Türkmenler malazgirt şäherini basyp aldylar.

Şondan soň Seljuklar Kiçi Aziýanyň hemmesini diýen ýaly Ermenistany, Gruziýany soňra bolsa Siriýany we Palestini basyp aldy. Şirwana we Mawernahra çozuşlaryndan soň olaryň hökümdarlary Seljuk soltanlarynyň wassaly boldular.

Haçly çozuşlary

düzet

1-nji çozuş (1096-1099)

Seljukly türkmenleri Palestinany basyp alandan soň, Irusalemdäki Hristiýançylyk güýçleri artdy. Haçparazlar Musulman döwletleriniň ösmegine garşy çozuşlar geçiripdiler. Ilkinji çozuş 1096-njy ýylda başlandy. Uly we gowy ýaraglanan esgerleriň başynda Raymond VI bolup , ýewropanyň ýarsy diýen ýaly ýurtlaryndan esger aldylar. Konstantinopolyň dürli ýollaryna ýygnanan haçly esgerleriň sany on müňlerçe boldy. Birinji çozuşda seljuklylar ýeňilip siriýany, palestiny ýitiripdir. 1099-njy ýylda täze döwletler döräpdir. Olar Edessa okrugy, Antakiýanyň şazadasy, Irusalem patyşalygy, Tripoli

2-nji çozuş (1147—1149)

Birinji haçly ýörişden soň Seljukly türkmenleri ýeňilsede bir wagtdan soň güýçlenmegi başlandy. Mosulyň emiri, Seljuklynyň serkerdesi Imad ad-Din Zangi 1144-nji ýylda Edessany yzyna alyp, tutuş Edessa okrugyny basyp aldy. Ikinji haçly ýöriş, hristianlaryň edessany yzyna almak üçin geçirildi. Germaniýanyň koroly Konrad III Wengriýanyň üsti bilen Konstantinopola geldi we 1147-nji ýylyň sentýabr aýynyň ortalarynda Aziýa goşun iberdi, ýöne goşuny Seljukly türkmenler bilen çaknyşykdan soň ýeňilip, yzyna gaýdyp geldi. Konradyň şowsuzlygyndan gorkup, fransuzlar Kiçi Aziýanyň günbatar kenaryna gitdiler Soňra patyşa we asylly haçparazlar gämilere çykyp deňizde 1148-nji ýylyň martynda Siriýa gitdiler. Haçparazlaryň galanlary wizantiýanyň üsti bilen gidip hemmesi diýen ýaly aradan çykdylar. Haçparazlaryň Seljuklylary ýykmak üçin iberen goşuny ýene ýeňilip yzyna gaýtdylar. Seljukly türkmenleri Siriýany yzyna aldylar.