Piri Reýis
Bu makalada hiç bir maglumat hakynda salgylanma ýok. |
Piri Reýis (doly ady Hajy Muhiddin Piri Ibn Hajy Mehmet) (1465 töweregi –1554 ýa-da 1555) — Türkiýäniň Egeý kenarýakasyndaky Gallipoli (türkçe Gelibolu) şäherinde 1465-1470-nji ýyllar aralygynda doglan osmanly admiraly, geografy hem-de kartografydyr.
Ol häzirki döwürde esasan hem özüniň Kitab-ı Bahriye (Deňizçilik kitaby ýa-da Nawigasiýa kitaby) atly eserinde jemlän kartalary hem-de çyzgylary bilen tanalýar. Ol kitap nawigasiýa baradaky jikme-jik maglumatlary, şeýle hem Ortaýer deňziniň ähmiýetli portlarynyň we şäherleriniň iňňän takyk çyzgylaryny özünde jemleýär. Piri Reis özüniň (1513-nji ýylda taýýarlan) ilkinji Dünýä kartasynyň kiçijik bölegi 1929-njy ýylda Stambul şäherindäki Topkapy köşgünde üstüniň açylmagy bilen kartograf hökmünde hem uly meşhurlyga eýe boldy. Bu ýerde iň haýran galdyran zat bir osmanly kartasynda Amerika materiginiň bar bolmagydy. Bu karta şol wagta çenli Amerikanyň türkler tarapyndan çyzylan ilkinji kartasy bolup durýar. Amerikanyň ilkinji kartasy bolsa, losman we kartograf Juan de la Cosa tarapyndan 1500-nji ýylda çyzylypdy we ol häzirki wagtda Madriddäki deňiz muzeýinde (Museo Naval) saklanylýar.
Emma welin, Piri Reisiň ilkinji dünýä kartasynyň (1513) iň täsin galdyrýan tarapy – kontinentleriň ýerleşişlerini (aýratyn hem Afrika bilen Günorta Amerikanyň arasyndaky gatnaşygy) onuň ýaşan döwri üçin deňsiz-taýsyz derejede takyk kesgitlemegi bolup durýar. Hatda ondan onlarça ýyl soňra çyzylan kartalarda hem şeýle takyk oriýentasiýalar we proporsiýalar bolmandyr; şeýle ýokary hili Piri Reisiň Kitab-ı Bahriye (Nawigasiýa kitaby) atly eserindäki beýleki kartalarynda hem görmek mümkindir. Piri Reisiň kartasy Demirgazyk tropik giňişliginde Sahara çölüne konsentrirlenýär.[1]Kontinentiň resmi taýdan açylmagyndan üç asyr çemesi ozal çyzylandygyna garamazdan, käbir alymlar, şol sanda professor Charles H. Hapgood, Piri Reisiň kartasynyň Antarktikanyň saklanyp galan iň gadymy kartasydygy baradaky pikiri öňe sürýärler[2][3].
1528-nji ýylda Piri Reis ikinji dünýä kartasyny çyzýar. Ol kartanyň Grenlandiýany we Demirgazyk Amerikany, demirgazyk tarapda Labrador bilen Newfoundlanddan başlap, günorta tarapda Floridany, Kubany hem-de Merkezi Amerikanyň böleklerine çenli görkezýän kiçijek bölegi heniz hem saklanýar.
Ömür beýany
düzetPiri şol döwrüň tanymal deňizçisi bolan daýysy Kemal Reisiň yzyna eýerip, ýaş ýigdekçekä 1481-nji ýylda osmanly flotunyň hyzmatyna girýär. Ol ençeme ýyllaryň dowamynda ispan, genuýa hem-de wenesiýa flotlaryna garşy söweşlere, şol sanda 1499-njy ýylda Zonchio söweşine we 1500-nji ýylda Modon söweşine gatnaşýar. Daýysy Kemal Reis 1511-nji ýylda aradan çykansoň, Piri Gallipolä gaýdyp gelýär we Kitab-ı Bahriye (Nawigasiýa kitaby) atly eserini ýazmaga başlaýar. Ol öz ýygnan 20 çemesi irki döwre degişli kartadyr çyzgysyna, şol sanda daýysy Kemal Reisiň 1501-nji ýylda içinde Kolumbyň ekipažynyň birnäçe agzasynyň hem bar bolan ýedi sany ispan gämisini Valencia şäheriniň kenarýakasynda ele salan mahaly tapan Hristofor Kolumbyň öz eli bilen çyzan kartalaryna esaslanyp, 1513-nji ýylda özüniň ilkinji dünýä kartasyny işläp düzýär.
