S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen Oba Hojalyk Uniwersiteti

Saparmyrat Ataýewiç Nyýazow adyndaky Türkmen Oba Hojalyk Uniwersiteti ýa-da S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen Oba Hojalyk Uniwersiteti ýa-da diňeje Oba Hojalyk uniweristeti Türkmenistanda iň uly ýokary okuw jaýlarynyň biri. Uniwersitet ekerançylyk ugruna ýöriteleşdirilen. Uniwersitet Türkmenistanyň birinji Prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň adyny göterýär.

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen Oba Hojalyk Uniwersiteti
GörnüşDöwlet uniwersiteti
Gurulan ýyly1930
Ozalky ady(atlary)oba hojalyk instituty(1998-nji ýyla çenli)
Fakultetler6
kafedra16
salgy744012, 143, (Görogly) köçesi 2009, Aşgabat ş ,  Turkmenistan

Taryhy düzet

1930-njy ýylda Aşgabat şäherinde Oba Hojalyk instituty ady bilen açylýar.

1998-nji ýyla çenli institutyň ady Mihail Kalinin diýlip atlandyrylýar. 1998-nji ýylda uniwersitet statusy berilýär we ady şu wagtky adyna üýtgedilýär.

2012-nji ýylda CLAAS ady bilen türgenleşik okuw merkezi açylýar.[1]

Fakultetler we kafedralar düzet

Uniwersitetiň 6 fakulteti we 16 kafedrasy bar. Uniwersitetdäki alymlaryň käbir ýerine ýetirýän işleri:

  • pagtanyň we dänäniň ýokary hasylyny almak üçin gowaçany we bugdaýy ösdürip ýetişdirmegiň täze tilsimaty;
  • tohumçylyk; ýüpekçilik; mallaryň önümliligini ýokarlandyrmak we olaryň keselleriniň garşysyna göreşmek;
  • suwy dolandyryş desgalarynyň, Garagum derýasynyň, "Altyn asyr" Türkmen kölüniň gurluşyny hem-de ulanylyşyny kämilleşdirmek;
  • suwy tygşytly ulanmagyň ähmiýetli usullaryny önümçilige ornaşdyrmak;
  • oba hojalyk tehnikalaryny ygtybarly ulanmak we olary aýawly saklamak;
  • maldarçylyk we ekerançylyk önümlerini gaýtadan işlemek.[2]
Tertip Nr Fakultetler Kafedralar
1. Oba hojalyk tehnikalary fakulteti Ýokary derejeli tehnikalar kafedrasy

Tehnologiki enjamlary abatlamak kafedrasy

2 Mirapçylyk we suw gurluşygy fakulteti Mirapçylyk kafedrasy

Suw desgalarynyň gurluşygy kafedrasy
Ýer serişdeleri kafedrasy

3 Pagtaçylyk fakulteti Pagtaçylyk kafedrasy

Tutçylyk we pileçilik kafedrasy

4 Däneçilik fakulteti Däneçilik kafedrasy

Bagbançylyk we gök ekerançylyk kafedrasy

5 Maldarçylyk fakulteti Mallary köpeltmek we idetmek kafedrasy

Mallaryň keselini anyklamak we bejermek kafedrasy

6 Oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek fakulteti Oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek kafedrasy

Tebigy süýmleri egirmek kafedrasy
Mata önümçiligi we tikinçilik kafedrasy

7 Rektorlygyň ýanynda Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň Mukaddes Ruhnamasy kafedrasyÇeşme gerek

Kompýuter tehnologiýasy kafedrasy

Çeşmeler düzet

  1. "Открылся учебный центр компании «CLAAS»". Altyn Asyr. Archived from the original on 4 March 2016. Retrieved 21 November 2012. 
  2. "S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti". Ylymlar akademiýasy. Archived from the original on 2017-07-31. Retrieved 2018-05-18.