Nury Meredow

Akmuhammet Ödebaýew

Nury Meredow (bilinýän ady bilen Kasoý; 29-njy mart 1973 — 5-nji dekabr 2010, Aşgabat) — türkmen estrada we halk bagşysy. Türkmenistanda ilkinji gezek geçirlen "Ýaňlan Diýarym" bäsleşiginiň ýeňijisi (1992 ý.).

Nury Meredow

Nury Meredow türkmen milli egin-eşiginde
Doglan wagty we ýeriMart 29, 1973(1973-03-29)
Köşi obasy (häzirki wagt Aşgabat şäheriniň bir bölegi)
Aradan çykan wagty we ýeriDekabr 5, 2010(2010-12-05) (38 ýaş)
Aşgabat şäheri, Türkmenistan
GuburySeýit Jemaleddin öwülýäsi, Akbugdaý etraby, Türkmenistan
Galam adyNury kasoý
KäriBagşy
Dilitürkmençe
MilletiTürkmen
RaýatlygyTürkmenistan
Periýod1990-2010
Esasy baýraklaryÝaňlan Diýarym
Ýanýoldaş(lar)yMerjen Meredowa (02.12.1992-nji ýylda toý edýärler)
ÇagalaryDidarmuhammet Meredow,Hezretmuhammet Meredow

Şahsy durmuşy we kariýerasy

düzet

Nurmuhammet Meredow 1973-nji ýylyň 29-njy martynda Aşgabat şäheriniň Köşi obasynda eneden dogulýar. Ol 1992-nji ýylyň dekabr aýynyň 2-ne Ogulmerjen Meredowa bilen toý edip durmuş gurýar. Onuň Didarmuhammet (1998) we Hezretmuhammet (2001) atly ogly hemem Dünýä atly (2003) gyzy bar. Onuň ogullary Didarmuhammet we Hezretmuhammet kakasynyň ýollaryny dowam etýärler. Didarmuhammet şu wagt Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda bilim alýar.

Aradan çykmagy

düzet

Nurmuhammet Meredow 2010-njy ýylyň 5-nji dekabrynda 38 ýaşynyň içinde aradan çykdy. Bagşy 6-njy dekabrda Ak bugdaý etrabynyň Magtymguly daýhan birleşigindäki Seýit Jemaleddin öwlüýäsinde jaýlandy. Nurmuhammet aramyzdan ir giden bolsada onuñ aýdan aýdymlary häzirki wagtda-da halk arasynda giñden diñlenilýär we ýaş bagşylaryñ arasynda toýlarymyzda hem aýdylýar.[1]

Aýdymlary we diskografiýasy

düzet

Nury Meredowyň aýdymlary türkmenleriň arasynda giňden diňlenilýär. Onuň aýdymlarynyň köp bölegi Türkmenistanyň aýdym saýty bolan Aydym.com-da hem ýerleşdirilipdir. Nury Meredowyň aýdymlary onuň ýogalmagyndan 10 ýyl geçendigine seretmezden, 2020-nji ýylda onuň "Biwepa", "Bileje okan gyzlarym", "Klasdaş", "Merjenim" aýdymlary Aydym.com saýtynyň iň köp diňlenýän 200 aýdymynyň arasyna girmegi başardy[2]. Onuň Aydym.com saýtynda hasaba alynan aýdymlarynyň sanawy:

Nury Meredowyň jemi 47 albomy we 380-den gowrak aýdymynyň bardygy aýdylýar[3].

Lakamy

düzet

Nury Meredowyň gözi dar, gysga bolany üçin, oňa heniz çagalyk döwründen, rus dilinde çaşy, gyşyk diýen manyny berýän: "Kasoý" (rus. косой) lakamy dakylypdyr. Bu lakama halypa Nury hiçem gaty görmezdi we şol lakamy bilen hem, ol halk içinde belli boldy.Nury Meredow türkmen bagşylaryñ içinde iñ tanalýanydyr.


Salgylanmalar

düzet


  1. w
  2. "Aydym.com - iň köp diňlenen aýdymlar - 2020. Aşgabat/Türkmenistan.". Archived from the original on 2020-04-22. Retrieved 2020-04-17. 
  3. Aydym.com - Nury Meredowyň hemme aýdymlary. 2020 ýyl. Aşgabat/Türkmenistan.