1516-njy ýylda Piri Reis osmanly flotunda gämi kapitany bolup, gaýtadan açyk deňze çykýar. Ol Müsür döwletine garşy guralan 1516-17-nji ýyllardaky kampaniýa gatnaşýar we 1517-nji ýylda özüniň dünýä kartasyny soltan Selim I-ä görkezmegi başarýar. 1521-nji ýylda bolsa ol Kitab-ı Bahriye eserini ýazyp gutarýar. 1522-nji ýylda Piri Reis Keramatly Jonuň rysarlaryna garşy alnyp barlan Rodosyň gabawyna gatnaşýar. Gabaw 1522-nji ýylyň 25-nji dekabrynda osmanlylara boýun egmegi we rysarlaryň 1523-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda Rodos adasyndan hemişelik gitmegi bilen gutarýar. 1524-nji ýylda ol osmanly baş weziri (sadrazamy) Makbul Ibrahim Paşany Müsüre alyp giden gämä kapitanlyk edýär. Ol baş weziriň maslahatyna gulak asyp, kitabyny gaýtadan redaktirleýär we ony 1525-nji ýylda soltan Ajaýyp Süleýmana hödürleýär. Şondan üç ýyl geçensoň Piri Reis özüniň ikinji dünýä kartasyny Süleýman I-ä hödürleýär.
1547-nji ýylda Piri reis (admiral) çinini alýar. Ol Hindi okeanyndaky osmanly flotuna komanda edýärdi, şeýle hem Suesde ýerleşýän Müsür flotunyň admiraly bolup durýardy. 1548-nji ýylyň 26-njy fewralynda ol Aden şäherini portugallardan gaýtaryp alýar, 1552-nji ýylda bolsa Portugaliýanyň 1507-nji ýyldan bäri elinde saklaýan Maskat şäherini Kiş adasy bilen bilelikde eýeleýär. Piri Reis has gündogar tarapa ýüzüp, Pars aýlagynyň girelgesindäki Hormuz bogazynda ýerleşýän Hormuz adasyny basyp alýar. Portugallar ähli ünsüni Pars aýlagyna jemlän mahally bolsa, Piri Reis Katar ýarymadasyny hem-de Bahreýn adasyny eýeläp, olary Arabystan ýarymadasynyň amatly bazalaryndan mahrum edýär.
Ahyrsoňy Piri Reis 90 ýaşy arka atyp, Müsüre dolanyp geldi. Demirgazyk Pars aýlagynda portugallara garşy ýene bir kampaniýa gatnaşmaklykda Basranyň häkimi Kubat Paşany goldamakdan ýüz öwrenligi sebäpli, 1554-nji ýa-da 1555-nji ýylda köpçüligiň öňünde Piri Reisiň kellesi alyndy.
Türk flotunyň birnäçe harby hem-de suwasty gämisi Piri Reisiň adyny göterýär.
Kitab-ı Bahriye (Nawigasiýa kitaby): 1521 we 1525
düzetKitab-ı Bahriye modern döwürden öňki nawigasiýa baradaky iň meşhur kitaplaryň biridir. Bu kitap Ortaýer deňziniň esasy portlary, buhtalary, aýlaglary, burunlary, ýarymadalary, adalary, bogazlary we amatly düşelgeleri, şeýle-de nawigasiýanyň metodikasy barada jikme-jik maglumatlary hem-de astronomiýa barada nawigasiýa degişli meseleleri özünde jemleýär. Munuň hem daşyndan kitapda her bir ýurduň, şäheriň ýerli ilaty we olaryň medeniýetleriniň geň-enaýy aýratynlyklary hakda gürrüň berilýär. Kitab-ı Bahriye ilki bilen 1511-1521-nji ýyllar aralygynda ýazyylýar, ýöne soňra Ajaýyp Süleýmana sowgat etmeklik maksady bilen ol 1524-1525-nji ýyllarda ýaňadan gözden geçirilip, goşmaça maglumatlar we has kämil kartalar girizilýär. Piri Reis bu kartalary öz daýysy Kemal Reis bilen Ortaýer deňzinde syýahat eden wagtlarynda çyzypdyr. 1525-nji ýylda gözden geçirilen täze neşir jemi 434 sahypadan ybarat bolup, 290 sany kartany özünde jemleýär.
