Mewlid - (arap. مولد‎‎ «dogluş, doglan gün») manylary aňladýar. Mewlidin näbäwi - Muhammed pygamberiň doglan gününi käbir musulmanlar belleýärler. Ýöne bu baýramy bellemek her musulmanyň her namazda okaýan Fätihä surasyna(Fatyha süresi) garşy...

1. Mähriban we Rehim-şepagatly Allahyň ady bilen.
2. Hamdy-senalar älemleriň Perwerdigäri Alla mahsusdyr.
3. Mähribandyr, Rehim-şepagatlydyr.
4. Din gününiň Eýesidir.
5. Biz diňe Saňa ybadat edýäris we diňe Senden kömek soraýarys!
6. Bizi dogry ýola gönükdir!
7. Gazaba sezewar bolanlaryň we azaşanlaryň däl-de, Öz nygmat berenleriň ýoluna.



Kuran, "Açyjy" surasy.

Bu baýram Saud Arabystan, Katar ýurtlarynda döwlet tarapyndan gadagan edilen. Köp islam alymlary(ulämä) muňa garşy, onuň esasy sebäbi hem bu dine täze girizilen zat(bida).[1][2][3][4][5] Islam teologlarynyň köpüsi Muhammed pygamberiň doglan gününi bellemek däbini gadagan edilen täzelik hasaplaýarlar (bid'a). Mewlid baýramyna garşy çykýanlaryň esasy argumenti, bu baýramçylyk hakda ne Kuranda, ne-de islam kanunlarynyň esasy çeşmesi bolan sunnätdä hiç zat aýdylmaýar. Mundan başga-da, Muhammed pygamberiň sahabalary doglan gün belländiklerini görkezýän hiç zat aýdylmaýar. Munuň tersine, Muhammed pygamberiň köp hadyslaryna görä, pygamber islamdan ozal araplar tarapyndan bellenilýän ähli baýramçylyklary ýatyrandygy we musulmanlara diňe agyz beklemek we gurban bermek baýramyny bellemegi buýurýandygy aýdylýar. Tanymal islam alymy we teolog Mälik ibn Änäs (Mäliki mezhäbiniň düýbüni tutujy) dindäki täzelikler barada şeýle diýdi:

"Irki musulmanlar üçin diniň bir bölegi bolmadyk zat şu günki gün hasap edilmeli däldir."

Eger-de Muhammed pygamberi kim has gowy görýär? diýen sorag bolsa onda hökman onuň sahabalary diýse dogry bolar. Sebäbi Muhammed pygamberiň döwründe oňa kömek edenler, onuň ýoluny(sunnät) tutanlar şolardy. Muhammed pygamber dünýeden geçenden soňrada dinde berk durup dünýä ýüzüni dine çagyran, dini öwreden we din ýolunda söweşen şolardy.

Aýt: "Eger Allahy söýýän bolsaňyz, maňa tabyn boluň! Alla hem sizi söýer we günäleriňizi bagyşlar. Alla Bagyşlaýjydyr, Rehim-şepagatlydyr".



Kuran, "Imranyň maşgalasy" surasy, 31-nji aýat.

Bu baýramçylyk edil hristianlaryň "Christmas Day" baýramy ýalydyr. Muhammed pygamber ﷺ aýtdy:

Hristianlaryň Isa ibn Merýemi öwüşleri ýaly meni öwmäň, men diňe Onuň guly. Şeýlelik bilen aýdyň: Allahyň guly we ilçisi "

(Buhari hadysy ýygyndysy. No.1373 (3445).)

Şeýle-de

düzet

Salgylanmalar

düzet
  1. Mewlid - Muhammed pygamberiň ﷺ doglan güni? IslamHouse.com sahypasynda
  2. "Al-Igtisam", 1/64
  3. "Şarh al-arba'un" 24
  4. "Mufhim".
  5. Как ему быть со своей семьей, которая отмечает день рождения пророка /мавлид/ и обижает его словами из-за того, что он не участвует в этом