S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen Oba Hojalyk Uniwersiteti
Saparmyrat Ataýewiç Nyýazow adyndaky Türkmen Oba Hojalyk Uniwersiteti ýa-da S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen Oba Hojalyk Uniwersiteti ýa-da diňeje Oba Hojalyk uniweristeti Türkmenistanda iň uly ýokary okuw jaýlarynyň biri. Uniwersitet ekerançylyk ugruna ýöriteleşdirilen. Uniwersitet Türkmenistanyň birinji Prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň adyny göterýär.
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen Oba Hojalyk Uniwersiteti | |
Görnüş | Döwlet uniwersiteti |
---|---|
Gurulan ýyly | 1930 |
Ozalky ady(atlary) | oba hojalyk instituty(1998-nji ýyla çenli) |
Fakultetler | 6 |
kafedra | 16 |
salgy | 744012, 143, (Görogly) köçesi 2009, Aşgabat ş , Turkmenistan |
Taryhy
düzet1930-njy ýylda Aşgabat şäherinde Oba Hojalyk instituty ady bilen açylýar.
1998-nji ýyla çenli institutyň ady Mihail Kalinin diýlip atlandyrylýar. 1998-nji ýylda uniwersitet statusy berilýär we ady şu wagtky adyna üýtgedilýär.
2012-nji ýylda CLAAS ady bilen türgenleşik okuw merkezi açylýar.[1]
Fakultetler we kafedralar
düzetUniwersitetiň 6 fakulteti we 16 kafedrasy bar. Uniwersitetdäki alymlaryň käbir ýerine ýetirýän işleri:
- pagtanyň we dänäniň ýokary hasylyny almak üçin gowaçany we bugdaýy ösdürip ýetişdirmegiň täze tilsimaty;
- tohumçylyk; ýüpekçilik; mallaryň önümliligini ýokarlandyrmak we olaryň keselleriniň garşysyna göreşmek;
- suwy dolandyryş desgalarynyň, Garagum derýasynyň, "Altyn asyr" Türkmen kölüniň gurluşyny hem-de ulanylyşyny kämilleşdirmek;
- suwy tygşytly ulanmagyň ähmiýetli usullaryny önümçilige ornaşdyrmak;
- oba hojalyk tehnikalaryny ygtybarly ulanmak we olary aýawly saklamak;
- maldarçylyk we ekerançylyk önümlerini gaýtadan işlemek.[2]
Tertip Nr | Fakultetler | Kafedralar |
---|---|---|
1. | Oba hojalyk tehnikalary fakulteti | Ýokary derejeli tehnikalar kafedrasy Tehnologiki enjamlary abatlamak kafedrasy |
2 | Mirapçylyk we suw gurluşygy fakulteti | Mirapçylyk kafedrasy Suw desgalarynyň gurluşygy kafedrasy |
3 | Pagtaçylyk fakulteti | Pagtaçylyk kafedrasy Tutçylyk we pileçilik kafedrasy |
4 | Däneçilik fakulteti | Däneçilik kafedrasy Bagbançylyk we gök ekerançylyk kafedrasy |
5 | Maldarçylyk fakulteti | Mallary köpeltmek we idetmek kafedrasy Mallaryň keselini anyklamak we bejermek kafedrasy |
6 | Oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek fakulteti | Oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek kafedrasy Tebigy süýmleri egirmek kafedrasy |
7 | Rektorlygyň ýanynda | Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň Mukaddes Ruhnamasy kafedrasyÇeşme gerek Kompýuter tehnologiýasy kafedrasy |
Çeşmeler
düzet- ↑ "Открылся учебный центр компании «CLAAS»". Altyn Asyr. Archived from the original on 4 March 2016. Retrieved 21 November 2012.
- ↑ "S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti". Ylymlar akademiýasy. Archived from the original on 2017-07-31. Retrieved 2018-05-18.
Bu uniwersitet makala ownuk makaladyr. Ony üýtgetmek hem-de ösdürmek arkaly Wikipediýa kömek edip bilersiňiz. |
Bu bilim makala ownuk makaladyr. Ony üýtgetmek hem-de ösdürmek arkaly Wikipediýa kömek edip bilersiňiz. |
Bu guramasy ylymly, guramasy sosial ylym, guramasy bilim, guramasy biologiýa we guramasy geologiýa makala ownuk makaladyr. Ony üýtgetmek hem-de ösdürmek arkaly Wikipediýa kömek edip bilersiňiz. |
Bu sosiologiýa makala ownuk makaladyr. Ony üýtgetmek hem-de ösdürmek arkaly Wikipediýa kömek edip bilersiňiz. |