Kitab-ı Bahriye iki sany esasy bölümden durýar. Birinji bölüm harasatlaryň görnüşleri baradaky maglumatlara, kompas ulanmaklygyň usullaryna, portlar hem-de kenarýakalar barada jikme-jik maglumatlary, ýyldyzlardan peýdalanyp ugur tapmaklygyň ýollary, esasy okeanlaryň we olaryň daşyny gurşap alýan gury ýer bölekleriniň bolan häsiýetleri bolan düşündirişli kartalara bagyşlanypdyr. Hristofor Kolumbyň Täze Dünýädäki açyşlaryna, Vasco da Gamanyň we beýleki Portugal deňizçileriniň Hindistana we Aziýanyň galan bölegine tarap ümzük atyp barýarkalar eden açyşlaryna kitapda ýörite orun berlipdir.
Ikinji bölüm tutuşlygyna düşündirişli kartalardan we deňizçilik gollanmalaryndan düzülýär. Her bir tema bir adanyň ýa-da kenarýakanyň kartasy özünde jemleýär. Birinji kitapda (1521), bu bölümde jemi 132 sany düşündirişli karta bolan bolsa, onda ikinji kitapda (1525) bu san jemi 210-a baryp ýetýär. Ikinji bölüm Dardanel bogazynyň düşündirilmegi bilen başlaýar we Egeý deňziniň , Iýoniýa deňziniň, Adriatik deňziniň, Tirren deňziniň, Liguriýa deňziniň adalary hem-de kanarýakalary, fransuz Riwýerasy, Balear adalary, Ispaniýanyň kenarlary, Gibraltar bogazy, Kanar adalary, Demirgazyk Afrikanyň kenarlary, Müsür hem-de Nil derýasy, Lewant we Anatoliýanyň kenarýakalary bilen dowam edýär. Şeýle hem, bu bölümde her bir şäheriň meşhur ýadygärlikleridir ymaratlarynyň suratlandyrmalary we çyzgylary bilen bir hatarda Piri Reisiň öz terjimehaly hem ýerleşdirilipdir. Ol ýerde Piri Reis bu kartalary neme üçin ýekeje uly kartada däl-de aýratyn kitap hökmünde jemländiginiň sebäplerini tükelleýär. Onça maglumaty we detallary ýeke karta sygdyryp bolmajakdygyny belleýär.
Häzirki döwürde Kitab-ı Bahriyäniň nusgalary dünýäniň ençeme kitaphanalarydyr muzeýlerinde saklanýar.
Birinji neşiriň (1521) nusgalary Stambul şäherindäki Topkapy köşgünde, Nuruosmaniýe we Süleýmaniýe kitaphanalarynda, Bologna uniwersitetiniň kitaphanasynda, Wena şäherindäki Milli kitaphanada, Drezden Döwlet Kitaphanasynda, Pariž Milli Kitaphanasynda, London şäherindäki Britan Muzeýinde, Oxford şäherindäki Bodleian kitaphanasynda we Baltimor şäherindäki Walters Sungat Muzeýinde saklanylýar.
Ikinji neşiriň (1525) nusgalary Stambul şäherindäki Topkapy köşgünde, Köprülüzade Fazyl Ahmed Paşa we Süleýmaniýe kitaphanalarynda hem-de Pariž Milli Kitaphanasynda saklanylýar.
Çeşmeler
düzet- ↑ Soucek, S. “Islamic Charting in the Mediterranean,” In J.B. Harley and D. Woodward, eds.[I] Cartography in the Traditional Islamic and South Asian Societies[/I]. Vol. 2, book 1, 263-272. 1992. Chicago: University of Chicago Press
- ↑ Hapgood, Charles H.: "Maps of the Ancient Sea Kings: Evidence of Advanced Civilization in the Ice Age"
- ↑ "Hoye, Paul F.; and Lunde, Paul: "Piri Reis and the Hapgood Hypotheses"". Archived from the original on 2012-08-29. Retrieved 2008-12-27.
Kitab-y Bahriye surat galereýasy
düzetKitab-ı Bahriyäniň iki neşiriniň (1521 we 1525) hem käbir kartalary aşakda görkezilýär:
-
Dardanel bogazy we the Saros aýlagy
-
Katapola Bay in Amorgos
-
Marseilles and Toulon
-
Kaş and Kastelorizo